ARKADAG ŞÄHERINDE MEKAN TUTAN YLMY OJAK

12 Aprel 2024
413

Ýurdumyzyň oba hojalygyndaky özgertmeleriň depginini has-da güýçlendirmek, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk pudagynyň ylmy binýadynyň pugtalandyrylmagyna, oba zähmetkeşleriniň işe bolan höwesiniň artmagyna aýratyn uly üns berilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen bugdaýyň we pagtanyň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhlarynyň birnäçe esse ýokarlandyrylmagy gallaçy we pagtaçy ýer eýeleriniň, kärendeçileriň işe bolan yhlasyny has-da artdyryp, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji fewralynda Milli Liderimiz ajaýyp Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň hatarynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binasynyň taslamasy bilen ýakyndan tanşyp, özüniň gymmatly maslahatlaryny, tekliplerini berdi. Şol gün Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Oba hojalyk toplumynyň binasyna gelip, bu ajaýyp bina geçen ýylyň güýzünde hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda açylan Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk institutlarynyň göçürilip getirilmegine ygtyýar bermegi ekerançy we gallaçy alymlary, hünärmenleri begendiren, buýsandyran taryhy waka öwrüldi. Milli Liderimiz dünýä ülňülerine laýyklykda örän ýokary derejede abzallaşdyrylan bu binada alymlaryň döredijilikli işlemegi, ylmy-barlaglary netijeli alyp barmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini belläp, oba hojalyk ylmyny milli ekerançylyk däpleri, ýörelgeleri, şeýle hem daýhanlaryň, ýer eýeleriniň möwsümleýin meýdan işleri bilen sazlaşykly alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. Oba hojalyk ekinleriniň, şol sanda güýzlük bugdaýyň eýeçilik we tohumçylyk işleriniň geçirilişiniň ylmy esasda ýola goýulmalydygyny aýratyn belledi.

Aşyr ÝOLLYBAÝEW,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, biologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar