Galkynyşyň daýanjy

11 Mart 2024
377

Ýurdumyzy, jemgyýetimizi ösdürmegiň binýatlaýyn esasy bolan bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk getirmek, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, iň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary işjeň ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzyň bilim ojaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar. Döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen bilim-terbiýeçilik edaralarynda işine ussat hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Umumy orta bilim almagyň möhletiniň uzaldylmagy, täze tehnologiýalar, maglumatlar jemgyýetine geçilmegi, medeni gatnaşyklaryň göwrüminiň giňelmegi, bazar ykdysadyýetiniň ösmegi, bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, ösen ýurtlaryň bilim ulgamyndaky bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmegiň ugurlaryny içgin öwrenip, onuň mazmunynyň has kämilleşen görnüşlerini işläp taýýarlamak meselesi ýüze çykdy. Ýurdumyzyň häzirki zaman geosyýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýy, dünýä bilim giňişligine işjeň goşulyşmagy bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirdi.

Maral AMANOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar