''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Bilim bagy mekdepdir

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyny 2023-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. Netijede, ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby boldy, etrap häkimligine ABŞ-nyň 1 million dollary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

IV Açyk halkara matematika olimpiadasy jemlendi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirilýär. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berilmegi ýurdumyzda bu ugra gönükdirilen toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 4 — 8-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen IV Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS — 2024) aýratyn ähmiýete eýedir.

Ylym ýolunyň ýaş ýolagçylary

Mälim bolşy ýaly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde türkmen we daşary ýurtly talyplarynyň gatnaşmagynda birnäçe günläp dowam eden IV Açyk halkara matematika olimpiadasynda zehinli we başarjaň ýaşlar altyn, kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp boldular. Olimpiadanyň ýeňijileriniň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris.

Galkynyşyň daýanjy

Ýurdumyzy, jemgyýetimizi ösdürmegiň binýatlaýyn esasy bolan bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk getirmek, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, iň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary işjeň ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzyň bilim ojaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar. Döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen bilim-terbiýeçilik edaralarynda işine ussat hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Umumy orta bilim almagyň möhletiniň uzaldylmagy, täze tehnologiýalar, maglumatlar jemgyýetine geçilmegi, medeni gatnaşyklaryň göwrüminiň giňelmegi, bazar ykdysadyýetiniň ösmegi, bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, ösen ýurtlaryň bilim ulgamyndaky bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmegiň ugurlaryny içgin öwrenip, onuň mazmunynyň has kämilleşen görnüşlerini işläp taýýarlamak meselesi ýüze çykdy. Ýurdumyzyň häzirki zaman geosyýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýy, dünýä bilim giňişligine işjeň goşulyşmagy bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirdi.

Oguz han nesilleri döwrebap bilim alýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda innowasion tehnologiýalary, ylmyň, önümçiligiň, senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nano, bio we maglumat, sanly we «akylly», kiberhowpsuzlyk, emeli aň we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, kompýuter, mobil programmalaryny döretmek, ylmyň gazananlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, innowasion tehnologiýalary döretmäge ýaşlary işjeň çekmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan uniwersitetiň garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkeziniň döredilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-günümizi, Watanymyzy beýik özgertmelere eltýän tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Sanly bilim we innowasion ösüş

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça oňyn başlangyçlar maksatnamalaýyn esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny we durmuş gurşawyny sanlylaşdyrmagy öz içine alýar. Sanly ykdysadyýetiň ösmeginde sanly bilim wajyp orun eýeleýär. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, sanly jemgyýetiň we sanly ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryndan ugur alnyp, her bir adamy durmuşa hem-de hünär işine taýýarlamak üçin bilimiň ähli basgançaklary yzygiderli özgerdilýär.

Kämil hünärmenler

Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, kämil hünärmenleri taýýarlamaga hem-de olaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny üpjün etmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde bilim ojaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ynsanperwer ugurlarda dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi işleri täzeçe guramaga şertleri döredýär. Aslynda, islendik jemgyýetiň ösüşiniň netijeliligini onuň esasy düzüm bölegini düzýän sagdyn bedenli, giň gözýetimli ýaşlar hem-de ylym-bilim ulgamynyň kämillik derejesi kesgitleýär. Şonuň üçin hem bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Bilim ulgamynyň döwrebap ösüşi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň döwrebap desgalarynyň ulanylmaga berilmeginde, olaryň ählisiniň kompýuter, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilmeginde şöhlelenýär. Biziň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetimizde hem kämil hünärmenleri taýýarlamakda ähli şertler bar. Bu ugurda okuw, usuly işlerimiz döwrebap ösdürilýär, ýaşlara bilim öwretmegiň döwrebap ugurlary ylmy esasda ýola goýulýar. Şonuň netijesinde, ýaşlar nebit we nebit önümlerini öndürmegi, nebiti gaýtadan işlemegiň tehnol

Ylym-bilimiň döwrebap ösüşleri

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimiň ösmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi sanly bilimiň ösdürilmegine, ösen tehnologiýalardan, kompýuterlerden we elektron görnüşlerden peýdalanmaga ýardam berýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy döwrebaplygy, netijeliligi üpjün edýär. Bilim ulgamynda dowam edýän netijeli özgertmeler bolsa ösüşi şertlendirýär. Eziz Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde ylym-bilim, okuw-terbiýeçilik, sport, medeni-köpçülik işlerine, döwrebap özgertmeler uly üns berlip, sanly bilimiň hyzmatyndan peýdalanmak maksadalaýyk hasaplanýar. Bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalary ornaşdyrylyp, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly kitaplary, gollanmalar, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary taýýarlanýar.

Söz ussadyna belent sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumadamzat medeni ösüşiniň göwher gaşyna öwrülen hem-de kökleri müňýyllyklara aralaşýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, baý medeniýetimizi öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Muny üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem aňryýany bilen tassyklaýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň paýhasly dünýäsidir, XVIII asyr nusgawy edebiýatymyzyň taryhynda baky yz galdyran şahsyýetleriň biridir. Magtymgulynyň dürdäne eserleri ynsany ruhy, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemäge gönükdirilipdir. Akyldar öz pederi Döwletmämmet Azadynyň döwlet, ýurduň we halkyň abadançylygy baradaky pikirlerini çuňlaşdyryp, jemgyýetçilik-pelsepewi, ahlak-etiki we ynsanperwerlik häsiýetli täze pikirleri, wesýetleridir çagyryşlary bilen halka ýüzlenipdir. Akyldar şahyryň:

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

Türkmen halkynyň akyldar şahyry, ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik älemi baý we hemmetaraplydyr. Halkyň ХVIII asyrdaky durmuşy, şol döwrüň taryhy hem-de syýasy wakalary, türkmen topragyna bolan çäksiz söýgi, halka bolan yssy mähir, tebigat gözelligi — bularyň ählisi Magtymgulynyň döredijiliginde orun tapypdyr. Ajaýyp eserleri döreden, pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pelsepesini, kalbynyň owazyny, isleg-arzuwlaryny dünýä ýaýan beýik söz ussadynyň agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan ajaýyp şygyrlaryny halkymyz ruhy ýörelge, päk terbiýe mekdebi hökmünde kabul edýär. Agzybirlik, jebislik, bitewülik il-ulsumyzyň gadymdan gelýän esasy ýol-ýörelgesi. Magtymguly Pyragy bolsa bu ýörelgäni ölmez-ýitmez şygyrlary bilen watandaşlaryna wagyz eden beýik danadyr. Magtymgulynyň şahyrana-pelsepewi edebi mirasy Watana, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun aldy. Onuň bize galdyran döredijiligi çeper söz nukdaýnazaryndan örän gymmatlydyr. Magtymgulynyň ruhy-ahlak pikirleri umumadamzat derejesinde, şonuň bilen birlikde, ýaş nesil üçin genji-hazynadyr. Şahyr ylmy we pelsepewi düşünjelere esaslanyp, bagtyň, hoşgylawlygyň, ýagşylyk etmegiň ýol-ýörelgesini öwredýär.

Akyldar şahyryň eserleri dünýä dillerinde

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi» diýip, örän jaýdar belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, sungatyň zergäri hasaplanýan şahyrymyzyň şygyrlarynda päk ahlaklylyk, ruhubelentlik, geljege ýagşy umyt-niýet, adamkärçilik beýan edilýär. Dürdäne pikir-paýhaslary il-güne bagyşlan şahyr şygyr bossanynyň bilbili saýylypdyr. XVIII asyr türkmen edebiýaty Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli-de şahyr özüniň şygyrlarynda agzybirlik, asudalyk, adalatlylyk, watansöýüjilik, mertlik, batyrlyk ýaly ynsany bezeýän oňat gylyk-häsiýetleri ündew edýän parasatly pikirleri öňe sürüpdir.

Ene dilimiziň baýlygy — halk hazynasy

Dilimiziň gymmatly baýlygyny öwrenmek, ylmy garaýyşlary öňe sürmek häzirki ajaýyp döwrümizde uly many-mazmuna eýe boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Şeýle milli gymmatlyklarymyzyň biri hem ene dilimiziň baýlyklarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ene dilimiziň baýlyklaryny öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şonuň üçin hem ene dilimiziň baýlyklary ylmy esasda öwrenilýär. Şeýle hem diliň söz baýlyklaryny, semantikasyny, etimologiýasyny öwrenmekde alymlar tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Dilimiziň söz baýlyklaryny öwrenmekde halk döredijiligi, esasan hem, nusgawy edebiýatymyzyň eserleri gymmatly çeşme bolup durýar. Şeýle bolansoň, halkyň janly gepleşigi, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy esasda öwrenilip, halk köpçüligine ýetirilýär. Ata-babalarymyzyň döreden pähimlerinden, nakyllaryndan görnüşi ýaly, edep başy dilden başlanýar. Dil bilmek, ýerinde manyly gürlemek edeplilikden nyşandyr. Ene dilimiziň çuňlugyna düşünip, gadymdan gelýän sözleriň many-mazmunyny özleşdirmek dünýägaraýşyňy giňeldýär. Danalarymyz, pederlerimiz bize goşgudyr dessanlary, parasata ýugrulan sözleri miras galdyrypdyrlar. B

Kitap ynsanyň iň ýakyn dostudyr

Ynsan durmuşy kitap, edep-terbiýe bilen berk baglanyşyklydyr. Kitap ynsanyň iň ýakyn dostudyr. Şonuň üçinem kitaby diňe bir okamak ýa-da gowy görmek ýeterlik bolman, ony gowy saklamak, sahypalaryny seresaply açmak, gözüň göreji ýaly aýamak gerek. Şeýle hem ähli zadyň öz edebiniň bolşy ýaly, kitap okamagyň hem özboluşly edebi bardyr. Kitap okamak edebi özünde birnäçe düzgünleri jemleýär. Okamagy söýmek durmuşymyzda boş sagatlarymyzy manyly sagatlara öwürmek diýmekdir. Kitap okalanda, möhüm ýerlerine galam bilen bellik etmek özüň üçin peýdalydyr. Eger kitap özüňki däl bolsa, onda aýratyn kagyza bellik etmek has gowudyr. Kitaby ýeke elde tutup okamak onuň tiz dargamagyna getirer. Şonuň üçinem kitaby jaýlaşykly oturyp, iki eliň bilen tutup okamak edeplilikden nyşandyr.

Zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenilýän nesiller

Ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamy uly üstünliklere beslenip, belent sepgitleri nazarlaýar. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ilaty elýeterli hem-de ýokary hilli bilim hyzmatlary bilen üpjün edilýär. Mekdep derslerini çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenmek işleri üstünlikli alnyp barylýar, gurulýan ähli bilim edaralarynda häzirki zaman kompýuter, interaktiw we multimedia tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Bu ýaşlara dünýä derejesinde bilim almaga, gözýetimini giňeltmäge we ylmyň gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslary we usullary döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Milli maksatnamalar, Konsepsiýalar durmuşa geçirilýär.

Halkara Olimpiada gatnaşan talyplaryň ýürek buýsançlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek barada alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hem ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenýär. Bilşimiz ýaly, paýtagtymyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 7 döwletden gatnaşýan IV Açyk halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Birnäçe günläp dowam edýän halkara matematika olimpiadasyna işjeň gatnaşýan daşary ýurtdan gelen talyplaryň ýürek buýsançlaryny söhbetdeşlik arkaly size ýetirmegi makul bildik.

Halkara matematika olimpiadasynyň jemi jemlendi

Düýn Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen IV Açyk halkara matematika olimpiadasynyň (OMOUS — 2024) jemi jemlendi. Birnäçe günläp dowam eden olimpiada-da Bolgariýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Saud Arabystanynyň, Ispaniýanyň, Indoneziýanyň we Özbegistanyň jemi 25-den gowrak ýokary okuw mekdebinden 110-dan agdyk, ýurdumyzdan bolsa 400-e golaý talyp üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezmegi başardylar. Olimpiada ýekebara we toparlaýyn görnüşde geçirildi. Oňa gözegçilik etmek üçin ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan eminler topary düzüldi. Olimpiadada türkmen talyplary 191 medal gazanmagy başardylar. Ildeşlerimiz bäsleşigiň ýekebara görnüşinde altyn medallaryň 22-sine, kümüş medallaryň 51-sine, bürünç medallaryň bolsa 104-sine mynasyp boldular. Toparlaýyn tapgyrda olar 2 altyn, 5 kümüş, 7 bürünç medaly eýelediler. Şeýle-de özbegistanly talyplar 57, russiýaly ýaşlar 26, bolgariýaly myhmanlar bolsa 8 medal gazandylar. Ispaniýaly talyba 1 altyn, şeýle-de Hytaýdan, Saud Arabystanyndan, Indoneziýadan gelen talyp wekiliýetleriniň hersine 1 bürünç medal eýelemek başartdy.

Şanly ýylyň döredijilik ruhy bilen

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň gadamlary barha rowaçlanýar. Bu şanly ýyly has-da dabaralandyrmak maksady bilen, ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda dürli ders bäsleşikleriniň, döredijilik duşuşyklarynyň, halkara ylmy maslahatlaryň we beýleki medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu babatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda-da degişli işler alnyp barylýar. Institutda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de daşary döwletleriň bilim ojaklarynyň talyplarynyň gatnaşmaklarynda daşary ýurt dilleri, şol sanda rus dili boýunça hem onlaýn görnüşde ders bäsleşikleriniň geçirilmegine badalga berildi. Olara Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň birnäçesiniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň işjeň gatnaşmaklaryna Arkalaşygyň giňişliginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşany hökmünde garamak bolar. Ders bäsleşiginiň şertleriniň we sowallarynyň düzülişi, ony geçirmek boýunça guramaçylyk işleriniň alnyp barlyşy institutda halkara derejedäki çäreleri guramakda uly tejribäniň toplanandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistan dünýä bilen dostlaşýar

Bäsleşige gatnaşyjylara söz berýäris Ysmaýyl KUWWATOW,Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby:

Halkara olimpiada zehinlileri saýlaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: 4-nji martda paýtagtymyzda ýerleşýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde IV Açyk halkara matematika olimpiadasynyň (OMOUS-2024) açylyş dabarasy boldy. Bilşimiz ýaly, bu olimpiada ata Watanymyzda ilkinji gezek «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» uly üstünliklere beslenipdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem nobatdaky gezek geçirilýän bu halkara derejesindäki olimpiada gatnaşmak üçin dostlukly döwletleriň 7-siniň, ýagny Hytaý Halk Respublikasynyň, Bolgariýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Saud Arabystanynyň, Ispaniýanyň, Özbegistanyň, Indoneziýanyň 25-den gowrak ýokary okuw mekdebinden dürli ugurlar boýunça okaýan talyplaryň 110-dan gowragy paýtagtymyza geldiler. Biz hem merjen şäherimizde badalga berlen bu halkara derejeli bäsleşik mynasybetli taýýarlanan ýörite sahypamyzy okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Bilimli ýaşlar — buýsanjymyz

Ata Watanymyzda bu gün ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim almaklary, öz kärine ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda durmuşa geçirilýän netijeli işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň ýagty geljegi ugrunda edýän taýsyz tagallalaryndan gözbaş alýar. Häzirki wagtda döwrüň ösen innowasion tehnologiýasyna, öňdebaryjy okuw maksatnamalaryna daýanýan sanly bilim ulgamyny döretmekdäki baş maksat eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara ýokary hilli bilim berip, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleridir. Ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmegiň esasy şerti bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi bolup durýar. Hut şu möhüm wezipeden ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ähli basgançaklary zerur okuw şertleri, tehnologiýalar ulgamy bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil ylym, bilim almagyny üpjün etmek ugrundaky netijeli işler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem batly depginler bilen alnyp barylýar. Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýan edilen şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň mysalynda hem anyk göz ýetirmek bolýar. Hasabatlardan mälim bolşy ýaly, degişli döwürde sanly bilim ulgamyny ös