Medeniýet hepdeligine badalga berildi

23 Iýun 2024
59

22-nji iýunda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän bu iri medeni-köpçülikleýin dabara her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýär. Döredijilik forumynyň maksady halkymyzyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga, milli medeni mirasymyzy ösdürmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge, täze zehinleriň ýüze çykmagyna we halkyň medeni derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir.

Döwrüň iň täze Arkadag — «akylly» şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda ýaýbaňlandyryldy. Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Medeniýet ministrliginiň we oňa degişli edara-kärhanalaryň, guramalaryň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

(TDH).
Beýleki habarlar