Telekeçilik — zenanlaryň durmuşynda

5 Iýul 2021
2170

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly şanly hem taryhy wakalara baýlygy bilen durmuşyň her bir ugruna öz täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde ykrar edilip, halkymyzyň gurmak, döretmek, täze sepgitlere ýetmek baradaky asylly hem yhlasly maksatlaryna uly itergi berýär. Munuň özi döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşygy has-da pugtalandyrýan döwrümizi öňküden-de beýgeldýär. Bu ruhy ýokary göteriliş zeminiň zynaty, gözelligiň hem ar-namysyň baýdagyna deňelýän mähriban zenanlarymyzyň hem ykbalynda bagtyýarlygyň nury bolup şugla saçýar. Häzirki gülläp ösüş döwrümizde zenanlar halk hojalygynyň dürli ugurlarynda tutanýerli hem joşgunly zähmet çekip, gazanylýan üstünliklere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Zenanlaryň döwre gatnaşygyny işjeňleşdirmekde hereketlendiriji güýç bolup hyzmat edýän zenanlar guramasy bolsa olaryň ukyp-başarnyklaryny, nusgalyk göreldelerini giňden açyp görkezmekde, bitewi bir maksada birleşdirmekde esasy orun eýeleýär. Zenanlar guramasynyň alyp barýan işleri döwrüň ösüşine laýyk hereket etmek ýaly asylly maksady göz öňünde tutýar. Şu nukdaýnazardan zenanlaryň işjeňligini artdyrmak, yzygider gözlegleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, durmuşa gatnaşygyny pugtalandyrmak maksadynda işler oýlanyşykly häsiýetde durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanynda Işewür zenanlar merkezi hereket edip, ol eli işli, ukyp-başarnykly zenanlara goldaw bermek, olaryň durmuşda mynasyp ornuny tapmagyna ýardam etmek maksadyny nazarlaýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek baradaky syýasy başlangyç zenanlaryň durmuşyna hem uly täsirini ýetirýär. Çünki zenanlaryň halk hojalygynyň dürli ugurlaryndaky mümkinçilikleri bu günki gün ýurduň özgertmelere esaslanýan beýik ösüşinde has aýdyň duýulýar. Telekeçilik bilen meşgullanýan zenanlaryň aglaba köplügi, halypa-şägirtlik ýoluny yzygider dowam etdirmekdäki göreldeleri bilen, olaryň işini has ýaýrawly häsiýetde dowam etmeklerine ýakyndan ýardam bermekde merkeziň tagallalary uly ähmiýete eýedir.

Jahan MAŞALOWA,
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanyndaky Işewür zenanlar merkeziniň welaýat bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar