''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

“Ylym bir daragtdyr”

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyz ylym, bilim we beýleki ulgamlarda döwür bilen deň gadam urýar. Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem her bir döwletde ylym-bilimiň ösmegi zerurdyr. Binanyň berkliginiň binýadyň mäkämligine baglydygy bize durmuş hakykatyndan mälimdir. Binýat näçe berk, oýlanyşykly goýulsa, gurýan ymaratymyz hem şonça gaýym hem ajaýyp bolar. Täze taryhy eýýamda ýaş nesliň bilim binýadynyň berkden tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: “Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňden açmakda, dünýä derejeli ylmy düşünjesi bolan hünärmenleri, alymlary ýetişdirmekde halkara hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmagy zerur wezipe hökmünde aýratyn nygtamak isleýärin. Ylmyň kökleri çagalar bagyndan başlap ösmelidir we munuň üçin ylym-bilimiň basgançaklary dünýä standartlarynyň talaplaryna doly laýyk getirilmelidir. Ylmy döredijiligiň ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşyny ösdürmekdäki täsiriniň artmagy üçin daşary ýurtlar bilen ylmy hyz

Atçylyk: ylym — gel­je­ge ynam

Arkadag şäheriniň merkezinden geçýän şaýol gaýduwsyz Keýmir serdaryň adyny göterýär. Ýolboýy şäheriň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasy, Ruhyýet köşgi, Döwlet arhiwi, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi ýaly edara binalarynyň duşundan geçip gidýärsiň. Bu şaýol Atçylyk ylmy-önümçilik merkezine getirýär. Merkeziň baş binasy sekizburçluk keşbi bilen uzaklardan lowurdaýar. Ýüzüni daga tutup oturan 7 gatly binany arkalap uzaýan aýlaw nal şekili oňa gelşik berýär. Nalyň nyşany — şäherdäki atçylyga degişli desgalaryň aýrylmaz bölegi. Binalar öz keşbi bilen ondaky kesplerden gürrüň açýar. Ylmy-önümçilik merkezi iki sany ajaýyp binanyň arasynda ýerleşýär. Gündogarynda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, günbatarynda bolsa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy şähere gözellik berýär.

Institutyň ylmy-barlag işleri önümçilikde

Häzirki wagtda «Nebitgazylmytaslama» institutynyň agzybir hünärmenleri tarapyndan gazlift we ştangaly çuňlukdan sorujy usullar bilen işleýän hereketdäki guýularyň nebit çykarylyşyny artdyrmaga ýa-da durnukly işlemeklerine ýardam berýän birnäçe teklipler hödürlenilýär we guýularda öz beýanyny tapýar. Ylmy-barlag işlerinde ştangaly çuňlukdan sorujy guýularda sorujynyň işleýşi, oňa täsir edýän faktorlar öwrenilip anyklanylýan bolsa, ýörgünli gazlift usuly bilen işleýän guýularda hem berilýän gazy sazlamak we tygşytlamak arkaly alynýan maglumatlar seljerilip, täzeden işlenip, önümçilige teklipler hödürlenilýär. Institutyň hünärmenleriniň wezipesi önümçiligiň jümmüşinde bolup, gazlift we ştangaly çuňlukdan sorujy usul bilen işleýän guýulardan nebit çykarylyşynyň ýokarlanmagyna ýardam berýän dürli görnüşli barlaglary geçirip, guýularyň kadaly işlemeklerini gazanmakdyr we olary köp önüm berýän guýularyň hataryna goşmakdyr. Şu mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başlarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň we «Nebitgazylmytaslama» institutynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda gazlift guýularyna sarp edilýän gazyň udel kadasyny kesgitlemek boýunça ady agzalan institutda giňişleýin maslahat geçiril

Atçylygyň ylmy-önümçilik merkezi

Arkadag şäheriniň döredilmegi halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşan taryhy wakalaryň biri boldy. Bu ajaýyp şäheriň aýratynlyklarynyň biri hem onuň ahalteke bedewleriniň merkezine öwrülmegidir. Şu günki gün bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, şeýle hem Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hereket edýär. Bu hem Arkadag şäheriniň diňe Türkmenistanda ýa-da sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde halkara atçylygyň merkezine öwrülendiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Milli atçylygy ösdürmek babatda yzygiderli amala aşyrylýan işler, hususan-da, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi ýurdumyzyň häzirki wagtda dünýä medeniýetiniň baýlygyny — ahalteke bedewini geljekki nesiller üçin aýawly saklaýan uly halkara merkez bolup durýandygyny dolulygyna äşgär edýär.

«Bedew atlar adam ýaly syzýa»

Atlar adamlar ýaly gürläp bilmeýärler, emma öz aralarynda aragatnaşygy saklaýarlar. Beden dili we özlerine mahsus sesleri bilen «Gaharym gelýär», «Ajykdym», hatda «Seni gowy görýärin» ýaly sözleri duýduryp bilýärler. Gysga wagtlyk okuw arkaly bu at dilini öwrenmek mümkindir. Bar mesele atlaryň öz aralarynda aragatnaşygy saklamak üçin edýän hereketlerini nähili ýormalydygyny öwrenmekden ybaratdyr. Boýun. Atlar uzyn we muskullak boýnuny dürli maksatlar üçin ulanýarlar. Bularyň iň möhümi bedeniniň deňagramlylygyny saklamakdyr, mundan başga-da, aragatnaşyk saklamak, gaşanmak we mör-möjekleri kowmak üçin ulanýarlar. Atyň halamaýan bir zady bar bolsa, başga bir at ýa-da adam ony biynjalyk edýän bolsa, başyny ýaýkap (mör-möjekleri kowmakdan başga) nägileligini görkezýär.

Biotehnologiýa ösüş­iň öň ha­ta­ryn­da

Häzirki zamanda ylmyň we tehnologiýanyň ösüş depgini ýokary derejelere çykdy. Olaryň adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyna edýän täsiri hem görnetin artdy. Indi ylymsyz we tehnologiýasyz durmuşy göz öňüne getirmek hem kyn. Ol ýokary depginli ösüş biziň Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda özüni görkezdi. «Türkmenistanyň ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýanyň ähli ugurlar boýunça ösmegi, şeýle hem durmuşa giňden ornaşmagy babatda giň ýol açdy. Ylmyň we tehnikanyň ösüşinde ileri tutulýan ugurlaryň biri hem biotehnologiýalardyr. Biotehnologiýalar janly bedenleri, olaryň ulgamlaryny ýa-da biologiki ösüşiniň gidişini ulanmagy öwrenýär.

Tehnologiýalar merkeziniň ylmy açyşlary

Žurnalymyzyň şu sanynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada okyjylara gürrüň bermegi makul bildik. Şu maksat bilen, Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowa bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol bize ýandakdan (Alhagi persarum) taýýarlanan dermanlyk ekstraktynyñ mikrokapsulirlenen görnüşe geçirilişi barada şeýle gürrüň berdi: — Biz biotehnologiýa tejribehanasynyň beýleki hünärmenleri bilen birlikde, ýandakdan mikrokapsulýasiýa etmek üçin tehnologiýany işläp düzdük. Şonuň bilen hem bize ýandagyň çig malyndan suwuk ekstrakty almak başartdy. Şeýlelikde, ýandagyñ ekstraktyny kapsula ýerleşdirdik.

Ylym — ýollarymyzy nurlandyrýan şamçyrag

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi ösdürmek, kämil hünärmenleri kemala getirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleri esasynda ylym-bilim döwrebap ösdürilýär, okatmagyň häzirki zaman usullary giňden ulanylýar. Häzirki ajaýyp döwrümiz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýän, röwşen geljegimiziň berk binýadynyň goýulýan zamanasydyr. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, syýasatda, medeniýet, sport, ylym, bilim hem-de beýleki ugurlarda gazanýan üstünliklerinde, eýeleýän belent sepgitlerinde mynasyp beýanyny tapýar. Milli bilim ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň hemişe üns berýän hem-de üstünliklere beslenýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkymyzyň eşretli durmuşynyň, berkarar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşiniň gözbaşy ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegindedir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlarynda sazlaşykly alnyp barylýan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň berk binýady bolup durýar. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ylmyň ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýeti, durmuş we ynsanperwer ulgamyny sanlylaşdyrm

Toprak kadaly iýmitlendirilse

Topragyň hasyllylygyny birsyhly artdyrmak üçin ýerli we mineral dökünleri talabalaýyk ulanmak zerurlygy ýüze çykýar. Ekinlerden alynýan hasylyň hili, ilkinji nobatda, ýerli we mineral dökünleriň dogry hem-de ýeterlik ulanylyşyna bagly bolup durýar. Ylmy maglumatlara görä, alynýan hasylyň 40 göterimi mineral dökünler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmeklige, onuň enjamlaýyn binýadyny berkitmeklige aýratyn üns berilýär. 12-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde beýleki möhüm meseleleriň hatarynda oba hojalyk önümlerini öndürijileri mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere hem seredip geçdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijileri karbamid, fosfor, kaliý dökünleri, ammiak selitrasy bilen üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan Lebap we Mary welaýatlarynda mineral dökünleri saklamaga niýetlenen ammarlary gurmak boýunça degişli işleriň geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrmagy bu ugra uly ünsüň gönükdirilýändigini görkezýär.

Ylym we tehnologiýa

Türkmen halky hemişe ylym-bilime aýratyn sarpa goýup, nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary barada çuňňur alada edýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ylmyň döwrebap ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna kämil tehnologiýalar hem-de dünýä ylmynyň gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetiň ugurlarynyň işi kämil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen barha ilerleýär. Munuň özi döwrebap mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ylym şu güni we geljegi ýagtylandyryp, köp asyrlardan bäri ösüşlere eýe bolup gelýär. Häzirki döwürde ylmy açyşlar tehnologiýalar bilen utgaşdyrylyp alnyp barylýar. Bu bolsa sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýaşlar üçin döredilen mümkinçiliklerdir.Ylym we tehnologiýa babatynda ýokary netijeleriň gazanylýan döwründe ýaşlaryň ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmegini gazanmak döwrüň talabydyr. Şonuň üçin ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan talyplara bu babatda giňişle

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:«Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir» Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýangyç-energetika toplumy üçin hünärmenleri taýýarlaýan merkez bolup, onuň ylym-bilim ulgamynda ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça alyp barýan işleri «SEIN Assosiasiýasynyň altyn medaly» atly Halkara bäsleşigiň altyn medalyna, nyşanyna we diplomyna mynasyp boldy.

Hal­ka­ra in­for­ma­ti­ka olim­pia­da­sy we ýaş­la­ryň yl­my ga­ra­ýyş­la­ry boýunça ylmy-amaly maslahat geçirilýär

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştutanlygynda Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da ýaş nes­liň ze­hin-ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­mek, o­la­ry yl­ma, dö­re­di­ji­li­ge hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu gün bolsa Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­tin­de ta­lyp­la­ryň ara­syn­da II Açyk hal­ka­ra in­for­ma­ti­ka olim­pia­da­sy­ny hem-de «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ta­lyp ýaş­la­ryň yl­my ga­ra­ýyş­la­ry» at­ly hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­ha­ty öz işine başlaýar.

SAN­LY YK­DY­SA­DY­ÝET — TÄ­ZE MÜM­KIN­ÇI­LIK­LE­RIŇ AÇA­RY

Yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň üz­nük­siz kä­mil­leş­me­gi bi­len, adam­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri ýe­ňil­leş­ýär, dür­li gur­şaw­lar­da tä­ze müm­kin­çi­lik­ler dö­re­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­ma­gyň, yk­dy­sa­dy­ýet­de we halk ho­ja­ly­gy­nyň beý­le­ki pu­dak­la­ryn­da ne­ti­je­li­li­gi ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň esa­sy şer­ti hök­mün­de san­ly ul­ga­myň äh­mi­ýe­ti art­ýar. «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» ka­bul edil­me­gi ýur­du­my­zyň dö­wür bi­len deň ga­dam urup, dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da my­na­syp orun al­ma­ga ym­tyl­ýan­dy­gy­ny tas­syk ed­ýär. Ýur­du­myz­da mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ösü­şi, il­kin­ji no­bat­da, ze­rur dü­züm­le­ri dö­ret­mek­den ugur al­ýar. In­ter­net to­ru­na el­ýe­ter­li­li­giň ýo­kar­lan­ma­gy we mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi san­ly tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň wa­jyp şert­le­ri­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji

ARKADAG ŞÄHERINDE MEKAN TUTAN YLMY OJAK

Ýurdumyzyň oba hojalygyndaky özgertmeleriň depginini has-da güýçlendirmek, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk pudagynyň ylmy binýadynyň pugtalandyrylmagyna, oba zähmetkeşleriniň işe bolan höwesiniň artmagyna aýratyn uly üns berilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen bugdaýyň we pagtanyň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhlarynyň birnäçe esse ýokarlandyrylmagy gallaçy we pagtaçy ýer eýeleriniň, kärendeçileriň işe bolan yhlasyny has-da artdyryp, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji fewralynda Milli Liderimiz ajaýyp Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň hatarynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binasynyň taslamasy bilen ýakyndan tanşyp, özüniň gymmatly maslahatlaryny, tekliplerini berdi. Şol gün Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Oba hojalyk toplumynyň binasyna gelip, bu ajaýyp bina geçen ýylyň güýzünde hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda açylan Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk institutlarynyň göçürilip getirilmegine ygtyýar

Ylmyň belent sepgitleri

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» tassyklanyldy. Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 22-nji fewralynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylmaly işler, ýerine ýetirilmeli çäreler, öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu Maksatnamada ykdysady, maliýe, durmuş, önümçilik we beýleki wezipeler bilen bir hatarda, ylmy barlaglaryň depginini ýokarlandyrmak, «emeli aňy» düýpli we netijeli öwrenmek, ylym, önümçilik babatda işewürligiň hem-de täjirçiligiň täze usullaryny döretmek, ösdürmek, bu ugurda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak ýaly degişli wezipeler kesgitlenilendir. Türkmenistan döwletimiz aragatnaşyk-maglumat tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek bilen birlikde, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna täzeçil tehnologiýalary çekmegiň işjeň tarapdarydyr. Munuň şeýledigini Arkadag şäheriniň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginde görmek bolýar. Bina edilýän desgalarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň we dünýäniň iň gowy tejribesiniň işjeň ulany

Sanly bilim ulgamy ösdürilýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarmagy, kämil bilim almagy, alan bilimlerini yzygiderli ösdürmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ajaýyp netijeleri berýär. Ata Watanymyzda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar, sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda sanly ulgamyň ösdürilmeginiň netijesinde bilim bermegiň täze sepgitlerine ýetilýär. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda okatmagyň öňdebaryjy tehnologiýalary, döwrebap kompýuterler, okuw-usulyýet enjamlary bilen üpjün edilen, internet ulgamy birikdirilen okuw otaglary bilim berlişiniň hilini gowulandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz: «Bilim bagtyýar geljegimiziň, jemgyýetiň hem-de döwletiň sazlaşykly ösüşiniň mizemez binýatlarynyň biridir. Şoňa görä-de, bu ulgamy döwrebap ýagdaýa getirmäge, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berýäris. Ulgama ylmyň täze gazananlaryny, innowasion usullary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy möhüm hasaplaýarys» diýip bellemek bilen, ýaş nesillerimiziň ýagty geljegi üçin ähli şertleri döredip be

«Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň milli-ruhy mirasy ylmy esasda çuňňur öwrenilýär. Döwlet Baştutanymyz geçmişde ýaşap geçen ata-babalarymyzyň miras galdyran edebi-ruhy gymmatlyklaryny, şolary içgin öwrenen we halk arasyndan toplap özünden soňky nesillere miras galdyran alymlaryň edebi mirasyny öwreniji ylmy işgärleriň borjy bolmalydygyny çykyşlarynda belleýär. Türkmen edebiýatynyň taryhynda özüniň gysga ömründe köp sanly işleri bitiren, halkyň hakydasynda baky orun alan birnäçe alymlar, şahyrlar, ýazyjylar ýaşap geçipdirler. Gynansak-da, olaryň käbiriniň ykbaly halkyň üstüne abanan ýowuz bela — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelipdir. Şol elhenç ýyllar barada söz açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Mertler Watany beýgeldýär», «Älem içre at gezer» ýaly eserlerinde beýan eden jümleleri seriňe dolýar. Alym Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynda: «1941-nji ýylyň 22-nji iýuny... Uruş — atalary we çagalary, eneleri we ogullary, doganlary we uýalary biri-birinden aýra salan uruş» diýen jümlelerini okanyňda, şol döwrüň kynçylykly günlerini, hasratly pursatlaryny aňyňda a

Ylym ýoly — ykbal ýoly

Gurbangül Guzyçyýewa ykbalyny ylma baglan hem-de kesbinden kemal tapýan zenanlaryň biri. Halypa alym zenan häzirki wagtda-da ylym bilen meşgullanmagyny dowam edýär. Ýaş alymlara halypalyk edýändigine garamazdan, özi-de ylmy öwrenmegi dowam edýär. Ylmy gözleglerini golýazma nusgalary bilen baglanyşykly islendik temadan ýazsa-da, ol çuňňur derňew geçirip, türkmen edebiýatynyň inçe syrlaryny açyp görkezýär. Ol alymlara mahsus bolan sypaýylyk, agraslyk, pespällik, açykgöwünlilik ýaly ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýän, türkmen milli ylmyny ösdürmäge önjeýli goşant goşýan alymlaryň hatarynda tanalýar. Ol 1971-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 13-nji orta mekdebi tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Ýokary okuw mekdebinde tejribeli mugallymlardan sapak alýar.

Ynsanperwerligi dabaralandyrýan beýik ýol

Ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik, hoşniýetlilik syýasatyny öňe sürýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy gözbaşyny taryhy geçmişden alyp gaýdýar. Türkmen halkynyň döredip, kämilleşdirip, şu günki güne gelip ýetiren ahlak-ruhy gymmatlyklaryny dabaralandyrýan özboluşly aýratynlyklary bar. Türkmeniň adalatlylyk, rehimdarlyk, ynsanperwerlik, sabyr-kanagatlylyk ýaly häsiýetleri halkymyzyň ganyna siňendir. Bu häsiýetler türkmen edebiýatynda, halk döredijilik eserlerinde öz beýanyny giňden tapypdyr. Halkyň arasyndaky dostluk bilen bagly pähimler ynsan gatnaşyklarynyň we döwletiň döwletler bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny alyp barmagynyň esaslanmasyny görkezýär. Şu jähetden türkmen Bitaraplygy öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny beýik akyldarlarymyzyň döredijiliginde aýdyň görmek bolýar. Şeýle garaýyşlar Merwde doglan Abdylla Mübäregiň döredijiliginde hem beýanyny tapýar.

Ylym — ösüşleriň binýady

Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, ýaş nesilleri kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biridir. Ähli ösüşleriň, özgerişleriň we üstünlikleriň gözbaşy ylym-bilimiň binýady bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda düýpli özgerýär. Hususan-da, ylym ulgamy döwletimiziň we jemgyýetimiziň we geljekki ösüşleriň ygtybarly daýanjy hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ylym diňe bir şu günki ösüşimizi däl-de, eýsem, röwşen geljegimizi hem üpjün edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly üstünliklere eýe bolunýandygyny bellemek gerek. Şunda dünýä döwletleriniň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändigini aýtmak bolar. Munuň özi ylym-bilimi ösdürmek bilen bir hatarda dost-doganlyk gatnaşyklaryny-da pugtalandyrýar.