Aşgabatda «TIF 2024» maýa goýum forumy we sergi geçiriler

11 Awgust 2024
118

19-20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda geçiriljek

«TIF 2024» forumy ýurdumyzyň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmek üçin iň möhüm halkara platforma bolar. Bu çäre Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralýar. Bu forum Türkmenistanyň dürli maýa goýum mümkinçiliklerini hödürläp, göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çalt çekmek baradaky tekliplere garamak we sebitleýin taslamalary goşmak bilen bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegini öwrenmeklige gönükdirilendir. Şeýle hem bu forum ýurduň eksport mümkinçiliklerini ösdürmäge, ýerli we daşary ýurtly telekeçileriň, maýadarlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşar. Mundan başga-da, sanly ulgamyň ösüşine we sirkulýar ykdysadyýete geçmek üçin mümkinçilikleri döreder.

Şamuhammet AMANSEÝIDOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar