''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Täze ýyladyşhanada ilkinji hasyl

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge uly ähmiýet berlip, bu ugurda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzy ter gök önümleri bilen üpjün etmekde telekeçileriň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Bu gün ýyladyşhana şertlerinde ter gök önümleri öndürýän telekeçileriň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Baýram Muhyýewiň adyny hem agzamak bolar.

«Altyn bürgüt» döwrüň belentliginde

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda her welaýatyň öz-özüni gök, bakja önümleri we miweler bilen üpjün etmelidigi baradaky sargytlary üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bu işe ýurdumyzyň işewürleri hem işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda Türkmenistan boýunça azyklyk önümleri öndürmek maksady bilen hususy kärhanalaryň 100-den gowragy 356 gektar meýdanda ýyladyşhanalarda ilatyň saçagyna hödürlenilýän önümleri ýetişdirýärler. Tizden ýene-de 1300 gektar meýdanda ýyladyşhanalar toplumlarynyň 150-sini gurmak meýilleşdirilýär. Iri we döwrebap ýyladyşhanalar toplumlarynyň birisiniň eýesi «Altyn bürgüt» hususy kärhanasydyr. Bu at diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşaryda-da meşhurdyr, ýyladyşhanalar toplumyny işe girizeninden soň-a Türkiýe, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly döwletleriň çäginde hem giňden tanalyp ugrady. Biz «Altyn bürgüdi» ýurdumyzyň çäginde ädip başlan ilkinji ädimlerinden bäri tanaýarys. Hususy kärhana döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşlerine uly goşant goşýan, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga goldaw berýän ykdysady, medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesini ýerine ýetirdi. Olaryň arasynda suw arassalaýjy desgalardyr medeni ojaklaryň birtoparynyň bardygyny ýatlap geçeliň. Farabyň bir g

Işewürligiň ösüşli gadamlary

Häzirki wagtda kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ilata durmuş hyzmatlaryny hödürlemek, täze iş orunlaryny döretmek işine uly goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan dürli maksatly desgalaryň ençemesi munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň gurluşyk senagatynda öňdebaryjylaryň biri bolan «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň hasabyna paýtagtymyzda hem-de sebitlerde amala aşyrylan iri taslamalaryň ýüzlerçesi bar. Olaryň agramly bölegi ýaşaýyş jaýlarynyň paýyna düşýär. Şeýle hem bu kärhana umumybilim berýän we sport mekdeplerini, sport desgalaryny, çagalar sagaldyş merkezlerini, medeni edaralary gurmak, dürli desgalaryň elektrik üpjünçiligi, suw geçiriji we lagym kommunikasiýalarynyň gurluşygyny amala aşyrmak, awtomobil ýollarynyň, ulag çatryklarynyň hem-de köprüleriň durkuny täzelemek we gurmak ynanyldy.

Gök önümleriň bolçulygy

Welaýatymyzyň çäginde döwrebap ýyladyşhanalaryň ençemesi hereket edýär. Halkymyzy daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek, ak bazarlarymyzda ter gök önümleriň bereket-bolçulygyny döretmek babatdaky tagallalara mynasyp goşant goşýan ýyladyşhanalaryň biri-de Gökdepe etrabynyň «Yzgant» daýhan birleşiginiň çägindäki «Berk binaçy» hususy kärhanasyna degişli bolan ýyladyşhanadyr. Bu ýyladyşhana gök önümleriň dürli görnüşlerini ýetişdirmäge niýetlenendir. Jemi 4 gektar meýdanda gurlan döwrebap ýyladyşhananyň 3,5 gektardan gowrak ýerinde birnäçe ýyldan bäri pomidordyr hyýar, bolgar burçy ýetişdirilýär hem-de olardan bol hasyl alynýar.

Guwandyryjy netijeler — täze belentliklere badalga

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda jemgyýetçilik-syýasy guramalara möhüm ornuň degişlidigini nygtaýar, olaryň işi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Munuň şeýledigine 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň mysalynda-da göz ýetirmek mümkin. Onda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň geljekki möhüm wezipeleri kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň esasy wezipeleriniň halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbitlerine amala aşyrylýan maksatnamalary we özgertmeleri syýasy taýdan goldamakdan, merdana halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrmakdan, jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda innowasiýa tehnologiýalary, ylmyň gazananlary, sanly maglumatlar gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär, şol bir wagtyň özünde jemgyýetçilik gatnaşyklary düýpli özgerýär. Bu ýagdaý jemgy

“Täze Aý” haryt nyşanly, Naz-nygmatlar mekany

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, oba hojalyk pudagynyň düşewüntliligini artdyrmak, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça birnäçe giň gerimli işlere badalga berdi. Milli Liderimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, oba hojalygy bilen meşgullanýan telekeçileriň sany ýyl geldikçe artýar. Döwrebap maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlary, ýyladyşhanalar, azyk we gaýtadan işleýän kärhanalar gurlup, täze kuwwatlyklar işe girizilýär. Islegli harytlary, önümleri öndürip, ilata hödürleýän telekeçiler, hususyýetçiler, hususy kärhanalar biziň welaýatymyzda-da sanardan köp. “Täze Aý” haryt nyşanly, ýokary hilli azyk önümleri diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem uly islegden peýdalanýar. Halk köpçüliginiň islegini öwrenip, “Täze Aý” haryt nyşany bilen, süýt we süýt önümleriniň, et önümleriniň, konditer önümleriniň onlarça görnüşi taýýarlanyp ak bazarlara, söwda nokatlaryna elýeterli bahalardan çykarylýar we al

«Gül Zemin» görk berýär gözel paýtagta

Türkmen telekeçileriniň guran bu döwrebap binasy paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyryna aýratyn görk berýär. Agzybir halkymyz toý-baýramçylyklarda dürli naz-nygmatlary, ter gök-bakja önümlerini hem-de dürli görnüşli miwe şerbetlerini, süýjüliklerdir toý saçaklaryny bezejek beýleki harytlary bu ýerden elýeterli bahalardan satyn alýar. Üç gatdan ybarat bolan täze söwda-dynç alyş merkezi owadan, milli binagärlik keşbi bilen göreniň ünsüni özüne çekýär. Binanyň içine gireniňde bolsa, täsinlikler dünýäsine aralaşan ýaly bolýarsyň. Sag egniňde ak diwaryň ýüzündäki ak bedewleriň çarpaýa galan keşbine gözüň düşýär. Bu — mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ak ýollar bilen öňe barýan bagtyýar halkymyzyň ak arzuwlarynyň wysal tapýandygynyň alamaty. Bu görnüşi eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşleri bilen baglasaň, has-da jüpüne düşýän ýaly. Çünki islendik ýurduň ösüşine onuň ak bazarlaryndaky haryt bolçulygy bilen baha berilýär. Täze açylan söwda-dynç alyş merkeziniň içindäki, esasan-da, birinji gatynyň tas ýarysyny diýen ýaly eýeläp oturan «Ak marketdäki» azyk we senagat harytlarynyň bolçulygy-da Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ösüşleriň ak ýolundan barýandygynyň güwäsi bolup şöhlelenýär.

Toý süýjüligi

Birek-birege sowgat etmek ynsanlary ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga iterýär. Ýürekden aýdylan gutlaglardyr arzuwlar, dürli sowgatlar bolsa baýramçylyklaryň ýaraşygydyr. Süýji önümlerini sowgat etmek indi Täze ýyl baýramçylygynda hem ajaýyp däbe öwrülip gitdi. Bu maşgala baýramynda ýakynlarymyzy Täze ýylyň süýjülik sowgady bilen gutlamakda bize «Hasar» hojalyk jemgyýeti uly ýardam edýär. Biz indi dost-ýarlarymyzy öz milli önümlerimiz bolan «Hasaryň» süýji-kökeleri bilen gutlap bileris. Indi bassyr 20 ýyldan gowrak wagt bäri telekeçilikde iş alyp barýan, öz süýji-köke önümleri bilen dünýä bazaryna çykmagy başaran «Hasar» hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan işler, bu ýerde önümçiligi ýola goýlan täze önümler bilen tanyşmak maksady bilen, ýakynda bu kärhanada bolduk.

Bagtyýarlyk mukamy

Mähriban halkymyz Täze ýyl baýramçylygyny uly şatlyk, ýagşy arzuw-niýetler bilen garşylady. Aýratyn hem, bu senä çagalar sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Olar Aýazbabany we Garpamygy garşylamagy, oňa goşgy aýdyp bermegi arzuw edýärler. Täze ýyl baýramçylygynda gowşurylýan sowgatlar çagalaryň şatlygyny goşalandyrýar. Olara niýetlenen Täze ýyl sowgatlarynyň ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli konditer önümleri bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Biz hem golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Bars» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhanada bolup, telekeçi Muhammet Amanow bilen bular dogrusynda söhbetdeş bolduk. — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwlet tarapyndan uly goldawlar berlip, telekeçileriň dürli önümleri öndürmekligine giň ýol açyldy. Bazarlarymyz, söwda nokatlarymyz hususy telekeçilerimiziň öndürýän ýokary hilli önümleri bilen dolduryldy. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri diňe bir öz ýurdumyzda däl, dünýä bazarlarynda hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Biziň kärhanamyz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär. Häzirki wagtda kärhanada 80-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Dünýäniň iň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen