''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi – 2024 dowam edýär

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň dabaraly dowam edýär. Bu iri medeni forum her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär. Onuň maksady halkyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga, milli medeni mirasy ösdürmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge, täze zehinleriň ýüze çykmagyna we halkyň medeni derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. 22-nji iýunda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda ýaýbaňlandyryldy. Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Medeniýet ministrliginiň we oňa degişli edara-kärhanalaryň, guramalaryň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.

Milletimiziň ruhy we döredijilik kuwwaty ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyrýar

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçirilýär Arkadag şäheri, 22-nji iýun (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 2024-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda her ýyl guralýan bu döredijilik çäresi milli medeniýetimizi gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşinde barha artýan ornuny, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Maşgala gymmatlyklary milli öwüşginlerden gözbaş alýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly tagallalary netijesinde jemgyýetiň möhüm bölegi bolan maşgalanyň ruhy we maddy binýadyny berkitmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman obalar, şäherler, döwrebap ýaşaýyş toplumlary gurlup, ýaş maşgalalara uzak möhletli ýeňillikli karzlar bilen ýaşaýyş jaýyny edinmäge döredilýän giň mümkinçilikler maşgalanyň maddy binýadyny berkidýär. Bu bolsa, öz gezeginde, maşgala gymmatlyklaryndaky milli ýörelgelerimizi goramak bilen birlikde, ony döwrebap milli öwüşginler bilen baýlaşdyrýar. Maşgala jemgyýetiň bir düzüm bölegi bolup, ilkinji özara gatnaşyklar onda döreýär we kämilleşýär. Berk maşgalany kemala getirmek babatynda pederlerimiz bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň gönezligi, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy hasaplanypdyr. Zenanlar geçmişimiziň buýsanjy, şu günümiziň guwanjy, geljegimiziň ynamy bolup, iň asylly häsiýetleri özlerinde jemläp, maşgala mukaddesliklerimizi gorap saklamak bilen, paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda, wepalylykda, watansöýüjilikde türkmen halkynyň buýsanjy

Milletimiziň ruhy we döredijilik kuwwaty ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyrýar

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçirilýär Arkadag şäheri, 22-nji iýun (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 2024-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda her ýyl guralýan bu döredijilik çäresi milli medeniýetimizi gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşinde barha artýan ornuny, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Halkyň hazynasy — nesilleriň buýsanjy

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen, «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy. Oňa laýyklykda, Daňdanakan galasynda, Daýahatyn kerwensaraýynda, Abu Seýit Abul Haýryň (Mäne baba) kümmetinde we onuň ýanyndaky orta asyr hanaka metjidiniň galyndylarynda arassalaýyş-berkidiş işleri alnyp barylýar. Şeýle işler Köneürgenç etrabynyň merkezinden günorta-günbatar tarapda ýerleşýän arheologik-binagärlik toplumyna degişli kerwensaraýyň peştagynda hem dowam edýär. Arheologik barlaglaryň dowamynda ýüze çykarylan taryhy-medeni gymmatlyklary aýawly saklamak, öwrenmek, rejelemek we muzeýleşdirmek boýunça-da işler geçirilýär. Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginden geçýän kerwen ýolunyň ugrundaky öri meýdanlaryndan bu ýeriň ýaşaýjylary tarapyndan altyn teňňeler tapyldy. Olar bu gymmatlyklary meýletin esasda “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň «Daş metjit» halk hünärmentler muzeýiniň gaznasyna tabşyrdylar. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň “Köne

Medeniýet hepdeligine badalga berildi

22-nji iýunda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän bu iri medeni-köpçülikleýin dabara her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýär. Döredijilik forumynyň maksady halkymyzyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga, milli medeni mirasymyzy ösdürmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge, täze zehinleriň ýüze çykmagyna we halkyň medeni derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Döwrüň iň täze Arkadag — «akylly» şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda ýaýbaňlandyryldy. Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Medeniýet ministrliginiň we oňa degişli edara-kärhanalaryň, guramalaryň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

Türkmen edebiýatynyň ýokary derejesi Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen ölçenilýär. Magtymguly Pyragy, takmynan, 1724-nji ýylda türkmen edebiýatynyň tanymal wekili, şahyr Döwletmämmet Azadynyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol türkmen syýasy-jemgyýetçilik pikirinde, milli şygryýetde düýpli özgerişleri geçiren, türkmen edebi dilini, edebiýatyny esaslandyran beýik akyldar şahyrdyr. Magtymguly, sözle herne bileniň,

Dünýä edebiýatynyň döwresi

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gaýybana syýahat «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň arasynda belli rus ýazyjysy hem-de meşhur edebiýat tankytçysy F.Dostoýewskiniň heýkeliniň bolmagy edebiýaty söýüjileri begendirdi. Çünki F.Dostoýewskiý özüniň pelsepewi eserleri bilen dünýäde meşhurlyk gazanan ýazyjylaryň biridir. Geçirilen halkara sosiologiýa seljermeleriň netijesine laýyklykda rus ýazyjysynyň kitaplary dünýäde iň köp okalýan eserleriň öňdäki onlugynda hormatly orny eýeleýär.

1,7 milliard amerikan dollaryna satyldy

«Queen» rok topary özüniň saz toplumyny «Sony Musice» satmak barada ylalaşdy. Ylalaşygyň bahasy 1,27 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Ylalaşyga laýyklykda, toparyň sazlaryndan gelýän girdejiniň hemmesini «Sony Music» alar. «Queen» rok topary diňe konsertlerden gelýän girdejileri özünde saklap galdy. Ýeri gelende bellesek, henize çenli hiç bir toparyň ýa-da aýdymçynyň saz toplumy beýle ýokary baha satylmandy. Mundan ozalky rekord 2021-nji ýylda hasaba alnyp, şonda Brýus Springistiniň toplumyny «Sony» 500 million amerikan dollaryna satyn alypdy.

Milli medeniýetimiziň belent waspy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynyň işi has-da ösdürilýär. Häzirki ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi ýürekleri buýsanja besleýär. Bu ajaýyp şäherde milli medeniýetimiziň öwüşginlerini görmek, aýdym-sazyň belent owazyny diňlemek örän ýakymly. Aýdym-sazlar, dabaralar ynsanyň ruhuny belende göterýär, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem Medeniýet hepdeligine döredijilik we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.

Asylly ýörelgeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen medeniýeti we sungaty ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkyň kalbyna, milletiň mertebesine deňeýän türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny has-da ösdürmek boýunça alyp barýan beýik işleriniň uly üstünliklere beslenýändigini aýan edýän Medeniýet hepdeligi tutuş halkymyzyň arzyly baýramçylyklarynyň birine öwrüldi. 22-nji iýunda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Ol çärä gatnaşyjylar tarapyndan uly ruhubelentlikde garşylandy.

Medeniýet — dostluk köprüsi

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­riniň baş­lan­gy­jy bi­len in­di en­çe­me ýyl­lar­dan bä­ri her ýyl­da ýur­du­my­zyň bir se­bi­tin­de Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­ýär. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da bol­sa bu uly baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry il­kin­ji ge­zek hor­mat­ly Prezidenti­mi­ziň gol çe­ken de­giş­li Ka­ra­ry bi­len, 2024-nji ýy­lyň 22 — 27-nji iýu­ny ara­ly­gyn­da Arka­dag şä­he­rin­de Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni ge­çir­mek bel­le­nil­di. Hä­zir­ki wagt­da bu da­ba­ra­lar gu­ra­ma­çy­lyk­ly ba­dal­ga alyp, Arkadag şä­he­ri­niň dür­li ýer­le­rin­de ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­lik­de do­wam ed­ýär. Her ýyl­da ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi eziz Di­ýa­ry­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ne ga­bat­la­nyp gu­ral­ýar hem-de tä­ze ze­hin­le­ri ýü­ze çy­kar­mak bi­len dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dy­r­ma­ga bolan hö­wesini artdyrýar. Il­kin­ji ge­zek bu çä­re Gahryman Ar­ka­da­g

Fudzi dagyndan, elwan güllerden salam!

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Ýa­kyn­da Ýa­po­ni­ýa döw­le­tin­de Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­di. Bu me­de­ni da­ba­ra­la­ra köp­san­ly gör­nük­li me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri bi­len bir­lik­de bag­ty­ýar türk­men ýaş­la­ry gat­naş­dy­lar. Ýaş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň ha­ta­ryn­da Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň, Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry­nyň we mu­gal­lym­la­ry­nyň bol­ma­gy bu sy­ýa­sy-me­de­ni çä­rä­niň äh­mi­ýe­ti­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ýar. Ýaş­lar da­ba­ra­lar­da we bir­nä­çe du­şu­şyk­lar­da, mas­la­hat­lar­da çy­kyş et­di­ler. Bu iş sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gymyzyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň türk­men-ýa­pon gat­na­şyk­la­ry ba­bat­da­ky ta­gal­la­la­ry­na aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­riniň iki hal­kyň dost­luk­ly hyz­mat­daş­ly­gy­na ber­ýän be­lent ba­ha­sy onuň ýa­zan iş­le­rin­de giň­den şöh­le

Sazyň hem sözüň baýramy

Şu gün — 23-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi säher bilen Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly aýdym-sazly dabarasy bilen başlandy. Baýramçylyk çykyşlarynda bagtyýar nesilleriň ýürek joşguny belentden ýaňlandy.

Medeniýet halkyň mertebesidir

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen Medeniýet hepdeligi öz işine başlady. Bu ýyl Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gezek sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher — Arkadag şäherinde geçirilýändigi bolsa busanjymyza buýsanç goşýar.

Medeniýet hepdeligine badalga berildi

Şu gün – 22-nji iýunda Arkadag şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeligi öz işine başlady. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda sungat baýramçylygynyň açylyş dabarasy geçirildi. Teatryň eýwanynda şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergisi giňden ýaýbaňlandyryldy.

Hoş geldiň, köňül baýramy!

Biz oňa hemişekimiz ýaly garaşdyk. Geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu köňül toýumyzda buýsanç bilen aýdara, guwanyp söhbet edere zat diýseň kän. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi öňkülerden has üýtgeşik geldi. Ilki bilen, munuň özi ýylymyzyň ady bilen sazlaşykly ýaňlanýar. Doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga dünýä derejesinde goýulýan belent hormat edebiýatymyza, medeniýetimize, sungatymyza goýulýan beýik sarpadyr. Ýylyň ady we bu ýylda bolup geçýän şanly wakalaryň ählisi milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy has-da dabaralandyrýar.

Döwürleri baglanyşdyrýan köpri

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmegi bu gadymy topragyň baý taryhyna uly sarpadan nyşandyr. Şeýle abraýly derejäni göterýän Änew şäheri bu gün dünýäniň nazaryny özüne gönükdirýär. Şu mynasybetli ýylyň dowamynda guraljak çärelere badalga beren dabaranyň geçirilen günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza peşgeş bermegi bolsa bu topragyň şöhratly taryhyny beýan edýän ygtybarly maglumatlary has içgin öwrenmäge, bu ýerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan täsin tapyndylaryň ähmiýetine aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik döretdi. Kitapda Änew medeniýetiniň mirasdüşeri bolan bu künjegi täze taryhy döwrüň ruhuna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan belent maksatly işler barada-da söhbet edilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi badalga alýar

Berkarar döwletimizde yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu çäre beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Arkadag şäheriniň döredilmeginiň birinji ýyllygyna bagyşlanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan, döwlet ähmiýetli şäher diýlen özboluşly derejä eýe bolan Arkadag şäheriniň taryhy 2023-nji ýylyň 29-njy iýunyndan başlandy.

Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar!