Ylym — ösüşleriň binýady

7 Aprel 2024
542

Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, ýaş nesilleri kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biridir. Ähli ösüşleriň, özgerişleriň we üstünlikleriň gözbaşy ylym-bilimiň binýady bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda düýpli özgerýär. Hususan-da, ylym ulgamy döwletimiziň we jemgyýetimiziň we geljekki ösüşleriň ygtybarly daýanjy hasaplanylýar.

Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ylym diňe bir şu günki ösüşimizi däl-de, eýsem, röwşen geljegimizi hem üpjün edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly üstünliklere eýe bolunýandygyny bellemek gerek. Şunda dünýä döwletleriniň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändigini aýtmak bolar. Munuň özi ylym-bilimi ösdürmek bilen bir hatarda dost-doganlyk gatnaşyklaryny-da pugtalandyrýar.

Myrat TÄÇMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar