''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

TÜRKMENISTAN WE HINDISTAN: DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ MIWESI

Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä ýurtlary, şol sanda Hindistan bilen köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky başlangyçlary täze ösüşe we mazmuna eýe bolýar. Energetika, ulag, logistika, maýa goýum, oba hojalyk, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar iki ýurduň gülläp ösmegine goşant goşýar hem-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkidýär, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze ugurlary açyp, ozal ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da giňeldýär. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen işleri netijesinde özara tanyşmak hem-de tejribe alyşmak ýaly ugurlara hem aýratyn uly üns berilýär. Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary hem munuň aýdyň mysalydyr. Köpugurly ylmy, medeni gatnaşyklaryň hataryna türkmenistanly döredijilik işgärleriniň zeminiň jenneti hasaplanylýan Hindistan Respublikasyna ýaňy-ýakynda döredijilik saparynda bolandyklaryny hem goşup bolar.

Medeniýetleriň dostlugy — halklaryň jebisligi

Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi Medeni gatnaşyklar halklary ýakynlaşdyrýar, köpugurly hyzmatdaşlyga rowaçlyk berýär. Munuň şeýledigini ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri ýene bir gezek tassyklady. Onuň çäklerinde guralan dürli çäreler gazagystanly doganlarymyzy köpöwüşginli türkmen medeniýetiniň hem-de sungatynyň şu günki üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Astana şäherindäki Kalibek Kuanyşbaýew adyndaky sazly drama teatrynda guralan Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna dostlukly ýurduň degişli düzümleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri, medeni-edebi, ylmy jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, gazak paýtagtyndaky daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri hem-de şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Olar teatryň eýwanynda guralan Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, şaý-sepleriň sergisine tomaşa etdiler. Dabarada çykyş edenler Medeniýet günleriniň ýokary derejede guralandygy üçin Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň hormatly Prezidentlerine çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.

“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasyna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bina edilen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň giňden bellenilýän gününde “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Bu güwänama “Hil menejmentiniň ulgamy” diýen ugur boýunça önümleriň hil ulgamynyň TDS ISO 9001-iň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Munuň özi kärhananyň öndürýän önümleriniň hil görkezijileri, şol sanda lukmançylyk ulgamyna degişli hil görkezijileri babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Ýagty geljek üçin hyzmatdaşlyk

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän belent ynamy bizi nurana geljegiň bähbidine döredijilikli zähmet çekmäge, döwrebap bilim almaga, ylym we döredijilik bilen meşgullanyp, uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar. Milli Liderimiziň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby türkmen ýaşlary üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr. Özleri hakynda edilýän aladalardan güýç alýan ýaş nesiller halkara bäsleşiklerde, forumlarda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, eziz Watanymyzyň abraýyny artdyrmaga goşant goşýarlar.

Dostluk. Deňhukuklyk. Açyklyk

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary häzirki wagtda barha okgunly häsiýete eýe bolýar, deňhukuklylyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Munuň şeýledigini 29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň telefon arkaly söhbetdeşlikleri aýdyň görkezýär. Şol gün Gahryman Arkadagymyzyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Özbegistanyň Baştutany hormatly Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda taraplaryň söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy ugur edinýändikleri tassyklanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň goňşy ýurtda-da giňden bellenilýändigi hem-de özbek sungat ussatlary tarapyndan türkmen söz ussady barada düşürilen kinofilm üçin dostlukly ýurduň Baştutanyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky

«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bina edilen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň giňden bellenilýän gününde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Bu güwänama «Hil menejmentiniň ulgamy» diýen ugur boýunça önümleriň hil ulgamynyň TDS ISO 9001-iň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Munuň özi kärhananyň öndürýän önümleriniň hil görkezijileri, şol sanda lukmançylyk ulgamyna degişli hil görkezijileri babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasyna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bina edilen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň giňden bellenilýän gününde “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Bu güwänama “Hil menejmentiniň ulgamy” diýen ugur boýunça önümleriň hil ulgamynyň TDS ISO 9001-iň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Munuň özi kärhananyň öndürýän önümleriniň hil görkezijileri, şol sanda lukmançylyk ulgamyna degişli hil görkezijileri babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri Pattaýýada geçen awtonom gämiçilik ulgamynyň maslahatyna gatnaşdylar

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleri Tailand Patyşalygynyň Pattaýýa şäherinde geçirilen Aziýa we Ýuwaş Umman sebitinde awtonom gämiçilik bilermеneler toparynyň maslahatyna gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar awtonom gämiçilik pudagynyň ösmeginde ýüze çykýan meselelere seredip, bu babatda tejribeleri alyşdylar. Çärä gatnaşyjylar dürli ýurtlaryň wekillerini halkara konwensiýalaryň talaplaryny ýerine ýetirmekde, gämi gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almakda bitiren işleri hem-de tejribeleri bilen tanyşdyrdylar.

“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasyna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bina edilen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň giňden bellenilýän gününde “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Bu güwänama “Hil menejmentiniň ulgamy” diýen ugur boýunça önümleriň hil ulgamynyň TDS ISO 9001-iň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Munuň özi kärhananyň öndürýän önümleriniň hil görkezijileri, şol sanda lukmançylyk ulgamyna degişli hil görkezijileri babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

«Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty

25-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlary boýunça ýöriteleşen kompaniýalar, şol sanda «HK Associates», «AMEA Power», «Arabian Falcon Holding», «ADIO» we beýleki kompaniýalar bar.

Türkmenistan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine ýokary derejede taýýarlyk görýär

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda 2025-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Şol maksat bilen şu ýylyň 25-26-njy iýunynda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýada iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti indiki ýyl Osakada geçiriljek serginiň taýýarlyk işlerine bagyşlanan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda milli pawilýonlary taýýarlamak, çäreleri meýilleşdirmek we serginiň beýleki guramaçylyk taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga dünýä döwletleriniň we halkara guramalarynyň 160-dan gowragyndan 600 töweregi wekil gatnaşdy. Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergi Assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsu bilen hem duşuşyk geçirdi. Duşuşykda «EKSPO — 2025-de» Türkmenistanyň Milli pawilýonyny gurmak we taýýarlamak, şeýle hem sergini guramak bilen baglanyşykly meýilnamalar boýunça pikir alyşmalar boldy. Hususan-da, ýapon tarapy Türkmenistanyň «EKSPO — 2025» Büt

Türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň täze sahypasy

Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri bilen syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ugurly hyzmatdaşlyk saklaýar hem-de ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklary has-da ilerledýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 25-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürler maslahatyny aýdyp bileris. Iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylaryny hem-de öňdebaryjy hünärmenlerini Aşgabada jemlän bu duşuşykda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat pudaklarynda we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şu güni we geljegi dogrusyndaky meselelere garaldy. Forumyň dowamynda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmek arkaly netijeli dialoga açykdygy, döredilen amatly maýa goýum şertleriniň we işewürligi alyp barmagyň guramaçylyk-hukuk ýagdaýynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemek üçin köp sanly daşary ýurtly hyzmatdaşlary, şol sanda BAE-niň işewür toparlaryny çekmäge kömek edýändigi dogrusynda aýratyn nygtaldy. Mundan başga-da, işewürler maslahatynda ykdysadyýetiň we maýa goýumlaryň dürli ugur

Türkmen wekiliýeti «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine gatnaşdy

26 — 30-njy iýun aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçi şäherinde «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisi geçirildi. Oňa Türkmenistan hem özüniň Milli pawilýony bilen gatnaşdy. 50-den gowrak ýurduň döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlän bu forumda dürli pudaklaryň we hususy düzümleriň harytlary we hyzmatlary görkezilişe çykaryldy. Şolaryň hatarynda türkmen pawilýony halkara bilermenleri we daşary ýurtly işewürleri has-da özüne çekdi. Olar Milli pawilýonymyzda ýurdumyzyň içerki bazarynyň ösüşi, söwda-ykdysady mümkinçilikleri hem-de durmuşa geçirilýän uly taslamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Özbegistan energiýa serişdeleriniň importyny artdyrýar

Özbegistan 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda energiýa serişdeleriniň importyny görnetin artdyrdy. Hasabat döwründe Özbegistan tebigy gazyň importyny 4,2 esse köpeltdi. Şunlukda şu ýylyň 5 aýynda özbek bazary üçin daşary ýurtlardan satyn alnan «mawy ýangyjyň» umumy bahasy 643,2 million amerikan dollaryna deň boldy. Şol bir wagtyň özünde goňşy ýurt kömrüň we elektrik energiýasynyň importuny hem ýokarlandyrdy. Has takygy, Özbegistan 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda 73,6 million amerikan dollarlyk kömri (geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6,4 göterim ýokary) hem-de 72,2 million amerikan dollarlyk elektrik energiýasyny (geçen ýylyň degişli döwründäkiden 21,6 göterim ýokary) daşary ýurtlardan satyn aldy.

«Black Star Burger» Türkmenistanda öz şahamçasyny açmak isleýär

Russiýanyň «Black Star Burger» restoranlar zynjyry Türkmenistanda öz şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär. Restoranlar zynjyrynyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, Türkmenistandaky şahamça şu ýylyň güýzünde müşderileri kabul edip başlar. «Kompaniýa howa we demir ýol menzillerinde, ýerasty geçelgelerde, seýilgählerde, sport meýdançalarynda, söwda merkezlerinde has köp nokatlary döretmegi maksat edinýär. Şeýle-de Türkmenistanda öz şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär» diýlip, «Black Star Burgeriň» metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.

Işewür gatnaşyklar okgunly ösdürilýär

Dünýä döwletleri we halkara derejeli iri kompaniýalar bilen strategik, uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň gün tertibinde hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen tassyklaýar. 25-nji iýunda döwlet Baştutanymyz we Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi. Duşuşyklaryň barşynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artýandygy bellenildi. Söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmakda döwlet edaralarynyň sazlaşykly gatnaşyklaryny saklamagyň, amatly söwda şertleriniň döredilmeginiň, özara forumlaryň we maslahatlaşmalaryň geçirilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy. Ýangyç-energetika toplumy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Emirlikleriň gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryny Türkmenistanyň durmuşa geçirýän iri halkara energetika taslamalaryna gatnaşmaga çagyryp, maýa goýum mümkinçilik

Işewürlik maslahaty geçirildi

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdy. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlary boýunça ýöriteleşen kompaniýalar, şol sanda «HK Associates», «AMEA Power», «Arabian Falcon Holding», «ADIO» we beýleki kompaniýalar bar.

Türkmen wekiliýeti “Hytaý — Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 26 – 30-njy iýunynda Hytaýyň Urumçi şäherinde geçirilýän “Hytaý — Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çarşenbe güni habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň düzümine ýurduň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem girýär.

Türkmenistan bilen Owganystan üstaşyr ýük daşamalary artdyrmakçy

Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolow sişenbe güni Owganystanyň Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjar bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasynda üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. “Bakhtar News” agentliginiň habar bermegine görä, türkmen diplomaty harytly ýük awtoulaglarynyň her günde 120-siniň Turgundy serhetýaka barlag-geçiriş nokadyndan geçirilmegini üpjün etmäge Türkmenistanyň taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem ol “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynda abatlaýyş işleriniň tamamlanandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi. Işewür myhmansöýerlik hem-de möhüm meseleleri we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny ýetirdi. Myhman Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän duşuşyga örän şatdygyny aýtdy. Bu şäher Garaşsyz Türkmenistanyň rowaçlygynyň hem-de kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.