Halkyň hazynasyndan

27 Ýanwar 2021
976

Hanam bolsaň, ejeň üçin çagasyň

«Dünýäniň gürrüňini gerdekdäki çopan bilen dulda oturan gelinden sora» diýlenini edip, Oramyk çopandan: «Baýramaly hanyň töweregi çuň garymly diwarlary berk hem belent, toply-tophanaly galyň galasy bolupdyr. Goşunlarynyň sany gyryň daşyndan köp ekeni. Onsoň, nädip az goşunly Şamyrat Welnamydan ýeňildikä» diýip soradym. Ataşgir bilen közleri taňkanyň düýbüne üýşürip oturan ýaşuly çopan: «Hanam bolsaň, ejeň üçin çagasyň», «Ulynyň diýenini etmedik uwlar» diýleni-dä. Merwi basyp alyp bilmedik Şamyrat Welnamy hilä ýüz urýar. On oýnam atlyny ugradyp, galanyň töwereginde talaňçylyk eden bolup, özi goşuny bilen Gäwürgaladan ýarym farsahlyk gaýrada, gür ýylgynlykda atlaryň agzyna kişňemez ýaly torba geýdirdip, gizlenip gabaw gurnaýar.

Beýleki habarlar