Şanly ýylda täze önümçilik

12 Iýul 2021
2129

Bu hojalyk jemgyýetiniň «Toýly» diýlip atlandyrylmagy ýöne ýerden däl. Çünki ol halkymyzyň naýbaşy toýunyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan bellenilýän senesinde işe başlady. «Toýly» hojalyk jemgyýeti «Markow» haryt nyşanly kofeleri gaplamagy ýola goýdy. Bu hojalyk jemgyýeti gaplaýan üýtgeşik tagamly kofe önümleri bilen halkymyzyň arasynda tiz wagtda adygyp ugrady.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde ýerleşýän hojalyk jemgyýetinde öz işine ussat hünärmenleriň 50-den gowragy zähmet çekýär. Munuň özi ýaşlar üçin täze iş orunlarynyň hem döredilendigini aňladýar. Önüm üçin çig mal daşary ýurtlardan getirilýär. Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan kofe däneleri ýuwlup, guradylyp, gowrulyp, üwelip, göze gelüwli gaplara gaplanylýar. Bu ýerde her günde 10 tonna golaý kofe gaplanyp, içerki bazara goýberilýär.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Beýleki habarlar