''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Rowaýat

Keçe Gadym zamanlarda bir baý zenan ýaşapdyr. Gyş sowlup, ýaz çykanda ol hem ulus- -iller ýaly, ýazlaga çykar eken. Ýazlaga çykylanda, goýun saglyp, ondan her dürli tagamlar taýýarlanypdyr.

Halkyň hazynasyndan

Hanam bolsaň, ejeň üçin çagasyň «Dünýäniň gürrüňini gerdekdäki çopan bilen dulda oturan gelinden sora» diýlenini edip, Oramyk çopandan: «Baýramaly hanyň töweregi çuň garymly diwarlary berk hem belent, toply-tophanaly galyň galasy bolupdyr. Goşunlarynyň sany gyryň daşyndan köp ekeni. Onsoň, nädip az goşunly Şamyrat Welnamydan ýeňildikä» diýip soradym. Ataşgir bilen közleri taňkanyň düýbüne üýşürip oturan ýaşuly çopan: «Hanam bolsaň, ejeň üçin çagasyň», «Ulynyň diýenini etmedik uwlar» diýleni-dä. Merwi basyp alyp bilmedik Şamyrat Welnamy hilä ýüz urýar. On oýnam atlyny ugradyp, galanyň töwereginde talaňçylyk eden bolup, özi goşuny bilen Gäwürgaladan ýarym farsahlyk gaýrada, gür ýylgynlykda atlaryň agzyna kişňemez ýaly torba geýdirdip, gizlenip gabaw gurnaýar.

Bagşynyň döredijiligine siňen dost-doganlyk aýdym-sazlary

Türkmenistanyň halk bagşysy Nobat bagşy Amansähet ogly türkmen saz sungatynyň görnükli wekilleriniň biri hökmünde tanalýar. Onuň döredijiligi hakynda gürrüň edilende bu ussat bagşynyň azerbaýjan halk saz sungatyndan hem baş çykarandygy barada ýatladylyp geçilýär. Ýöne bu sungatyň ussat bagşynyň saz döredijiligine nähili ýagdaýlar bilen geçendigi hakynda welin maglumat az berilýär. Şundan ugur alyp, biz şu makalada bu mesele bilen dahylly, bize mälim bolan maglumatlary okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildik. ХIХ asyryň ahyrlarynda demir ýoluň Tagtabazar etrabynyň üsti bilen Serhedabada (öňki Guşgy) baryp ýetmegi bilen, Tagtabazar etrabynyň merkezine dürli milletleriň wekilleri göçip barypdyrlar. Şolaryň arasynda azerbaýjan bilen ermeni milletleriň wekilleri hem bar ekeni. Şol ýyllarda häzirki etrap keselhanasy bilen sazçylyk mekdebiniň ýerleşýän ýerinde Nobat bagşynyň kakasy Amansähet bagşynyň kerwensaraýy bar ekeni.

Nazar baganyň gyjakçysy

Käbir wakalar asla ýadyňdan çykmaýar. Meniň durmuşymda hem şeýle wakalaryň biri geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň başynda bolupdy. Baharyň ilkinji günlerinde aýdym-saza höwesek ýigitleriň birnäçesi bilen bagşy Jumamyrat Hamyýewden «Harmandälini» diňlänimiz heniz-henizlerem ýatdan çykarly däl. Bagşy aýdyma başlamanka, özara mesawy gürrüňdeşlikde Sapar Şajyk atly ýigit: — Her bagşynyň özüniň hörpüni duýýan gyjakçysy bolýar. Magtymguly Garlynyň gyjakçysy Sapar Beki bolan bosa, Öre şyhyň Şajan gyjakçy bilen jyny jyňkyryşypdyr. «Nazar baganyň gapdalynda Öwez gyjakçyny çaldyrsaň ýüzüge gaş goýulan ýaly bolýar» diýerdiler. Senem Jumamyratdan ökje ogurlaman sazyny yzarlamagy başarjak bolaweri — diýip, gyjagyny gabyndan çykaryp oturan ýigide ýüzlenipdi. Meni şol pursat Öwez gyjakçynyň kimdigi, onuň ýaşan döwri, ussatlyk derejesi oýlandyrypdy. Soň-soňlaram bu pikir meniň serimden gitmedi. Görüp otursam, Öwez gyjakçy biziň etrabymyzda ýaşan ekeni. Onuň dogan-garyndaşlary, agtykdyr çowluklary bilen söhbetdeş bolup, ol barada maglumatlary jemlemek miýesser etdi.

Aýdym-saza siňen waka

Adamyň ömür ýoly ýaly aýdym-sazyň hem öz döreýşi bolýar. Onuň käte tötänden döreýşi hem bolýar eken. Ykbal, nesibe aýdym-sazdan gowy baş çykarmaýan bolsaňam aýdymyň döremegine dahylly bolunýan halatlary-da gabat gelinýär ekeni. Meniň durmuşymda hem şeýle waka boldy. Geň zat: her öýünde diýen ýaly dutar çalynýan, bagşyly-sazandaly obada önüp-ösen hem bolsam, men aýdymyň, sazyň heňini yzarlap bilýän adam däl. Oňa garamazdan, men «Aşgabadyň agşamy», «Ynandyr», «Toýuňa çagyr meni», «Oýar sen meni», «Düýnden bäri» diýen ýaly ondan gowrak aýdymlaryň sözleriniň awtory boldum. Meniň aýdym-saz bilen ýakynlaşmagymyňam öz sebäbi boldy. Şol mahal ýaş şahyr Italmaz Nury ikimiz 1960—1965-nji ýyllarda Moskwanyň Edebiýat institutynda okan döwürlerimizde soň tanymal kompozitorlar, aýdymçylar bolup ýetişen Nury Halmämmedow, Aman Agajykow, Myrat Ataýew, Rejep Allaýarow, Rejep Rejebow, Aýdogdy Gurbanow, Pendiguly Baýramow, Amanmyrat Orazmyradow, Nury Meredow, Orazgeldi Berdiýew, (soňrak Suhan Tüýliýew) dagy Moskwanyň konserwatoriýasynda okaýardylar. Biz her hepdede diýen ýaly ýa konserwatoriýada ýa-da Edebiýat institutynda duşuşýardyk, aýdym-saz diňleýärdik, goşgy okaşýardyk. Nury Halmämmedowyň Magtymgulynyň sözlerine döreden romanslarynyň birnäçesiniň bizi

Okan eserlerimden

Mähriban okyjylar, size hödürleýän şu ýazgylary, çeşmelerden okan eserlerim esasynda taýýarladym. Bilesigelijiligim sebäpli men dürli eserleri okaýaryn. Şolaryň arasynda islendik okyjyny gyzyklandyrjak maglumatlar, geň-taň wakalar hem gabat gelýär. Men olary ýandepderçäme belläp alýaryn. Şolardan käbirini «Garagum» žurnalynyň okyjylary bilen paýlaşmak isleýärin. Bilguşak

Elbukja

Halkymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip döreden maddy gymmatlyklary biziň buýsanjymyzdyr. Şolaryň biri hem elbukjadyr. Olar zenanlarymyzyň milli hünäri hökmünde bellidir. Durmuşda tertipli we ykjam bolan ene-mamalarymyz biçip-tikmekde, keşde çekmekde döredijilikli işläp, her bir zady sungat derejesine ýetiripdirler. Olaryň hünärli gollaryndan çykan her bir işleri göreniňde gözüň dokunýar. Sünnälenip edilýän bukjalaryň dürli görnüşleri bar. Haly, keçe we parça (mata) bukjalar, örme we palas bukjalar dürli ululykda taýýarlanypdyr. Şol bukjalara egin-eşikler, matadyr beýleki lybaslar salynsa, kiçi bukjalara aýna-darak salnypdyr.

Görküni tebigatdan alan gözellik

Zenan zehininden döreýän gözellikleri ýaş gelin-gyzlara has kämil derejede öwretmek, olaryň çeper elliligini gazanmak maksady bilen geçirilýän duşuşyklar, wagyz-ündew çäreleri, maslahatlar giň gerim alýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen «Türkmen sährasynyň keşbi siňen nepislik» atly söhbetdeşlik hem şeýle çäreleriň hataryny artdyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünliklere beslenýän ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýan zenanlarymyz müňýyllyklaryň dowamynda ajaýyp sungat eseri derejesinde kämilleşen we türkmen tebigatynyň nusgasyny özüne siňdiren milli nagyşlarymyza, däp-dessurlarymyza goýulýan sarpanyň artmagyny gazanmakda, ýaş nesilde milli gymmatlyklarymyza bolan höwesi ýokarlandyrmakda gujur-gaýratlaryny gaýgyranoklar. Şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edilen çäräniň dowamynda milli çäşewimiziň nagşy salnan, tebigy reňklerde boýalyp dokalan bukja daşyny taýýarlamagyň ýollary, halkymyzyň halyçylyk sungaty hakynda söhbede uly orun berildi. Zenanlaryň on barmagynyň hünäri bolan halylarymyzy dünýä ýaýmakda, bu ugurda halypa-şägirtlik

Taryhy-medeni ýadygärlikler — milli guwanjymyz

Bedew bady bilen röwşen menzilleri nazarlap, öňe barýan berkarar döwletimiziň, nurana geljegimiziň mynasyp eýeleri boljak kämil aň-düşünjeli, bilimli, edep-ekramly ýaş nesili ösdürip ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň hemişe öňe sürýän we üns merkezinde saklaýan wajyp wezipeleriniň biri. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylan Täze ýyl mynasybetli türkmen halkyna Gutlagynda hormatly Prezidentimiz bu meselä ýüzlenip, şeýle diýdi: «Biz geljegimiz bolan ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy üçin hem ähli şertleri döredýäris. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, sanly tehnologiýalary öwrenmegine döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys». Öňe sürülýän we il-halkymyz tarapyndan gyzgyn goldanylýan bilim özgertmelerini mundan beýläk-de depginli dowam etdirmek we bilim ulgamyny kämil derejelere çykarmak bilim işgärlerinden zehin hem ukyp-başarnygy talap edýär. Özümiz üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden we amatly şertlerden peýdalanyp, öňde goýlan şeýle hormatly hem jogapkärli wezipäni amala aşyrmaga bar gujur-gaýratymyzy sarp edýäris. Şunda biz etrabymyzyň çägindäki we oňa ýanaşyk ýerlerdäki gadymy geçmişden miras galan taryhy-medeni ýadygärlikler, olaryň ähmiýeti hem syrly man

Lybaslaryň seresi — gyz-gelniň bezegi

Asyrlaryň synagly günlerini, ýyllaryny geçip biziň bagtyýar günlerimize gelip ýeten milli mirasymyz barada pikir edeniňde, türkmen zenanlarynyň çeper ellerinden dörän milli el işleri hakydaňda janlanýar. Şol milli el işleriniň içinde zenan zähmetinden, yhlasyndan önýän, sünnälenip dokalýan keteniler milli mirasymyzyň aýrylmaz bir bölegidir. Gyz-gelinleriň geýýän milli lybaslarynyň seresi bolan, owadanlygy gözüň ýagyny iýip gelýän ketenini dokamak irginsiz zähmeti, sabyrlylygy talap edýän inçe senetdir. Lowurdusy älemgoşar deýin, ýöräniňde şowurdysy bir ajap mukama meňzeş türkmeniň milli ketenisine dünýä ýüzi hyrydar. Şeýle gözelligi öz çeper eli bilen döredip, ençeme ýyl bäri “keteniçi gelneje” adyny alan, Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Baýramaly şäher komitetiniň işjeň agzasy Gyzylgül Orazmämmedowa keteni dokamagyň inçe syrlary dogrusynda şeýle gürrüňleri berdi: —−Senetçilik halkymyzyň gadymy we müdimi mirasydyr. Dokmaçylyk hem, öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Halkymyzyň dokmaçylyk senedinde zenanlaryň çeper ellerinden, dörän, nepislik bilen dokalýan ketenä esasy orun degişlidir. Gözelligiň gönezligi hasaplanylýan zenanlaryň her bir işinde söýgi bilen yhlasy görmek bolýar. Gadym döwürlerden b

Nusgalyk ömür

Babadaýhan etrabynyň Täze ýol obasynda ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky mirashanada halkymyzyň baý milli mirasyna, şöhratly taryhyna degişli gymmatlyklaryň ýüzlerçesi saklanýar. Bu ýerde guralýan çärelere harby bölümleriň esgerleri, edara-kärhanalaryň, zähmet toparlarynyň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, döredijilik işgärleri, dürli kärde işleýän ýaşlar we mekdep okuwçylary uly höwes bilen gatnaşýarlar. Mirashananyň işgärleri 2012-nji ýylyň 12-nji awgustynda bu ýerde bolup geçen şatlykly wakany buýsanç bilen ýatlaýarlar. Şol gün halypa mugallym, ilhalar ynsan, watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň gurduran mekdebiniň mirashana öwürmek dabarasy bolup geçdi. Bu mekdepde 52 ýyllap çagalara bilim-terbiýe berlipdir. Mekdebiň mirashana öwrülmegi oba ýaşaýjylarynda uly buýsanç döretdi. Ýeri gelende, mirashananyň hormatly Prezidentimiziň: «Mekdebiň ýanynda obanyň taryhy bilen baglanyşykly muzeý döretmek, oba we onuň ýaşaýjylary baradaky maglumatlary ýygnamak, olary synpdan daşary, ülkäni öwreniş sapaklary geçirilende giňden peýdalanmak zerurdyr!» diýen sargytlaryndan ugur alnyp döredilendigini belläp geçmek gerek.

Gymmatly miras

Biz islendik bir işiň başyna baranymyzda, etjek bolýan işimiziň zerur bolşy ýaly, ony ýerine ýetirmegiň ugur-ýoluny bilmegimiz hem möhümdir. Eger gerekli enjamlarymyzyň, senetlerimiziň ählisi bilen üpjün bolanymyzda-da, ýerine ýetirjek bolýan işimiz babatda ýeterlik derejede sowadymyz bolmasa, onda ony tamamlamak juda kyn düşer, üstesine-de, ol isleýşimiz ýaly aňrybaş bolmaz. Elbetde, yhlas, höwes we özüňe ynamlylyk bilen birnäçe gezek synag geçmek arkaly islendik işde oňat netije gazanyp bileris. Emma şol ugurda ýeterlik sowat gorumyz bar bolsa, onda işi göwnejaý we ýeňillik bilen berjaý ederis, şonuň bilen birlikde wagty hem tygşytlarys. Sowatly, ylymly, bilimli bolmagyň iň esasy we ýeňil ýoly bolsa, kitaby dost tutunmakdyr. Haýsy-da bolsa bir zady köp gaýtalasak, wagt geçdigiçe ol endige öwrülýär. Özümize esasy endik edinmeli zatlarymyzyň biri-de kitap okamakdyr. Alymlaryň bellemeklerine görä, kitap okamak ýatkeşligi ösdürýär, dünýägaraýşy giňeldýär, göwnüçökgünligi aradan aýyrýar, pikiri durlaýar, özüňde bar bolan döredijiligiňi açyp görkezmek üçin uly ähmiýeti bar. Şeýle-de kitaphonluk halklaryň biri-biriniň medeniýeti, sungaty we däp-dessurlary ýaly durmuş ýörelgeleri bilen ýakyndan tanyşmagyna ýardam edýär. Kitap okaýan adamyň dil baýlygy artýar.

Edep-ekram ýörelgesi

Gadym wagtlardan bäri halkymyz öz ýaşulularyny edep-ekramyň, görüm-göreldäniň, düzgün-tertibiň mekdebi hasaplaýar. Edepli, medeniýetli, sowatly adamlara uly sylag-hormat goýulýar. Özüň barada ýakymly sözleri eşitmek üçin, ilkinji nobatda, edepli bolmak, özüňden ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, saýhally, dogry sözlemek, halal ýaşamak ýaly köpçülikde halanýan häsiýetlere werziş bolmaly. Adamlar kimiň-kimdigini örän tiz seljerýärler we seniň özüňi alyp barşyňa seredip, saňa baha berýärler.

Milli oýunlaryň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhubelent ýaşlaryna durnukly bilim hem-de sagdyn terbiýe bermekde, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, Watana wepaly nesli kemala getirmekde Gahryman Arkadagymyz uly işleri durmuşa geçirýär. Biz hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, körpe çagalarymyzy milli ruhda terbiýeleýäris. Mähriban çagalaryň açyk howada we ýapyk binalarda oýnaýan milli oýunlarynyň aglabasy hereket bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi diňe bir şadyýan wagt geçirmek bolman, eýsem körpe çagalarymyzyň ukyp-başarnyklaryny, beden hereketlerini ösdürmekde örän ähmiýetlidir.

Türkmen milli oýunlary

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzyň ähli ýerinde ýaş nesliň dürli sport oýunlary bilen meşgullanmagy, wagtyny gyzykly geçirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Halkymyzyň geçmişine ser salsak, ýaş nesilleriň wagtyny gyzykly we many-mazmunly geçirmegi, akyl hem-de beden taýdan taplanmagy üçin ençeme milli oýunlar döredilipdir. Bu oýunlaryň nesil terbiýesinde uly ähmiýetiniň bardygyny görmek bolýar. Biz hem halkymyzyň durmuşynda, ýaşlaryň arasynda meşhur bolan milli oýunlarymyzyň käbiri dogrusynda gürrüň etmegi makul bildik. Altyn aşygym — alçy gop!

Edep-terbiýäniň gözbaşy

Milli terbiýeçilik mekdebimiziň taryhy köklerini, ýol-ýörelgelerini açyp görkezýän hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň çapdan çykyp, halkymyza gowuşmagy buýsanjymyzy artdyrdy. Kitapda halkymyza mahsus bolan milli ýörelgelerimiziň üsti bilen ýaş nesilde watansöýüjilik, ynsaplylyk, zähmetsöýerlik, rehimdarlyk, ylymly-bilimli bolmak, hünär edinmek ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýelemegiň ýollary beýan edilýär. Türkmen halkynyň çaga bolan söýgüsi çäksizdir. Çaga maşgalanyň başynyň täji, gözüniň guwanjydyr. Bu barada “Paýhas çeşmesi” atly kitapda: “Bal süýji, baldan-da bala”, “Balaly öý bazar, şowhuny köňül ýazar” ýaly nakyllar getirilýär. Ata-babalarymyz “Çagany — ýaşdan, edebi — başdan” diýip, çaga bolan söýgüsini onuň edep-terbiýesi bilen baglanyşdyrypdyr.

Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde döredijilikli işleýän zenanlary hem-de žurnalyň okyjylaryny ýubileý ýylymyzda yhlasly zähmete çagyrmak we höweslendirmek maksady bilen  «Parahatlyk, ynanyşmak — ýörelge, Gahryman Arkadagymyz nusga, görelde!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň düzgünnamasy

Kesbi-kärim nesillere görelde

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Kesbi-kärim nesillere görelde» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşan zenanlar şertleriň üçüsi boýunça bäsleşip, öz saýlap alan senedini, hünär öwreden halypasyny, saýlap alan senediniň taryhyna degişli gadymy ýörelgeler, şeýle-de senetkäriň elinden çykan önümiň durmuşda ulanylyşy barada çeper beýan etdiler. Ine, zenanlarymyzyň birnäçesi bu bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Baş baýraga Balkan welaýatynyň Serdar şäherinden gelen mährem zenan Gülşat Daňatarowa mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar, şeýle-de Hormat hatlary gowşuryldy.

Boýna — zynat, göwne — ganat

Türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligine gözellik goşmak üçin ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda alyp baran işleri alnymyzda täsin bir dünýäni açýar. Hünärli ellerden çykan milli lybaslar, şaý-sepler ata-babalarymyzyň dünýäni inçelik bilen synlap, tebigat gözelliklerini sungata siňdirendigini görkezýär. Şeýle gymmatlyklaryň hatarynda halkymyzyň zergärçilik sungatynyň taýsyz nusgasy bolan monjuklar aýratyn orny eýeleýär. Monjuklaryň halk durmuşyna irki döwürde ornaşandygy hakynda ylmy çeşmelerde gymmatly maglumatlar bar. Muny akademik W. Sarianidiniň Garagum sährasynyň jümmüşindäki ägirt uly arheologik toplum bolan Goňurdepede alyp baran gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykaran nusgalary aýdyň görkezýär.

Durmuşy pelsepeler

Döredijilikde döwür bilen aýakdaş gitmek ussatlara, döwürdenem öňe gidip döretmek bolsa, aýratyn ukyply adamlara mahsusdyr. * * *