Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Italiýa

19 Maý 2024
242

Italiýa Respublikasy Ýewropa Bileleşiginiň, «Uly ýedi» (G7) we «Uly ýigrimi» (G20) toparlarynyň agzasy, senagat taýdan ösen, ykdysadyýetiniň möçberi boýunça ýewro giňişliginde 3-nji orny, jemi içerki önümiň nominaly boýunça dünýäde 9-njy orny eýeleýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Italiýa meşhur moda brendleriniň we pizzanyň watanydyr. Meşhur moda brendli harytlary öndürýän TOP-100 kompaniýasynyň 24-si Italiýa degişli bolup, dünýäde 1-nji orny eýeleýär. Şol 24 kompaniýanyň üçden iki bölegi eşik we aýakgap sektorynda işleýärler. Ýurt maşyngurluşygy, agajy gaýtadan işlemek, infrastruktura, senagat dizaýny, kosmetika, derman önümleri we beýleki möhüm pudaklarda dünýäde öňdebaryjydyr.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa, galyndylary gaýtadan işlemek, ýapyk dolanyşykly ykdysadyýet we durnukly ösüş çygyrlarynda Italiýanyň ýeten derejesi nusgalyk hasaplanýar. Sirkulýar ykdysadyýeti başlangyçlarynda täze işewürlik modellerini we gurluşlaryny, şeýle hem kiçi we orta kärhanalara, ýerli önümçiliklere üns bermek bilen zerur infrastrukturany döretmeklige Italiýa uly ähmiýet berýär. Ýurt derejesinde «Italiýa üçin ýapyk dolanyşykly ykdysadyýet modeline tarap ýol: syn we strategik çäkler» atly milli resminama 2017-nji ýylda kabul edilýär. Ony durmuşa geçirmek işleri Italiýanyň Daşky gurşawy goramak we Ykdysady ösüş ministrlikleriniň üstüne ýüklenendir. Soňra 2018-nji ýylda «Dolanyşykly ykdysadyýet we resurslary netijeli peýdalanmak. Sirkulýar ykdysadyýeti ölçemek üçin görkezijiler» atly resminama kabul edilýär. Bu resminamada sirkulýar ykdysadyýeti çygrynda anyk görkezijileri gazanmak üçin zerur başlangyçlary kartalaşdyrmagyň we ölçemegiň möhümdigi nygtalýar.

Gulbeşer BABAÝEW,. Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar