''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Okuwçylara dil öwretmegiň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Öňdebaryjy usullar yzygiderli ornaşdyrylyp, ulgamyň işini döwrebaplaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak bilim ulgamynda esasy ugurlaryň biridir. Şeýle asylly maksatlar bilen giň gerimli işler amala aşyrylýar, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Şonuň netijesinde hem, her bir geçilýän sapaklar usulyýetiň döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem sapaklarda döwrebap kompýuterlerden, multimedia tagtalardan, lingafon otaglardan peýdalanylýar. Munuň özi sapagyň guralyşynyň döwrebaplygyny, kämilligini aýdyň beýan edýär. Bu bolsa zehinli ýaşlaryň kemala gelmegine, dünýägaraýyşlarynyň ösmegine oňat täsir edýär. Orta mekdepleriň 3-nji synp okuwçylaryna rus dili sapagy geçilýär we sapakda olaryň rus dilinde okap bilmekleri üçin başlangyç düşünjeler berilýär. Şunda rus dili sapagy üçin kitapda dürli ýeňil tekstler berilýär, harplary tanamaklary üçin ýeňillikli usullar görkezilýär. Sapakda geçilýän mowzugyň okuwçylara düşnükli bolmagy üçin döwrebap usullardan peýdalanmak bolar, ýagny okuw kitabyndan, multimedia tagtasyndan we şekilli görnüşlerden peýdalanylsa, oňat netijeleri berýär.

Bilim we terbiýe

Ýaşlaryň döwrebap bilim alyp, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmeklerinde mugallymyň aýratyn orny bar. Mugallymlar ýaşlaryň Watanyny söýýän, halkymyza, ene-atasyna, ula hormat goýýan, kiçini sylaýan, eli hünärli bolup ýetişmekleri üçin dürli iş usullaryny utgaşykly alyp barýarlar. Ýaşlar bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleri asylly ýörelgelerden ugur alýar. Bu işde mekdep bilen maşgalanyň jebis aragatnaşyk saklamagy möhümdir. Her bir mugallymyň okadýan dersini we ony okatmagyň usulyýetini ýokary derejede bilmegi onuň hünär ussatlygyny kesgitleýän esasy görkezijileriň biri hasaplanylýar. Mugallym sapagy guramak bilen birlikde, terbiýeçilik işlerine hem ýolbaşçylyk edýär. Okuwçylaryň döredijilik başlangyçlaryny kemala getirýär we ösdürýär. Mugallym okatmagyň didaktikada göz öňüne tutulan dürli usullaryndan ýerlikli peýdalanyp, sapagyny gyzykly guramagy başarmalydyr. Çagalara bilim mugallym tarapyndan berilýän hem bolsa, terbiýeçilik işi ata-ene, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alnyp barylýar. Şonuň üçin mekdeplerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerini maşgaladan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Berilýän bilimdir terbiýe şahsyýetiň şahsy aýratynlygyny kemala getirýär. Şonuň üçin okuw-terbiýeçilik işi diňe bir o

Dil bilen dünýäni açar

Ylym adamy bagta ýetirýän baýlyk, ösüşlere eltýän gymmatlykdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Diýarymyzda bagtyýar ýaşlarymyzyň her biriniň şol arzyly baýlyga eýe bolmagy, ylym hazynasyndan ýeterlik paýyny almagy ugrunda ähli zerur şertler, döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Şunda ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini öwrenmegine-de möhüm üns berilýär. Çünki dil bilmek ýaşlar üçin dünýä ylmyna aralaşmagyň, häzirki zaman tehnologiýalary, innowasiýalar baradaky täzeliklerden dessin habarly bolup, döwür bilen aýakdaş gitmegiň wajyp şertleriniň biridir. Bu babatda ýurdumyzda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen halky hemişe-de ýaş nesilleriniň sowatly bolmagy, hünär öwrenmegi, şonuň bilen birlikde, dil bilmegi babatda tagallasyny-da, serişdesini-de gaýgyrman, ýaşlary kämil şahsyýetler edip terbiýeläp ýetişdirmek meselesinde muny esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitläpdir. Baryp birnäçe müň ýyl mundan ozal nesilbaşymyz Oguz han Türkmen hem nesillerine bilimiň uly baýlykdygyny nygtap, oňa eýe bolmak üçin dil öwrenmegi ündäpdir. Halkymyzyň paýhas hazynasynda

Saz-söhbetli dabara

Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdepde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli saz-söhbetli dabara geçirildi. Diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, tutuş Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli guralan şeýle çäre ilkinji gezek däldir. Mekdebimizde dana şahyrymyzyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we wagyz etmek maksady bilen baý mazmunly çäreleriň uly toparyny geçirmek meýilleşdirildi. Şolaryň birnäçesi eýýäm geçirildi. Olara ýaşlarymyz uly höwes bilen gatnaşdylar. Magtymguly Pyragynyň watançylyk we öwüt-nesihat beriji goşgulary ýaş nesle aýratyn ýakymly täsirini ýetirýär.

Sanly bilim ulgamy – täze mümkinçilikleriň sazlaşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de belent derejelere ýetirmekde öňde durýan wezipeler, il-ýurt bähbitli wajyp işler, gazanylýan üstünlikler bilen geljege has ynamly gadam urmaga borçlandyrýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan işler aýratyn hem ýaş nesle çuňňur ylym, bilim bermekde öz beýanyny tapýar. Bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi bolsa, ilkinji nobatda, ussat, başarjaň, kämil hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny ýüze çykarýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler has-da ýokarlanyp, uly rowaçlyklara beslenýär. Munuň özi her bir adamda asylly maksatlaryň bolmagyny, olaryň kämilligiň belentliklerine, üstünliklere ýetmegini, täze bilimleri yzygiderli özleşdirmegini şertlendirýär. Kämil bolmak üçin yzygiderli okamak, tejribe alyşmak, özara maslahatlaşmak, işiňe döredijilikli çemeleşmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz: “Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ý

Bilim ulgamynyň innowasion ösüşi - kämil geljegiň binýady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem innowasion we tehnologiki esasda ösdürilýär. Häzirki döwürde kompýuter tehnologiýasynyň ösmegi bilen maglumat alyş-çalşygy täze many-mazmuna eýe boldy. Çünki häzirki döwürde maglumat we aragatnaşyk ulgamy, kompýuter tehnologiýasy uly ösüşlere eýedir. Ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, okatmagyň häzirki döwre laýyk täze usullaryny işläp düzmek, halkara tejribesini ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly sanly hyzmatlary hödürlemegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün edilýär. Sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, sanly hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda, sanly maglumat gorunyň alnyp barylýan işlerde hemmeler üçin elýeterliligini üpjün etmekde hem-de sanly ulgamy yzygiderli kämilleş

Bilimler mekany

Ählimize mälim bolşy ýaly, eziz Watanymyz bilimler mekanydyr. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesliň döwrebap bilim almagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary netijesinde bu gün ýurdumyzyň geljegi bolan ylymly, bilimli, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlar kemala gelýär. Ýürekleri okamaga, öwrenmäge bolan höwesden, eziz Diýarymyzyň beýik ösüşlerine özleriniň mynasyp goşandyny goşmaga hyjuwdan pürepür ýaşlar häzirki zaman tehnologiýalardan baş çykaryp, döwür bilen deň gadam urýarlar. Geçen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin giň gerimli mümkinçiliklere baý boldy. Ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemäge, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bu ýylda alnyp barlan işler hakynda hormatly Prezidentimiziň fewral aýynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýratyn durlup geçildi. Hasabatlardan mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde täze bilim edaralarynyň ençemesi, tutuş ýurdumyz boýunça çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň onlarçasy açyldy. Ýokary bilim ojaklarynyň ikisinde ÝUNESKO kafedralary, 3 sany ýokary hünär bilim edarasynda ÝUNESKO klublary açyldy. 6 sany orta mekdep bolsa bu guramanyň Assosirlenen mekdepler t

Harby okuwçylarymyzyň üstünlikleri

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron hyzmatlary ulanmagyň gerimini giňeltmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bütin dünýäde bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda hem döwrebap tilsimatlardan we tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak, şeýle hem onuň mümkinçiliklerini ykdysady kuwwatymyzy artdyrmaga gönükdirmek şu günüň gaýragoýulmasyz meseleleridir. Şeýlelikde, ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlaryny täze we kämil tehnologiýalara geçirmek, önümçilige ylmy işleri ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, islendik ýurduň ösüşi, esasan, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenilýär. Ýakynda TGM-niň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinden harby okuwçylarymyz Akmyrat Jumamyradow, Meret Döwletow we Alişer Azadow hem-de Nuralin Abdullaýew «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň şäher tapgyryna öz taslamalary bilen gatnaşyp, baýrakly 2-nji orna mynasyp bolmagy başardylar.

Magtymguly Pyragy — Watansöýüji şahyr

Ýakynda şeýle at bilen TGM-niň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeni çäre guraldy. Oňa harby okuwçylar bilen birlikde welaýat çagalar kitaphanasynyň, çeperçilik mekdebiniň işgärleri hem gatnaşdylar. Çärede harby mekdebiň mugallymy Bahargül Mätdurdyýewa çykyş edip, akyldar şahyryň ömri we döredijiligi barada gürrüň etdi. Kitaphanaçylar bolsa Magtymguly atamyzyň kitaplaryna bagyşlanan sergini gurap, kitap tekjelerinde goýlan eserler hakynda gyzykly gürrüň berdiler. Çeperçilik mekdebiniň mugallymlary hem ýakynda dana Pyragynyň eserleri boýunça geçirilen surat çekmek bäsleşigi barada aýdyp, ýeňiji bolan işleriň birnäçesi bilen tanyşdyrdylar. Medeni çäre oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Dil — bilimiň açary

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda, aýratyn hem Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwretmekde uly ösüşler gazanylýar. Ýakynda TGM-niň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde iňlis dili dersinden görelde sapagy guraldy. Sapakda interaktiw tagtanyň ulanylmagy harby okuwçylaryň temalary gowy özleşdirmegine itergi berdi. Şeýle-de iňlis dili sapagynda wideoşekilleriň we audioýazgylaryň giňden peýdalanylmagy, harby okuwçylaryň geçirilen temany has-da gowy özleşdirmeklerine ýardam etdi.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Körpe nesliň aladasynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde nesil terbiýesi çagalar baglaryndan başlanyp, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ösüp gelýän nesliň edep-terbiýeli, ylym-bilimli, sagdyn bedenli, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp neslini kemala getirmekdäki ýadawsyz alada çagalar baglaryndan gözbaş alýar.

Bilim — beýik geljegiň açary

Ýaş nesliň bagtyýar geljegi, eşretli durmuşy bilim bilen aýrylmaz baglydyr. Bilim beýik geljegiň açarydyr. Ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýylda geçirilýän ders, taslama bäsleşikleri olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda, ösdürmekde hem-de goldamakda ähmiýetlidir. Kabul edilen döwlet bilim standartlaryna laýyklykda, täze taryhy eýýamda ýaşlaryň robot tehnikasyndan oňat baş çykarmagy üçin geçirilýän bäsleşikler hem uly ähmiýete eýedir. Grafika hem-de dizaýn ýaly döwrebap ugurlarda ýaş nesilleriň zehinini ýüze çykarmak innowasiýalaryň durmuşymyza giňden ornaşýan döwründe örän wajypdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy, häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagy babatynda döwletimizde beýik işler durmuşa geçirilýär. Okuwçy ýaşlarymyzyň dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilýän halkara olimpiadalarda gazanýan ýeňişleri munuň aýdyň nyşanydyr. Şu ýylyň 16-njy fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýynda mekdep okuwçylarynyň halkara ders we internet bäsleşiklerinde 17 sany medal gazanandyklary barada habar berildi. Bu bolsa şanly ýylda bilim özgertmeleriniň

Halypalar ussatlyklaryny görkezdiler

Çärjew etrabyndaky çagalar sungat mekdebinde «Halypalar — şägirtlere görelde» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Çagalar sungat mekdebinde halypa mugallymlaryň uly topary zähmet çekýär. Olar ýaşlara türkmen halk saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan, fortepiano, kirişli saz gurallary boýunça bilim berýärler. Halypalar zehinli sungat ussatlaryny ýetişdirmek üçin okatmagyň kämil usullaryndan peýdalanýarlar, aýdym aýtmak, saz çalmak boýunça dürli ýaryşlary guraýarlar. Şu geçirilen çärede bolsa halypalar şägirtlerine öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Kämillige barýan ýol

Ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly, edepli, bilimli adamlar bolup ýetişmeklerini, ösen tehnologiýalardan baş çykarmaklaryny gazanmak döwrüň talaby bolup durýar. «Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklary bize — bilim işgärlerine bildirilýän uly ynamdyr. Häzirki döwürde bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň berk binýady bolup durýar. Ulgamda beýik işleriň durmuşa geçirilmegi bilen, giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala gelýändigi hem bizi begendirýär. Biz çagalar bagymyzda terbiýelenýän körpelere nakyllary, ertekileri aýdyp berip, olaryň watançylyk duýgularyny ösdürmäge çalyşýarys. Bu döwürde çaga her bir aýdylan zady çalt kabul edýär we gören-eşidenini gaýtalamaga çalyşýar. Olarda Watana bolan söýgini oýarmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmak biziň üçin esasy wezipedir.

Bilimiň, terbiýäniň sakasy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen şan-şöhraty dünýä dolan Watanymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýaş nesli döwrebap terbiýelemäge, ylymly-bilimli edip ýetişdirmäge gönükdirilendir. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde kitaphanaçylara uly orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly eserleri çagalaryň watançylyk duýgusynyň kämilleşmeginde möhüm orun eýeleýär. Biz bu kitaplaryň we beýleki eserleriň many-mazmunyny çagalara we giň okyjylar köpçüligine düşündirmek bilen, olaryň kitaplar bilen dostlaşmagyny, kitaphanamyz bilen ýygy-ýygy aragatnaşyk saklamagyny gazanýarys. Ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň elimize gowuşmagy bolsa, türkmen ýaşlaryna, bize — kitaphanaçylara bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy.

Bilim — bagtyň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli ulgamlarynda we pudaklarynda gazanylýan ösüş-özgerişler ildeşlerimizi begendirýär, bu ösüşlere öz goşandyny goşmaga ruhlandyrýar. Ylym-bilim ulgamlarynda hem bu gün asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatynda uly tejribe toplandy. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alnyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim işi döwrebaplaşdyrylýar, milli maksatnamalar, konsepsiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Elbetde, bu zatlar biz — bilim işgärlerini juda begendirýär, buýsandyrýar, işimizi döwrebap derejede alyp barmaga itergi berýär.

Ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmeginde täze mümkinçilikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, beden taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini kämil bilmeginiň olaryň dünýä derejesinde bilim almagynda, öz Watanynyň ykdysa-dy, syýasy, medeni ösüşinde we onuň abraýynyň halkara derejesinde ýokarlanmagynda ähmiýeti uludyr. Ýaşlaryň ene dilini, iňlis we rus dillerini kämil bilmegini gazanmak barada bilim ulgamynyň öňünde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şol wezipeler esasynda ýaşlarymyz daşary ýurt dillerini yhlas bilen öwrenýärler. Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýaşlarymyzyň gözýetimini giňeldýär, sowatly

Mizemez binýat

Bilim ulgamy jemgyýetiň ösmegini şertlendirýän, ähli ugurlarda üstünlikleri gazanmaga öňe iteriji güýç-kuwwaty özünde jemleýän ulgamdyr. Ýaş nesle berilýän bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk binýatdyr. Prezident Maksatnamasynda halk hojalygyny öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara, milletiň aň-paýhas mümkinçiliklerine daýanyp, mundan beýläk-de ösdürmek boýunça döwletiň esasy ýörelgeleri aýdyň beýan edilýär. Bu ugurdaky möhüm wezipeleriň hatarynda milli ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek, ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemek, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak bellenilen. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen ýyl dürli ugurlarda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli bilim ulgamy dünýä derejesinde ösdürilýär, ýaşlaryň ylym, döredijilik bilen meşgullanmaklary, halkara bilim giňişliginde ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy», bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durm

Sazlaşykly terbiýe

Durmuşyň güli hasaplanylýan körpe nesliň mekdebe çenli döwrüniň manyly guralmagy çaganyň soňraky ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Bu döwürde çagalarda psihologik dartgynlylygy aýyrmaga ýardam berýän amatly şertleri, hoşniýetli hem mähirli gurşawy döretmek, şahsy pikirlerini erkin aýdyp bilmek duýgularyny döretmek uly ähmiýete eýedir. Psihologlar adamyň intellektual ösüşiniň, gylyk-häsiýetiniň, edep-ekramynyň ilkinji binýadynyň onuň mekdebe çenli bolan ýaşynda kemala gelýändigini aýdýarlar. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary sazlaşykly ösen şahsyýetiň kemala gelip başlaýan bilim-terbiýe ojagydyr. Çaganyň mekdebe taýýarlyk döwründe käbir deslapky bilimlere eýe bolmagy, meselem, sanap bilmegi, okap, ýazyp, surat çekip we şekiljikler ýasap bilmegi hökmanydyr. Terbiýeçi bu bilimleri çagalara oýunlaryň üsti bilen, çagalar ýadamazdan, emma ýadynda berk galar ýaly öwretmeli. Çagalary mekdebe taýýarlamak maksady bilen, olaryň sözleýiş dilini, ilkinji hasaplaýyş endiklerini ösdürmeli, köpçülikde özüni dogry alyp barmagyň kadalaryny öwretmeli. Bu ugurda çagalaryň tebigy ukyp-zehinlerini ýüze çykarmak hem ösdürmek üçin çeper döredijilik we sagaldyş-oýun çärelerini guramaga uly üns bermek zerurdyr.

Ýylyň mugallymy — 2024

Ak bugdaý etrabyndaky tebigy we takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň mugallymy — 2024» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Öňdebaryjy bilim işgärlerini ýüze çykarmak we höweslendirmek, olaryň döwrebap iş usullaryny ýaýratmak maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň nobatdaky tapgyry etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guraldy. Etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlary degişli şertler esasynda çykyş etdiler, okuwçylar bilen işjeň sapak geçdiler. Mugallymlar şol çykyşlaryň üsti bilen ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, okatmagyň öňdebaryjy iş usullaryndan peýdalanmak, sapaga döredijilikli çemeleşmek hem-de netijeliligini gazanmak babatdaky ukyp-başarnygyny görkezdiler. Bäsleşigiň netijesinde etrapdaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Bägül Berdiýewa baş baýraga mynasyp bolup, onuň welaýat derejesinde geçiriljek tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.