Okuwçylara dil öwretmegiň ähmiýeti

3 Mart 2024
485

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Öňdebaryjy usullar yzygiderli ornaşdyrylyp, ulgamyň işini döwrebaplaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak bilim ulgamynda esasy ugurlaryň biridir. Şeýle asylly maksatlar bilen giň gerimli işler amala aşyrylýar, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Şonuň netijesinde hem, her bir geçilýän sapaklar usulyýetiň döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem sapaklarda döwrebap kompýuterlerden, multimedia tagtalardan, lingafon otaglardan peýdalanylýar. Munuň özi sapagyň guralyşynyň döwrebaplygyny, kämilligini aýdyň beýan edýär. Bu bolsa zehinli ýaşlaryň kemala gelmegine, dünýägaraýyşlarynyň ösmegine oňat täsir edýär.

Orta mekdepleriň 3-nji synp okuwçylaryna rus dili sapagy geçilýär we sapakda olaryň rus dilinde okap bilmekleri üçin başlangyç düşünjeler berilýär. Şunda rus dili sapagy üçin kitapda dürli ýeňil tekstler berilýär, harplary tanamaklary üçin ýeňillikli usullar görkezilýär. Sapakda geçilýän mowzugyň okuwçylara düşnükli bolmagy üçin döwrebap usullardan peýdalanmak bolar, ýagny okuw kitabyndan, multimedia tagtasyndan we şekilli görnüşlerden peýdalanylsa, oňat netijeleri berýär.

Mähri ARAZMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy.
Beýleki habarlar