Watansöýüji şahyr

12 Iýun 2024
182

Magtymguly Pyragy XVIII asyrdan bäri her bir türkmeniň kalbynda hem aňynda adamkärçiligiň, ynsaplylygyň, watansöýüjiligiň ölçeg daşy hökmünde ýaşap gelýär. Onuň her bir eseri mertlik, wepalylyk, gaýduwsyzlyk, agzybirlik düşünjelerine ýugrulandyr. Magtymguly Pyragy türkmen halkyny bir döwletlilige, agzybirlige çagyryp, şygyrlarynyň üsti bilen ony halka düşündiripdir. Magtymguly Pyragy ata Watanyny jany-teni bilen söýüpdir, il-halky watansöýüjilige çagyryp, ençeme goşgulary döredipdir. Agzybirlikde gerek bolan esasy zatlary bir döwletlilik, bir başa boýun bolmak hasaplan beýik Pyragy birleşmek meýillerini özüniň edebiýat meýdanynda uly yz galdyran «Döker bolduk ýaşymyz», «Il biläni», «Türkmeniň» ýaly şygyrlarynda çeper beýan edipdir. Magtymguly Pyragy halkymyz bir bolsa, bir döwlete gulluk etse, onda onuň öňünde hiç bir güýjüň durup bilmejegine çuňňur göz ýetiripdir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan gününiň 300 ýyllygy uludan belleniljek Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi häzirki hem geljek nesillere watançylyk pendi bolup ýaňlanýar.

Akyldar şahyr:

Haltäç BÄŞIMOWA,
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.
Beýleki habarlar