Milletimiziň ruhy we döredijilik kuwwaty ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyrýar

24 Iýun 2024
126

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçirilýär

Arkadag şäheri, 22-nji iýun (TDH). Şu gün Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda 2024-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda her ýyl guralýan bu döredijilik çäresi milli medeniýetimizi gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşinde barha artýan ornuny, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir.

Beýleki habarlar