''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Täze Ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan maslahat

AŞGABAT, 4-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen tassyklanan bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly teklipler nazara alnyp, öňe sürüldi.

Çar tarapdan, çyn ýürekden

Ahmet HALMYRADOW, «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri: — Arkadagly döwrümiziň her bir ýyly durmuşymyzy şatlyga we bagta besleýär. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň uludan toýlanan ýyly hem ykballary gülleden ajaýyp wakalara örän baý boldy. Gurlup, ulanylmaga berlen durmuş-medeni, önümçilik maksatly desgalar, halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirmek bilen, her birimizi has-da netijeli, döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Çaga gülküsi — parahatçylygyň owazy

Sizde-de şeýlemi? Täze ýyl baýramy ýakynlaşyp başlaýar welin, öýdäki çagalaryň kalbyna egsilmez şatlyk bilen sabyrsyzlyk dolýar. Onsoň, eýýäm dekabryň ortasynda öýde ýa-da howluda arça bezeler-de, şol arça tä ýanwaryň ortasyna çenli bezelgiligine galar. Şol bir aý çemesi wagtyň içinde öýdäki ähli şatlyk-şagalaň bezemen arçanyň töweregindedir. Çagalar barada gürrüňem ýok, şol günler ulular hem edil çaga ýaly şatlanyşar. Ulular başga wagt çaga ýaly hereket etse geňirgeniler, ýöne Täze ýyl baýramynda olary hemmeler bagyşlar. Näme üçinkä?! Sebäbi belli. Täze ýyl baýramy çagalaryň dünýäsine has ýakyn. Bu baýramyň çagalaryň ruhuna ýakyn reňbe-reňlige, şatlyk-şowhuna, täze başlangyja beslenýändigi ony çagalaryň dünýäsine has ýakynlaşdyrýar. Üns berseňiz, şu gezekki Täze ýyl ýene-de çagalaryň baýramyna öwrüldi. Eýýäm baýrama on gün galanda hormatly Prezidentimiz Aýazbabadyr Garpamygyň üsti bilen ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birinji synp okuwçylaryna Täze ýyl sowgatlaryny — döwrebap noutbuklary ýollady. Berkarar Diýarymyzyň ähli sebitlerinde körpeleriň müňlerçesi Täze ýyl baýramyny arzuwlardan hem zyýada gelýän ajaýyp sowgat bilen garşyladylar. 2011-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän bu däbiň şu gezekki esasy aýratynlygy çagal

Bagtly günler ýardyr mydam ilime

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, eziz Diýarymyz ösüşli ýollarda bedew bady bilen öňe barýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasyp sowgatlar bilen garşylandy. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna barýan ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça ýetilen sepgitleriň, durmuşa geçirilýän beýik işleriň sanasaň sogaby kän. Halkymyzyň asuda, parahat ýurtda bagtyýar ýaşamagy üçin alnyp barylýan işler günden-güne, ýyldan-ýyllara has-da belent derejelere ýetýär. Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan adyl syýasaty, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek we her bir raýatyň iş, okuw, ýaşaýyş şertleriniň öňküden-de gowulanmagy babatda gol çekýän Kararlarydyr Permanlary halkymyz tarapyndan goldanylýar. Her ýylyň başynda zähmet haklaryny, talyp haklaryny, döwlet kömek pullaryny, pensiýalary 10 göterim galdyrmak barada karar kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan däbe öwrülip durmuşa geçirilýän bu işler halkymyzyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýär we şeýle bagta mynasyp bolan ildeşlerimiz mähriban Arkadagymyzyň adyna bolan alkyşly sözlerini dile getirýärler:

Düýpli özgerişlikleriň berk binýady

Ata Watanymyz Türkmenistan gün-günden ösýär, özgerýär. Özgerýän döwletde raýat hukuklary hem döwrebap derejede goralýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Baş Kanuny ― Konstitusiýasy ähli türkmenistanlylaryň bagtyýar ýaşamagynyň, öndürijilikli zähmet çekmeginiň hukuk taýdan kepilnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň Konstitusiýasy kanun çykaryjylygyň çeşmesidir» diýip belleýär. Bu hakykatdan hem şeýle. Ýurdumyzyň Baş Kanuny döwlet gurluşynyň, onuň dolandyrylyşynyň raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň esasy hukuk aňladyjysy hökmünde durmuş synagyndan geçdi. Oňa birnäçe gezek üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi ýurdumyzyň ösüşinde syýasy, hukuk, ykdysady taýdan uly özgertmeleriň bolup geçendigi bilen baglanyşyklydyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy has hem güýçlendirildi. Il bähbitli kanunlaryň ençemesi kabul edildi. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýän ol resminamalarda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ruhy, şeýle hem milli Liderimiziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi öz beýanyny tapýar. Şol kanunlar raýatlaryň hukuklaryny giňeldip, jemgyýetimize demokratiýanyň çuňňur ornaşdyrylmagyny üpjün etdi, zähmet gatnaşyklarynyň hukuk taýdan kämil binýadyn

Ilatyň abadan ýaşaýşy üçin

Ýagşy umyt-arzuwlara beslenip, Täze — 2021-nji ýyl bosagamyzdan ätledi. Abadan şu gününe guwanýan, nurana geljegine çäksiz ynanýan agzybir we bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşip, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna belent ruh bilen ynamly gadam goýdy. Täze başlanan ýylyň hem halkymyzyň bagtyýarlygyna we abadançylygyna beslenjekdigine şek-şübhe bolup bilmez. Munuň şeýledigine eýýäm 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinden ildeşlerimiziň köpeldilen pensiýalaryny we döwlet kömek pullaryny alyp başlamagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. «Döwlet adam üçindir!» Hormatly Prezidentimiziň şu dünýä nusgalyk ýörelgesi barha we barha dabaralanýar. Ata Watanymyzda ilatyň ähli gatlaklaryny durmuş taýdan goldamak we goramak babatynda bitirilýän işler haýran galdyryjydyr. Ine, indi köp wagtdan bäri her ýylda aýlyk zähmet haklary, pensiýalar hem-de döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary yzygiderli ýokarlandyrylyp gelinýär. Şeýle ilhalar çözgüt Gahryman Arkadagymyzyň jaýdar belleýşi ýaly, mähriban halkymyzyň mundan beýläk-de abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmeklige gönükdirilendir.

Korrupsiýa garşy göreşiň hukuk esasy

Esasy Kanunymyza laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan her bir adam Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlaryny berjaý etmäge we milli däp-dessurlaryny hormatlamaga borçludyr. Hormatly Prezidentimiz Esasy Kanunymyzyň bu kadasyndan ugur alyp, döwletimizde kanunlara, milli däp-dessurlarymyza hormat goýmagy, olaryň hemmeler tarapyndan ýerine ýetirilmegini, hukuk tertibiniň üpjün, tertip-düzgüniň berjaý edilmegini hemişe talap edýär. Korrupsiýanyň esasy manysy barada aýdylanda, döwlet gullukçylarynyň wezipe ygtyýarlyklaryny ýa-da olar bilen bagly mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly hut özi ýa-da arada durýan adamyň üsti bilen özi üçin ýa-da üçünji şahslar üçin pul, gymmatlyklary, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almagy, şonuň ýaly-da, görkezilen adamlara şeýle peýdamy beýleki fiziki şahslaryň bikanun bermek arkaly olara bermit bermegi, şeýle hem ýokarda görkezilen hereketleriň ýuridik şahslaryň adyndan ýa-da olaryň bähbitlerine edilmegi bolup durýar.

Jemagat hyzmaty göwnejaý guralýar

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirýän maslahatlarynda ilata edilýän möwsümleýin jemagat hyzmatlaryny ýokary derejede guramak barada anyk tabşyryklary berýär, bu ugra dahylly edara-kärhanalaryň öňünde derwaýys wezipeleri goýýar. Olardan ugur almak bilen, biziň etrap jemagat hojalygy müdirligimiziň işgärleri hem giň gerimli çäreleri durmuşa geçirýärler. Olar ýyladyş desgalarynyň kadaly hereket etmegini, köçeleriň, ýollaryň ugurlarynda, meýdançalarda arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleriniň göwnejaý ýerine ýetirilmegini gazanýarlar. Häzirki wagtda müdirligimiziň ýyladyş ulgamyna degişli binalaryň 20-si, jemagat ýaşaýyş jaýlarynyň 54-si bolup, olaryň ýylylyk üpjünçiligine aýratyn üns berilýär. Şonda bu babatda peýdalanylýan 60-dan gowrak desganyň bökdençsiz işledilmegi esasy wezipe bolup durýar. Çünki olaryň güýji bilen ýyladylýan orta mekdeplerde, çagalar baglarynda ýaşlaryň müňlerçesi bilim-terbiýe alýarlar hem-de ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň uly bölegi ýaşaýar.

Çaga we kitap

Rus ýazyjysy Maksim Gorkiý: «Her bir kitap meni adamkärçiligiň belentliklerine galdyrýan, durmuşa düşünmegime ýardam edýän güýç bolup görünýär» diýýär. Hakykatdan-da, kitap durmuşy, ýaşaýşy gözelleşdirýär. Oňa many öwüşginlerini çaýýar. Şeýle güýjüň çaganyň durmuşyna hem ornaşmagy, elbetde, her bir ata-enäniň arzuwydyr. Hawa, kitap iň gowy dost hasaplanylýar. Kitap bilen dostlaşan her bir çaga özünde aýratyn bir dünýäni açýar. Şol dünýä hem onuň öz-özüne akyl ýetirmegine ýardam edýär. Kitap diýleninde, çagalar diňe bir okuw kitaplary bilen çäklendirilmeli däldir. Sebäbi çaganyň durmuşynda çeper edebiýatyň uly orny bardyr. Kitap çagalaryň ylym-bilimiň çuňluklaryna aralaşmagyna, sözleýiş diliniň ösmegine, söz baýlygynyň artmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, jemgyýetde öz ornuny tapmagyna, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sagdyn bolmagyna, okaýan jemgyýetiň kemala gelmegine itergi berýär. Olaryň ýanynda hemsyrdaş bolup, ýaşaýşa bolan ynamyny güýçlendirýär. Emma bu zatlar diňe çaganyň kitap okamaklygy endik halyna getireninden soňra amala aşýar. Şonuň üçin hem çagalara kitaply dünýäniň lezzetini dadyrmak, ozaly bilen, ata-enäniň, maşgala agzalarynyň, ikinjiden, mugallymlarynyň, galyberse-de, bile tirkeşýän dostlarynyň üstüne d

Beýni we akyl-paýhas oýunlary

Akyl-paýhas oýunlarynyň diňe bir güýmenje bolman, beýniniň işjeňligini artdyryp, zehini ýitileşdirýändiginden habaryňyz bardyr. Gyşky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde bu oýunlara wagt tapyp bilersiňiz. Olar hem güýmenje, hem-de beýniňiz üçin yzygiderli türgenleşik bolar. Düzzüm, şaşka, küşt, krossword, matallar, tapmaçalar ýaly akyl oýunlary birek-birek bilen özara arabaglanyşygy hem ösdürýär. Professor Riçard Kaselli bu oýunlary yzygiderli oýnamagyň birbada birnäçe ukybyň ýüze çykmagyna, munuň bolsa beýnidäki käbir keselleri bejerijilik häsiýetine eýedigini belleýär. Çünki 12 ýylyň dowamynda 1157 müň adamda geçirilen barlaglarda yzygiderli akyl oýunlaryny oýnamagyň täsiri bilen beýnidäki Alsgeýmer keseliniň ýok bolup gidýändigi ýüze çykaryldy.

Reňkleriň täsiri

Taryhy çeşmelerde «Ata-babalarymyz gadymy döwürde öz daş-töweregini Günüň hereketine görä dört tarapa bölüpdirler. Her tarapa bir at dakyp, olary özboluşly häsiýet, nyşan we reňk bilen tapawutlandyrypdyrlar. Mysal üçin, oguzlar gündogara gök reňk berip bahary, günorta gyzyl reňk berip tomsy, günbatara ak reňk berip güýzi, demirgazyga gara reňk berip gyşy aňladypdyrlar» diýlip bellenilýär. Diýmek, gadymyýetde pederlerimiz reňkleriň üsti bilen dürli pursatlary aňlatmagy başarypdyrlar. Şeýlelik bilen ýaşyl reňk il arasynda ýaşlygy, umyt-arzuwy aňladýar. Gyzyl reňk Günden gözbaş alyp, toý-baýramyň, şan-şöhratyň reňki hasaplanylsa, ak reňk milli däp-dessurlarymyza laýyklykda «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlip, tämizlige deňelýär. Türkmenleriň toý däp-dessurlarynda diş çykaran çaganyň üstünden ak patragyň, täze gelen gelniň üstünden ak nogulyň seçilmegi hem şonuň üçin bolsa gerek. Munuň özi halkymyzyň durmuşynda reňkleriň uly mana eýedigini görkezýär. Şöhratly taryhymyzda hem reňkler hakyndaky dürli düşünjeler halkyň edim-gylymlarynda, däp-dessurlarynda öz beýanyny tapýar.

Giň dünýäniň geň habarlary

Edil aýna ýaly Öndürýän önümleri bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän «Xiaomi» kompaniýasy aňyrsy görnüp duran, edil aýna ýaly diýdirýän täze telewizorlaryň önümçiligini ýola goýmakçydygyny mälim etdi. Şeýle telewizorlary 2019-njy ýylda «Panasonic», 2017-nji ýylda «LG», 2016-njy ýylda «Samsung» kompaniýalary köpçülige tanyşdyrypdy. Kompaniýa şeýle telewizorlary köpçülikleýin öndürmegi maksat edinýär. «Xiaomi Mi TV Lux Transparent Edition» diýlip atlandyrylýan telewizoryň OLED ekrany 55 dýuým bolup, onuň galyňlygy 5,7 mm deň bolar. Onuň haçan satuwa goýberiljekdigi hakynda anyk maglumatlar ýok. Telewizoryň bahasynyň beýleki kompaniýalaryň şeýle görnüşli telewizorlaryndan 3 esse arzan bolmagyna garaşylýar.

Giň mümkinçilikleriň ulgamy

Garaşsyz döwletimiziň ykdysadyýetini ösüş--özgerişli döwrümiziň talaplaryna laýyklykda depginli ösdürmekde Gahryman hem mähriban Prezidentimiz wajyp wezipeleri öňe sürýär. Şol wezipeleriň birem sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyryp, ýurdumyzy çalt depginlerde ösdürmekdir. Halk hojalygyna we beýleki ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmak şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlarynda sanly ykdysadyýet giň gerime eýe bolup, Arkadag Prezidentimiz kämil ulgama geçilmegi bilen bagly giň möçberli işler barada möhüm wezipeleri öňde goýýar. Milli Liderimiziň “Türkmenistanda 2019 — 2025--nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekmegi bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilip başlandy. Sanly ykdysadyýetiň ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uludyr. Muny institutymyzda alnyp barylýan işlerem doly subut edýär. Biz, talyplara bilim berip, hünär öwretmekde kämil ulgamdan peýdalanylmagy gowy netijeleri berýär.

Kitaphana ulgamy ösdürilýär

Zähmet üstünlige ýetirýär Eziz Arkadagymyzyň saýasynda Diýarymyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, kitaphana ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar.

Nusgasy iller gezer

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan ýaşaýşyna gönükdirilen beýik işlerini, ýaşlaryň edep-terbiýeli bolmaklaryny, gyzlaryň el hünärlerinden baş çykarmaklaryny gazanmagy wagyz etmek boýunça täsirli çäreler, maslahatlar, sergiler guralýar. Şeýle çäreleriň biri-de «Nusgasy iller gezer» diýen at bilen Serdar şäher medeniýet öýünde geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Serdar şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we şäher birleşmeleriniň bilelikde guramaklarynda geçirilen söhbetdeşlige orta mekdepleriň mugallymlary, mährem eneler we gyzlar gatnaşdylar. Çykyşlarda el işleriniň gyzlary terbiýelemekdäki ähmiýeti barada gürrüň edildi. Gyzlara keşde-nagyş öwretmekde, haly-palas dokamagyň tärlerini doly ele almaklaryny gazanmakda edilmeli işleriň edep-terbiýe bilen baglydygy aýdyldy. El işleriniň dowamat-dowam bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, beýik başlangyçlarynyň has-da rowaç almagy arzuw edildi.

Paýhas diwany — dünýä dillerinde

Golaýda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby ýene-de birnäçe daşary ýurt dillerine — türk, arap, fransuz dillerine terjime edilip, olaryň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Dabaralara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň professor-mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, bu kitap eýýäm hytaý, ýapon, rus, azerbaýjan, gruzin we ukrain dillerine hem terjime edildi. Bu sanawyň yzygiderli artmagy milli Liderimiziň gymmatly eserlerine dünýä jemgyýetçiliginde gyzyklanmanyň uludygynyň, döwlet Baştutanymyza goýulýan çuňňur hormatyň nyşanydyr. Kitap 12 bölümden ybarat bolup, olarda durmuşyň gönezligi, Zeminiň abatlygy, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, ynsaply bolmak, agzybirlik ýaly düşünjeler giňişleýin beýan edilýär. Kitapdaky: «Häzirki wagtda halkara giňişlikdäki dostlukly gatnaşyklar ösüşleri ýaýbaňlandyrmaga amatly ýagdaýy döredýär. Adamzadyň döreden beýik taglymatlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň ýoly hem dostlukdadyr» diýen sözler halkymyzyň dost-doganlyga uly ähmiýet berýändigini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň baş ýörelgelerini alamatlandyrýar.

Watany söýmegiň mekdebi

Zeminiň parahatçylygy, halklaryň dostlugy, jemgyýetiň durnuklylygy ynsanlaryň ýagşy umyt-arzuwlarynyň rowaç bolmagynyň ilkinji şertleri hasaplanýar. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ählumumy parahatçylygyň pugtalandyrylmagy, ýurduň asudalygy, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň ygtybarly goraglylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenýär. Toplumlaýyn özgertmelerde halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi baş wezipe hökmünde öňe çykarylýar. Ata Watanymyzyň goragynda takyk tabşyryklary ýerine ýetirýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Akyldar danalar «Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz», «Merdi sylan — merdana» diýen we başga-da ençeme parasatly pähimleriň üsti bilen Watanyňa, halkyňa wepalylyk baradaky düşünjeleri milli edep-kadalaryň, ahlak päkliginiň özenine deňäpdirler. Duşmana gaýtawul bermekde gaýduwsyzlyk görkezen edermen ata-babalarymyz nesil terbiýesinde dogduk mekana ygrarlylyk duýgularynyň kemala getirilmegini öňdäki orunda goýupdyr. Perzentleriniň goç ýigitler, asylzada gyzlar, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri hakyndaky arzuwlaryny ene hüwdüsine, ata pendine siňdiripdir. Milli oýunlara ý

Arkadagly Diýara hoş gelipsiň, Täze ýyl!

Şatlyk-şowhuny her bir öý-ojagy gurşap alýan Täze ýyly garşylamak dabarasy welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Esasy dabaralar Balkanabat şäherindäki welaýat kitaphanasynyň öňünde oturdylan welaýatyň baş Täze ýyl arçasynyň ýanynda giňden ýaýbaňlandyryldy. Älemgoşar öwüşgini bilen haýran galdyrýan baýramçylyk meýdançasynda şatlyga beslenen dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar körpeler, medeniýet we sungat ussatlary, talyp ýaşlar agzybirlik bilen gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli guralan teleköpri dabara gatnaşyjylara ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary bilen toý şatlygyny paýlaşmaga, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň adyna baýramçylyk gutlaglaryny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Buýsançly ýaňlanan baýramçylyk gutlaglarynda şöhratly taryhymyzda mynasyp orun alan 2020-nji — “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylan köpugurly üstünlikler dogrusynda durlup geçildi. 2020-nji ýyl döwletimiziň iň täze taryhynda milli we halkara ähmiýetli şanly wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda hem hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly, döredijilikli beýik işleri rowaçlyklara beslenip, durmuş-ykdysady özgertmeler üstünli

Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy

Baky berkarar döwletimiz hemmeleriň kalbyny toý şatlygyna besläp gelen täze, 2021-nji ýyla gadam basdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan bu ýylyň hem eziz Diýarymyza düşümli ýyllaryň biri boljakdygyny onuň belent tutumlaryndan duýmak bolýar. Toý lybasyna beslenen Täze ýyl arçalarynyň daş-töwereginde baýramçylyk keşbi kalbyňy joşa getirýär. Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda geçirilen dabara hem ýatdan çykmajak täsirli pursatlara beslendi. Dabarada çykyş edenler bu ýere ýygnanan bagtyýar körpeleri Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Täze ýylda ata Watanymyzyň abadan, ilimiziň agzybir, topragymyzyň rysgal-bereketli bolmagyny arzuw etdiler. Körpeler şatlyk-şowhun bilen Aýazbabadyr Garpamygy çagyrdylar. Ýürekleri joşgunly körpeler Aýazbabadyr Garpamyk bilen bilelikde aýdym aýdyp, tans etdiler. Täze ýyl baýramçylygyny wasp edýän goşgulary ýatdan aýtdylar. Olaryň Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edip aýdan aýdymlary, goşgulary halkymyzy eşretli döwrüň eýesi eden Arkadag Prezidentimize hoşallyklarynyň beýany bolup ýaňlandy.

Rowaclyga beslendi

Ýagşy umyt-arzuwlar bilen Täze ýylymyz bosagadan ätledi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly uly ösüşleri, möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakalary bilen taryhymyzyň gatynda mynasyp orun alar. 2020-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllygy dabaraly bellenip geçildi. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýy uludan tutuldy. Mydama bolşy ýaly, gazanylan üstünlikler örän köpdür. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim ulgamyny ösüşiň täze derejelerine çykarmaga gönükdirilen işler oňat netije berýär. Bilim berlişiniň hili ýokarlanýar. Bizem çagalar bagymyzda sapaklary talabalaýyk guramaga, terbiýeçilik çärelerini gyzykly geçirmäge çalyşýarys. Şu maksat bilen görkezme esbaplaryndan, interaktiw tagtadan peýdalanýarys. Şeýle edilmegi körpeleriň sapaga höwesiniň artmagyna ýardam edýär. Çagalar bagymyzda terbiýelenýän çagalar şäher, welaýat derejesinde geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar, baýrakly orunlary eýeleýärler. Şäher möçberinde guralan «Zehinliler öňe saýlanýarlar», «Körpe bilgirjeler», «Dil bilen dünýäni gezer» atly bäsleşiklerem gyzykly boldy.