Ylham ussatlarynyň huzurynda

13 Iýun 2024
107

Beýikligiň ýekeje aýratynlygy bar — beýiklik. Beýikleriň sözem beýik geliberýär. Edebiýat muşdaklarynyň söhbedinde şeýle bir gürrüň eşidipdim: «Bir gezek kimdir biri Jorj Gordon Baýrondan gönümel: «Baýron beýikmikä ýa Gýote?» diýip sorapdyr. Berlen sowal oňaýsyzrak hem bolsa, Baýron: «Beýikleriň sanyny azaltmak hökmanmy?! Näme, ikimizem beýik bolanymyzda bolanokmy?!» diýip, degişme bilen örän kämil jogap beripdir.

17-nji maýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde akyldar şahyrymyzyň boýy 60 metrlik heýkeli bilen şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak bagty maňa-da miýesser etdi. Medeni-seýilgäh toplumyndaky 24 sany beýik söz ussadynyň heýkeliniň arasynda Saýat Nowanyň heýkelini görmegim, mende köne tanşymy gören ýaly ýakymly duýgyny oýardy.

Aşyrmät GARLY,
«Adalat».
Beýleki habarlar