Dostluk. Deňhukuklyk. Açyklyk

1 Iýul 2024
39

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary häzirki wagtda barha okgunly häsiýete eýe bolýar, deňhukuklylyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Munuň şeýledigini 29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň telefon arkaly söhbetdeşlikleri aýdyň görkezýär.

Şol gün Gahryman Arkadagymyzyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Özbegistanyň Baştutany hormatly Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda taraplaryň söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy ugur edinýändikleri tassyklanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň goňşy ýurtda-da giňden bellenilýändigi hem-de özbek sungat ussatlary tarapyndan türkmen söz ussady barada düşürilen kinofilm üçin dostlukly ýurduň Baştutanyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň mizemezliginiň, taryhy kökleriniň umumylygynyň aýdyň beýanydyr.

«Nesil».
Beýleki habarlar