Ylym-bilimiň döwrebap ösüşleri

10 Mart 2024
583

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimiň ösmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi sanly bilimiň ösdürilmegine, ösen tehnologiýalardan, kompýuterlerden we elektron görnüşlerden peýdalanmaga ýardam berýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy döwrebaplygy, netijeliligi üpjün edýär. Bilim ulgamynda dowam edýän netijeli özgertmeler bolsa ösüşi şertlendirýär.

Eziz Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde ylym-bilim, okuw-terbiýeçilik, sport, medeni-köpçülik işlerine, döwrebap özgertmeler uly üns berlip, sanly bilimiň hyzmatyndan peýdalanmak maksadalaýyk hasaplanýar. Bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalary ornaşdyrylyp, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly kitaplary, gollanmalar, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary taýýarlanýar.

Mamajan HAÝTMURADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar