Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy

2 Ýanwar 2021
2487

Baky berkarar döwletimiz hemmeleriň kalbyny toý şatlygyna besläp gelen täze, 2021-nji ýyla gadam basdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan bu ýylyň hem eziz Diýarymyza düşümli ýyllaryň biri boljakdygyny onuň belent tutumlaryndan duýmak bolýar. Toý lybasyna beslenen Täze ýyl arçalarynyň daş-töwereginde baýramçylyk keşbi kalbyňy joşa getirýär.

Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda geçirilen dabara hem ýatdan çykmajak täsirli pursatlara beslendi. Dabarada çykyş edenler bu ýere ýygnanan bagtyýar körpeleri Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Täze ýylda ata Watanymyzyň abadan, ilimiziň agzybir, topragymyzyň rysgal-bereketli bolmagyny arzuw etdiler. Körpeler şatlyk-şowhun bilen Aýazbabadyr Garpamygy çagyrdylar. Ýürekleri joşgunly körpeler Aýazbabadyr Garpamyk bilen bilelikde aýdym aýdyp, tans etdiler. Täze ýyl baýramçylygyny wasp edýän goşgulary ýatdan aýtdylar. Olaryň Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edip aýdan aýdymlary, goşgulary halkymyzy eşretli döwrüň eýesi eden Arkadag Prezidentimize hoşallyklarynyň beýany bolup ýaňlandy.

Annagül HOJAÝEWA,
welaýat Polisiýa müdirliginiň jemgyýetçilik howpsuzlygy bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar