Hil we standartlaşdyrmak — ösüşiň binýady

20 Maý 2024
222

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşlerden-ösüşlere barýar. Ykdysady strategiýada diwersifikasiýa syýasaty dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň we uzak geljekde onuň ösüşe ukyplylygyny üpjün etmegiň netijeli ugry hökmünde kesgitlenildi. Bu ugur ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamalarynda mynasyp orun eýeleýär. Şunda hil we standartlaşdyrmak ösüşiň binýady bolup durýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Humaý ANNAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar