Türkmen wekiliýeti «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine gatnaşdy

30 Iýun 2024
43

26 — 30-njy iýun aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçi şäherinde «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisi geçirildi. Oňa Türkmenistan hem özüniň Milli pawilýony bilen gatnaşdy.

50-den gowrak ýurduň döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlän bu forumda dürli pudaklaryň we hususy düzümleriň harytlary we hyzmatlary görkezilişe çykaryldy. Şolaryň hatarynda türkmen pawilýony halkara bilermenleri we daşary ýurtly işewürleri has-da özüne çekdi. Olar Milli pawilýonymyzda ýurdumyzyň içerki bazarynyň ösüşi, söwda-ykdysady mümkinçilikleri hem-de durmuşa geçirilýän uly taslamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Taýýarlan: Şöhrat SOPYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar