Jemagat hyzmaty göwnejaý guralýar

4 Ýanwar 2021
1365

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirýän maslahatlarynda ilata edilýän möwsümleýin jemagat hyzmatlaryny ýokary derejede guramak barada anyk tabşyryklary berýär, bu ugra dahylly edara-kärhanalaryň öňünde derwaýys wezipeleri goýýar. Olardan ugur almak bilen, biziň etrap jemagat hojalygy müdirligimiziň işgärleri hem giň gerimli çäreleri durmuşa geçirýärler. Olar ýyladyş desgalarynyň kadaly hereket etmegini, köçeleriň, ýollaryň ugurlarynda, meýdançalarda arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleriniň göwnejaý ýerine ýetirilmegini gazanýarlar.

Häzirki wagtda müdirligimiziň ýyladyş ulgamyna degişli binalaryň 20-si, jemagat ýaşaýyş jaýlarynyň 54-si bolup, olaryň ýylylyk üpjünçiligine aýratyn üns berilýär. Şonda bu babatda peýdalanylýan 60-dan gowrak desganyň bökdençsiz işledilmegi esasy wezipe bolup durýar. Çünki olaryň güýji bilen ýyladylýan orta mekdeplerde, çagalar baglarynda ýaşlaryň müňlerçesi bilim-terbiýe alýarlar hem-de ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň uly bölegi ýaşaýar.

Ýazmyrat GURBANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky etrap jemagat hojalygy müdirliginiň hünärmeni.
Beýleki habarlar