''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Hil we standartlaşdyrmak — ösüşiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşlerden-ösüşlere barýar. Ykdysady strategiýada diwersifikasiýa syýasaty dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň we uzak geljekde onuň ösüşe ukyplylygyny üpjün etmegiň netijeli ugry hökmünde kesgitlenildi. Bu ugur ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamalarynda mynasyp orun eýeleýär. Şunda hil we standartlaşdyrmak ösüşiň binýady bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

«Rosstandartda» aýratyn «Logistika komiteti» döredildi

«Rosstandart» «Logistika we üpjünçilik zynjyryny dolandyrmak» (TK 490) diýen at bilen standartlaşdyrmak boýunça tehniki komitetini döretdi. Degişli buýruk (çeşme) bölümiň web saýtynda çap edildi. Täze hökümet edarasy pudagyň sanly öwrülişigi şertlerinde ahyrky ulag we logistika hyzmatlaryny guramakda özara täsir etmek boýunça milli startlary ösdürmek boýunça ähli üpjünçilik zynjyryna gatnaşyjylary birleşdirmek üçin esaslandyryldy.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, uçar we yşyklandyryş kerosinini, nebit bitumyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, tehniki uglerody satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 33 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan we Gruziýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awiakerosini, nebit bitumyny, yşyklandyryjy kerosini, az kükürtli ýakyş mazudyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi, tehniki uglerody satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 77 million 668 müň 300 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýurt

Türkmenistan maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýurtdur. Içerki we daşary ýurt maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ýurduň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmek hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwletimiziň öňe sürýän amatly maýa goýum gurşawyny döretmek babatdaky başlangyçlaryna halkara giňişliginde ýokary baha berilýär. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýumlar durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, bilim ulgamyna degişli orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdirilýär.

ÝÜPEKÇILIK HEM-DE HALYÇYLYK SUNGATY

Türkmen topragynda ýüpekçiligiň taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Ýüpekçiligiň milli däpleri, ajaýyp ýüpek matalary we halylary dokamagyň usullary nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetip gelipdir. Beýik Ýüpek ýoly Gündogardan Günbatara tarap ýaýylyp ýatan düzlükleriň, daglyklardyr çöllükleriň üstünden geçipdir. Bu söwda ýolunyň ady şol wagtlar onda daşalan örän gymmatbahaly harydyň — ýüpegiň ady bilen baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyz pile öndürmekde ýokary ussatlyga ýetipdirler. Bu iş sungat derejesine ýetirilip, ýüpekden haly we mata dokamagyň ygtybarly usullary döredilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde ýüpekçiligiň taryhy barada gymmatly maglumatlar getirilýär.

Ykdysady ösüşler

Ykdysady ösüş her bir jemgyýet üçin derwaýysdyr. Sebäbi ol jemgyýetçilik gurluşynyň nähilidigine garamazdan, halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň iň bir wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, geçen taryhy döwrüň dowamynda senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sözüň doly manysynda, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi. Türkmenistan milli ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. Orta we uzakmöhletleýin döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanda ösen elektroenergetika, nebit we gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa, nebit-himiýa senagatlary, maşyn-gurluşyk, demri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil hem-de azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly dürli maksatly ykdysadyýet döredildi.

Italiýanyň ykdysadyýetine syn

Geografik ýerleşişi boýunça ädigi ýadyňa salýan Italiýa döwleti ýokary derejede ösen sosial bazar ykdysadyýetine eýedir. Dünýäniň ösen ykdysadyýetli ýurtlarynyň sanawynyň ilkinji onlugyna girýän Italiýanyň ykdysadyýetiniň esasy bölegini hyzmatlar we önümçilik pudaklary tutýar. Mundan başga-da, syýahatçylyk pudagy ýurduň ykdysadyýetine saldamly goşant goşýar. Italiýa Ýewropa Bileleşiginde 3-nji uly milli ykdysadyýetdir. Ýurt senagat önümçiligi boýunça Ýewropanyň 2-nji, dünýäniň 7-nji ýurdudyr. Häzirki wagtda Italiýa nominal jemi içerki önümi boýunça dünýäde 9-njy, satyn alyş kuwwaty babatda 13-nji orny eýeleýär. 2024-nji ýylda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 0,7 göterime deň bolup, görkezijileriň degişlilikde, 2,328 we 3,347 trillion amerikan dollary möçberinde boljakdygy çaklanylýar. Şeýle-de üstümizdäki ýylda ilatyň jan başyna düşýän nominal jemi içerki önüminiň 39,580 amerikan dollaryna deň bolmagyna garaşylýar.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Italiýa

Italiýa Respublikasy Ýewropa Bileleşiginiň, «Uly ýedi» (G7) we «Uly ýigrimi» (G20) toparlarynyň agzasy, senagat taýdan ösen, ykdysadyýetiniň möçberi boýunça ýewro giňişliginde 3-nji orny, jemi içerki önümiň nominaly boýunça dünýäde 9-njy orny eýeleýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Italiýa meşhur moda brendleriniň we pizzanyň watanydyr. Meşhur moda brendli harytlary öndürýän TOP-100 kompaniýasynyň 24-si Italiýa degişli bolup, dünýäde 1-nji orny eýeleýär. Şol 24 kompaniýanyň üçden iki bölegi eşik we aýakgap sektorynda işleýärler. Ýurt maşyngurluşygy, agajy gaýtadan işlemek, infrastruktura, senagat dizaýny, kosmetika, derman önümleri we beýleki möhüm pudaklarda dünýäde öňdebaryjydyr. Gaýtadan dikeldilýän energiýa, galyndylary gaýtadan işlemek, ýapyk dolanyşykly ykdysadyýet we durnukly ösüş çygyrlarynda Italiýanyň ýeten derejesi nusgalyk hasaplanýar. Sirkulýar ykdysadyýeti başlangyçlarynda täze işewürlik modellerini we gurluşlaryny, şeýle hem kiçi we orta kärhanalara, ýerli önümçiliklere üns bermek bilen zerur infrastrukturany döretmeklige Italiýa uly ähmiýet berýär. Ýurt derejesinde «Italiýa üçin ýapyk dolanyşykly ykdysadyýet modeline tarap ýol: syn we strategik çäkler» atly milli resminama 2017-nji ýylda kabul edilýär. Ony durmuşa geçirm

Russiýadan Hytaýa tebigy gaz ibermek üçin täze turbageçiriji gurlar

Russiýadan Hytaýa tebigy gazy ibermek üçin täze turbageçiriji gurlar. «Sibiriň güýji 2» diýlip atlandyryljak täze turbageçiriji her ýyl 50 milliard kub metr rus gazyny Hytaýa akdyrmaga mümkinçilik berer. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Hytaýa amala aşyran döwlet saparynyň çäginde mälim edildi. Mongoliýanyň çäginden geçjek, umumy uzynlygy 2600 kilometre deň bolan tebigy gazy akdyrmaga niýetlenen turbageçiriji bilen ugurdaş täze nebit turbageçirijisiniň hem gurulmagy meýilleşdirilýär.

Dünýä bazaryndaky paýyny 30 göterime ýetirmegi maksat edinýär

Ýaponiýanyň Hökümeti awtoulag önümçiligini sanlylaşdyrmak üçin täze maksatnamany tassyklamagy meýilleşdirýär. Oňa laýyklykda, milli öndürijiler tarapyndan 2030-njy ýyla çenli ýokary programma üpjünçiligi ornaşdyrylan ulaglar bu ugurdaky dünýä bazarynyň 30 göterimini emele getirer. Munuň üçin ýapon hökümeti kompaniýalaryň arasynda üç ugur boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär: programma üpjünçiligini döretmek, özbaşdak (awtonom) dolandyryş we maglumatlary ulanmak. Hususan-da, «Toyota Motor», «Honda Motor» we «Nissan Motor» ýaly iň iri ýapon awtoulag kompaniýalarynda 2025-nji ýyldan başlap şeýle hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar.

10 ýylda 3,8 milliard dollar maýa goýdy

Hytaý soňky 10 ýylda Täjigistanyň ykdysadyýetine 3,8 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýdy. Bu barada Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen Duşenbe şäherinde bolan duşuşygynda mälim edildi. – Hytaý söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlarynda iň uly hyzmatdaşlarymyzyň biridir. Hytaýyň soňky on ýylda Täjigistanyň ykdysadyýetine gönükdirenmaýa goýumlarynyň umumy mukdary 3,8 milliard amerikan dollaryna deň boldy – diýip, Täjigistanyň Prezidenti belledi.

Baýlygy 1 milliard funt sterlingden geçdi

Beýik Britaniýanyň «The Beatles» aýdym-saz toparyny esaslandyryjylaryň biri Pol Makkartniniň baýlygy 1 milliard funt sterlingden geçdi. Şeýlelikde, ol bu sepgide ýeten ilkinji britaniýaly sazanda hökmünde taryha girdi. «The Times» neşiriniň habar bermegine görä, geçen ýyl Poluň we onuň aýaly Nensiniň baýlygy 50 million funt artyp, 1 milliard funt sterlinge (takmynan, 1,27 milliard amerikan dollara) ýetdi.

2 esse artdyrar

Gazagystan Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara söwda dolanyşygyny ýakyn geljekde 2 esse artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň söwda we integrasiýa ministriniň orunbasary Kaýrat Torebaýew mälim etdi. Geçen ýyl Gazagystan bilen sebitiň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 7,7 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Gazagystan geljek 5 — 10 ýylyň dowamynda Özbegistan bilen söwda dolanyşygyny 10 milliard amerikan dollaryna, Gyrgyzystan we Täjigistan bilen söwda dolanyşygyny bolsa 2 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi göz öňünde tutýar.

11,1 milliard ýewro çenli peýda gazanar

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäheri 2024-nji ýylyň tomsunda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan 6,7 — 11,1 milliard ýewro möçberinde arassa peýda gazanmagy meýilleşdirýär. Sport hukugy we ykdysadyýeti merkezi tarapyndan yglan edilen maglumatlara görä, Olimpiýa oýunlary üçin Pariž şäherine 3,1 milliona çenli myhman geler. Gelen myhmanlaryň şäherde 2,6 milliard möçberinde pul sowjakdyklary çaklanylýar.

Russiýa «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesi boýunça maýa goýumlary meýilleşdirýär

Russiýanyň daşary ýurtlarda senagat seýilgählerini, logistika merkezlerini we port infrastrukturasyny döretmäge maýa goýmagy meýilleşdirýändigini Russiýa Federasiýasynyň Söwda ministrliginiň daşary söwda pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygy we ygtyýarnama departamentiniň direktory Roman Çekuşowyň sözlerine salgylanýan «ТАСС» habar berýär. Häzirki wagtda yzygiderlilik boýunça 12 taslama göz öňünde tutulýar. — Häzirki wagtda býudjet ýüz tutmasy ýerine ýetirilmek tapgyrynda, sebäbi bu infrastrukturany 2025 — 2030-njy ýyllar aralygynda amala aşyrmak maliýeleşdirilýär. Bu milli taslamalaryň täze tapgyry bolar — diýip, Roman Çekuşow tassyklady.

«Fesco» we «Ratraco» Russiýadan Wýetnama göni demir ýol hyzmatyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

«Fesco» ulag topary we Wýetnamyň «Ratraco» logistika operatory Russiýadan Wýetnama göni demir konteýner hyzmatyny ýola goýmagy maksat edinýärler. Bu barada «Fesco» özüniň resmi Telegram-kanalynda habar berýär. «Biz Hanoýda Wýetnamyň «Ratraco» logistika operatory bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdik. Şol resminamanyň esasynda bolsa Russiýadan ýola düşüp, Hytaýyň çäginden Wýetnama barýan göni demirýol konteýner hyzmatyny ýola goýmagy meýilleşdirýäris» — diýlip, toparyň habarynda beýan edilýär.

Sazlaşykly ösüşler — ykdysady kuwwatyň nyşany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda wise-premýerler gezekli-gezegine aýry-aýry pudaklarda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlar bilen çykyş etdiler. Dört aýyň makroykdysady görkezijileri hakynda berlen hasabatda jemi içerki önümiň 6,3 göterim artandygy aýdyldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim ýokarlanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — aprel aýlarynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, g

Elektroenergetika – wajyp ugur

Elektroenergetika milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan wezipeleri, şol sanda halk hojalyk toplumyny güýçli depginde senagatlaşdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde energetika senagatyna möhüm orun berilýär. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barlyp, uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär. Elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalary guruldy, öndüriji kuwwatlyklar ençeme esse artdyryldy, täze elektrik geçiriji ulgamlar guruldy we täzelenildi. Bu işler ýurdumyzyň dünýä energetika ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagy üçin amatly şertleri döredýär.

Türkmenistanda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirilýär

15-nji maýda Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi açyldy. Sergiler zalynyň giň meýdançasynda şowhunly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döredijilik toparlary sergä gatnaşyjylary we myhmanlary aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylaýarlar. Açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.