Türkmen türgenleri Pariž olimpiadasynda

24 Iýul 2024
157

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin parahatçylygyň we abadançylygyň ilçisi bolan sportuň hem sport diplomatiýasynyň aýratyn orny bardyr. Umumadamzat bähbitli durnukly ösüşiň maksatnamalaryny goldamak bilen, biziň ýurdumyz Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we sebit guramalary bilen giň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu günki günde türkmen türgenleri Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny has-da şöhratlandyrarlar.

Pariž şäheri bir asyr arakesmeden soň, tomusky Olimpiýa oýunlaryny kabul eder. Häzirki wagtda Ýer ýüzüniň sport janköýerlerini özüne çekýän, dört ýyldan bir gezek geçirilýän tomusky Olimpiadasy bosagada dur. Bu sport baýramçylygy dünýä halklarynyň arasynda dostlugy, parahatçylygy we jebisligi pugtalandyrar. Şeýle hem dünýäniň iň bir naýbaşy oýunlaryna türkmen türgenleriniň gatnaşmagynyň özi hem tolgundyryjy. Elbetde, bularyň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän bitewi we strategik döwlet syýasaty durandyr. Esasan hem ata Watanymyz Türkmenistan iri halkara we sebitara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýakynda hem paýtagtymyz Aşgabada «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýen derejesiniň berilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Şeýle mümkinçiliklerden ruhlanýan türkmen türgenleri birnäçe sebit we halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterýärler.

«Esger».
Beýleki habarlar