Bilim we terbiýe

3 Mart 2024
470

Ýaşlaryň döwrebap bilim alyp, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmeklerinde mugallymyň aýratyn orny bar. Mugallymlar ýaşlaryň Watanyny söýýän, halkymyza, ene-atasyna, ula hormat goýýan, kiçini sylaýan, eli hünärli bolup ýetişmekleri üçin dürli iş usullaryny utgaşykly alyp barýarlar.

Ýaşlar bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleri asylly ýörelgelerden ugur alýar. Bu işde mekdep bilen maşgalanyň jebis aragatnaşyk saklamagy möhümdir. Her bir mugallymyň okadýan dersini we ony okatmagyň usulyýetini ýokary derejede bilmegi onuň hünär ussatlygyny kesgitleýän esasy görkezijileriň biri hasaplanylýar. Mugallym sapagy guramak bilen birlikde, terbiýeçilik işlerine hem ýolbaşçylyk edýär. Okuwçylaryň döredijilik başlangyçlaryny kemala getirýär we ösdürýär. Mugallym okatmagyň didaktikada göz öňüne tutulan dürli usullaryndan ýerlikli peýdalanyp, sapagyny gyzykly guramagy başarmalydyr. Çagalara bilim mugallym tarapyndan berilýän hem bolsa, terbiýeçilik işi ata-ene, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alnyp barylýar. Şonuň üçin mekdeplerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerini maşgaladan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Berilýän bilimdir terbiýe şahsyýetiň şahsy aýratynlygyny kemala getirýär. Şonuň üçin okuw-terbiýeçilik işi diňe bir okuwçynyň bilimini däl-de, şahsyýetiň terbiýesini we ösüşini öz içine alýan ulgamlaýyn çemeleşmedir. Çaganyň aňy köp maglumatlary kabul edip, ony özleşdirip bilmäge ukyplydyr. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere milli ruhda terbiýe bermek we okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak häzirki döwrüň wajyp wezipesidir. Sapaklarda sanly bilim ulgamyny giňden peýdalanyp, çagalar baglarynda innowasion tehnologiýalar arkaly bilim bermegiň usullaryny kämilleşdirmek işleri giňden ýola goýulýar. Okuwçylaryň pikirleniş işjeňligini, sözleýiş medeniýetini kemala getirmek köptaraply usullaryň üsti arkaly giňden ulanylýar. Okuwçylara zähmet endikleri barada ýörite wideoşekilleriň we prezentasiýalaryň üsti bilen hem düşündirmek bolar, sebäbi olar gören zadyny gowy ýadynda saklaýar.Terbiýeçilik işlerini doly we dogry ýola goýmagyň nesil terbiýesinde möhüm ähmiýeti bardyr. Edebiň binýady dürs goýulsa, ahlak gymmatlygy juda sagdyn hem berk bolýar.

Maýýa SABUROWA,
Şabat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar