''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Ylham ussatlarynyň huzurynda

Beýikligiň ýekeje aýratynlygy bar — beýiklik. Beýikleriň sözem beýik geliberýär. Edebiýat muşdaklarynyň söhbedinde şeýle bir gürrüň eşidipdim: «Bir gezek kimdir biri Jorj Gordon Baýrondan gönümel: «Baýron beýikmikä ýa Gýote?» diýip sorapdyr. Berlen sowal oňaýsyzrak hem bolsa, Baýron: «Beýikleriň sanyny azaltmak hökmanmy?! Näme, ikimizem beýik bolanymyzda bolanokmy?!» diýip, degişme bilen örän kämil jogap beripdir. 17-nji maýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde akyldar şahyrymyzyň boýy 60 metrlik heýkeli bilen şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak bagty maňa-da miýesser etdi. Medeni-seýilgäh toplumyndaky 24 sany beýik söz ussadynyň heýkeliniň arasynda Saýat Nowanyň heýkelini görmegim, mende köne tanşymy gören ýaly ýakymly duýgyny oýardy.

Watansöýüji şahyr

Magtymguly Pyragy XVIII asyrdan bäri her bir türkmeniň kalbynda hem aňynda adamkärçiligiň, ynsaplylygyň, watansöýüjiligiň ölçeg daşy hökmünde ýaşap gelýär. Onuň her bir eseri mertlik, wepalylyk, gaýduwsyzlyk, agzybirlik düşünjelerine ýugrulandyr. Magtymguly Pyragy türkmen halkyny bir döwletlilige, agzybirlige çagyryp, şygyrlarynyň üsti bilen ony halka düşündiripdir. Magtymguly Pyragy ata Watanyny jany-teni bilen söýüpdir, il-halky watansöýüjilige çagyryp, ençeme goşgulary döredipdir. Agzybirlikde gerek bolan esasy zatlary bir döwletlilik, bir başa boýun bolmak hasaplan beýik Pyragy birleşmek meýillerini özüniň edebiýat meýdanynda uly yz galdyran «Döker bolduk ýaşymyz», «Il biläni», «Türkmeniň» ýaly şygyrlarynda çeper beýan edipdir. Magtymguly Pyragy halkymyz bir bolsa, bir döwlete gulluk etse, onda onuň öňünde hiç bir güýjüň durup bilmejegine çuňňur göz ýetiripdir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan gününiň 300 ýyllygy uludan belleniljek Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi häzirki hem geljek nesillere watançylyk pendi bolup ýaňlanýar. Akyldar şahyr:

«Magtymguly Pyragy — şygryýetiň ussady» atly döredijilik bäsleşigine

Pyragy Eý, beýik Pyragy, beýik Pyragy,Sen ähli döwürleň röwşen çyragy.

Köňül joşguny

Adyň köňle ylham beren aýdymdyr,Waspyň — joşgunymyň güwäsi, Watan!Bagta barýan ak ýollaryň aýdyňdyr,Nurdandyr her günüň sabasy, Watan! Ýazlar muşdak gujagyňa ýetmäge,Sazlar aşyk gyjagyňa ýetmäge,Mynasypsyň joşup taryp etmäge,Melhemdir topragyň howasy, Watan!

Koreý nakyllary

■ Ata şah çykmaýar. ■ Bir ata iki eýer sygmaýar.

Çeper söz ussadynyň sarpasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň netijesinde türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň edebi mirasyny öwrenmeklige we wagyz-nesihat etmeklige giň ýol açyldy. Bu ugurda alymlaryň ylmy gözlegleri alyp barmaklary bolsa edebiýat bilen gyzyklanýan okyjylaryň ruhy isleglerini kanagatlandyrmaklaryna we söz mülküniň täsinlikleri bilen içgin tanyşmaklaryna giň mümkinçilikleri döredýär. Mundan üç asyr ozal ýaşap geçen, türkmen edebiýatynyň sarsmaz sütünini dikelden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy gyzyldan gymmatly eserleri bize miras galdyrypdyr. Durmuşyň ähli meselesi boýunça oňyn çözgüdi salgy berýän beýik söz ussadynyň döredijilik dünýäsi nusga alarlyk terbiýe mekdebidir. Şeýle-de onuň öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlaryny özüne ýörelge edinýän, edebi mekdebini mynasyp dowam etdiren we etdirýän görnükli söz ussatlary az däl. Magtymguly Pyragy şygyrlarynyň gurluş taýdan çeperligi, mazmun taýdan şireliligi bilen mizemejek nusgalyk ýol döretdi. Bu nusgalyk ýol Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili, Mämmetweli Kemine, Mollanepes, Annagylyç Mätäji ýaly görnükli söz ussatlarynyň hem-de beýleki ençeme şahyrlaryň şygyrlarynda öz dowamatyny tapýar.

Goşgularyňa dünýä aşyk, Pyragy!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň asyrlar aşyp gelýän döredijilik mirasyny ylmy esasda öwrenmek, onuň pelsepewi garaýyşlaryny açyp görkezmek ugrunda dünýä derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän tutumly tagallalary bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Şu günler bütin dünýä jemgyýetçiligi üstümizdäki ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaraly bellemäge giňden taýýarlyk görýär. Häzirki wagtda beýik söz ussadynyň ýubileýiniň şanyna geçirilýän ylmy-amaly maslahatlar, medeni çäreler, döredijilik duşuşyklary diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary döwletleriň hem ençemesinde yzygiderli guralýar. Çünki Magtymguly atamyzyň ýubileý dabarasyna halkara derejesinde giň ähmiýet berilmek bilen, şahyryň edebi mirasynyň dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna saldamly goşant bolandygy, onuň ähladamzat gymmatlyklarynyň derejesine göterilip, Arşy-agla şugla çaýyp durandygy öz ykrarnamasyny tapan hakykatdyr. Hut şonuň üçin şahyryň golýazmalar toplumy ÝU

Tymsallar

Baryny beren utanmaz Satyjy tekjäniň öňünde durşuna daşaryny synlaýardy. Şol wagt bir gyzjagaz geldi. Ol dükanyň aýnasyna kellesini has golaý getirip, tekjedäki harytlary synlap ugrady. Agtarýan zadyny tapanda bolsa gözleri şatlykdan ýaňa nurlanyp gitdi. Gyzjagaz dükana girip, özüne pöwrize daşyndan ýasalan monjuklary görkezmegi haýyş etdi.

Pyragynyň heýkeliniň huzurynda

Goja dünýäň gasyn atan ýüzünde,Wagta çalym edýän keşbiň görünýär.Paýhas ummanyňy gulaçlan kişä,Geçen ýedi derýaň, deştiň görünýär.Aý-ýyllary arka atan asyrlar,«Şärik bolýar ägirt şöhrat-şanyňa».Bu gün belentligňe tagzym etmäge,Dost-doganlar geldi seniň ýanyňa. * * *

Edil düýn ýalydy

Edil ýaňy ýalydy, uçurym bagyny dakynyp, orta mekdebe soňky gezek gadam goýşum, ak arzuwlarym bilen ak kepderini asmana sary uçuryşym. Dek düýn deýindi, ak şäheriň ak säherinden ak pata alyp, arzyly ýokary okuw mekdebine giriş synaglaryny tabşyryşym, «Kaka-a-a, men talyp boldum!» diýip begenjimden aglanym, göge sary ganat baglanym.

Ähli zady bilmek zerurmy?!

Durmuşda bilmek we bilmezlik diýen düşünjeler bar. Bularyň ikisem öz durmuşymyzda şöhlelendirişimize bagly. Biz gadymyýetden gaýdýan ylym-bilimleri alym-ulamalardan öwrenip gelýäris. Şol beýik akyldarlar hem ähli zady bilmändirler we bilmegiň asla mümkin däldigini belläp geçipdirler. Dogrudanam, ähli zady bilmek mümkin dälmi ýa-da ähli zady bilmek üçin zerurlyk ýokmuka?! Daş-töweregimizi synlasak, her kim bir zada meşgul. Zerurlyk düşmedik ýagdaýynda täze bir hünär hakda oýlanmaýarys. Her birimiziň çagalyk arzuwlarymyz bolandyr, emma şol arzuwlara ýetmek üçin öňümizde maksat goýup, hereket etdikmikäk?! Gizlemegiň manysy ýok, sebäbi biziň köpimiz çagalyk arzuwlarymyzdan uzaga düşendiris. Elbetde, bu zatlar nesibe işidir welin, özümize bagly ýerleri hem bolman duran däldir. Diýmek, käte zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda öwrenmekden daşda durýarys. Sebäbi nämedir bir tema boýunça mesele dörese, ony nireden tapyp biljekgimizi bilmelidiris. Bu barada meşhur «Ford» awtomobil kompaniýasynyň döredijisi Genri Forduň metbugat sahypalarynyň birinde çykan jümlesi ýadyma düşdi. Ýandepderçämi açyp, G.Ford diýen ýazgynyň ýokarsyndaky şu sözlemi okadym: «Hemme zady bilmegiň zerurlygy ýok, ýöne sen özüňe nämäniň gerekdigini, ony nireden we nädip tapmalydygyny bilmelisiň».

Sowal

Sen men hakda nämeleri bilýärsiň? Meniň üçin kimdigiňi bilýäňmi?Sensiz göwnüm tümdügini bilýäňmi?Bilýäňmi, illerden seni gabanyp,Howla düşýänimi, mahy-tabanym?

Yhlasly ynsanyň ykbaly

Ynsanyň ykbaly ösüşlerden, özgerişlerden dos-doly. Jemgyýetde öz ornuny tapan islendik adamyň geçmişinde häzirki gazanan şowlulyklarynyň astynda niçeme zähmetdir muşakgatlyklaryň bolandygyny köptaraply pikirlenýän ynsan eýýäm düşünýär. Bu ýagdaý pugta yhlasyňa bagly! Iň bir köp tomaşaçyly, dünýä belli žurnalistler aýtmyşlaýyn, «millionlaryň oýny» diýip tarypy ýetirilýän futbol älemindäki iki oýunçy hakynda gürrüň etmeýän az bolsa gerek. Elbetde, bu diýýänlerimiziň Kriştianu Ronaldu hem-de Lionel Messidigine düşünmek kyn däl. Dogrusy, Messä berilýän taryplar şeýleräk: «ylahydan zehinli, ol hamala başga planetaly». Sport bilermenleriniň pikirleri hem dürli-dürli. Ýöne zehin diýilýän nygmatyň üstünde işlemeseň kämilleşmeýändigini bizden öňürti ençeme ynsanlar tekrarladylaram, jaýdar belledilerem. Olaryň pikirlerini goldamazlygam mümkin däl. Ýöne Ronaldu öz topardaşlary aýtmyşlaýyn, iki esse türgenleşip, şonçaragam «ýaşyl meýdançada» özüni taplamaga ymtylýar. Türgenleşikdäki zähmeti, erjelligi bilen kämillige, üstünlige ymtylýandygyny köpler bellediler. Ronaldu hakyndaky ýagşy taryplaram ýetik. Mysal üçin, halypa sport žurnalistleriniň biri aýtmyşlaýyn, eger Messi bilen Ronaldunyň kämillik döwürleri biri-birine gabat gelmedik bolsady, ond

Watançy şahyr

Türkmen edebiýatynyň beýik şahsyýeti Magtymguly Pyragy özüniň bütin manyly ömrüni, joşgunly zehinini mähriban halkyna bagyş eden, öz il-ýurduny, Watanyny tüýs ýürekden söýen, onuň ar-namysyny bar zatdan belent tutan hakyky watançy şahyrdyr. Geçen — 2023-nji ýylyň güýzünde maňa-da Magtymguly atamyzyň ýaşan, keramatly aýak yzlaryny goýan ýerlerine, ýagny, Garrygala sebitlerine aýlanyp görmek miýesser etdi. Bu ýerleriň gözel tebigaty mende örän üýtgeşik duýgulary döretdi. Daglaryň arassa howasy, çeşme-çaýlary, baýyrlary, gözel Sumbaryň narlary, diýseň, täsin. Bu ýerde durnanyň gözi ýaly arassa dagdan inýän çeşme suwy jana şypa berýär. Belki-de, Magtymguly atamyz pähim eleginde elenen şygyrlaryny şu çeşmeden gana-gana içip ýazandyr. Parheý jülgesi, onuň gözel tebigaty, dermanlyk otlary ünsüňi özüne çekýär. Şahyr bu jülgede gör näçe gezek bolandyr. Özüniň göwün kelamyny beýan edendir.

Ilim-günüm ekeni

Il-günüme hiç ikilik etmedim, Habar aldym hassalanyň halyndan.

Danalar ylym barada

Ylmyň ösüşi alymlaryň zähmeti we açyşlary bilen kesgitlenilýär. L. PASTER.

Miras

Serpme Ol döwürde oba hojalyk ýükleri esasan araba bilen daşalýardy. Oňa, köplenç, ýaby (at), eşek ýa gatyr goşulardy. Onuň goşulýan ulagyň iki gapdalyndan gelýän agajyna arabanyň arşy, ýük goýulýan ýerine-de sandygy diýilýärdi.

Hekaýat

Ynam Gadym eýýamdaky şäherleriň biriniň ýekşenbe günündäki bazarynda söwda gyzgalaňly gidýärdi. Bir garyp daýhan satyn almak üçin kätmenleri gözden geçirýärdi. Bu zähmet guraly oňa öz ýerini işläp, bejermek üçin zerurdy. Ýöne puluň ýetmezçiligi meşhur ussalaryň ýasan zatlaryny diňe synlamaga we olardan lezzet almaga mümkinçilik berýärdi.

Syntgylanan setirler

“Gaýrat et” diýildigi “bigaýrat bolma” diýildigimikä!? “Guş uçar hili bilen” diýlen aýtga giç akyl ýetirendigime uçursyz gynanýaryn. Öz sürüsine birigip, guş bolup, uçup ýören ynsanlara ak ýürekden gözüm gidýär.

Şygryýet älemi

AK BUGDAÝLY AJAP DÖWÜR Işiň şowly bolsun, gallaçy daýhan,Edermen sen, gaýratly sen, merdana.Arly ýylky çeken zähmetiň bilen,Nur çaýyldy ak bugdaýly meýdana.