Görküni tebigatdan alan gözellik

26 Ýanwar 2021
1147

Zenan zehininden döreýän gözellikleri ýaş gelin-gyzlara has kämil derejede öwretmek, olaryň çeper elliligini gazanmak maksady bilen geçirilýän duşuşyklar, wagyz-ündew çäreleri, maslahatlar giň gerim alýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen «Türkmen sährasynyň keşbi siňen nepislik» atly söhbetdeşlik hem şeýle çäreleriň hataryny artdyrdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünliklere beslenýän ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýan zenanlarymyz müňýyllyklaryň dowamynda ajaýyp sungat eseri derejesinde kämilleşen we türkmen tebigatynyň nusgasyny özüne siňdiren milli nagyşlarymyza, däp-dessurlarymyza goýulýan sarpanyň artmagyny gazanmakda, ýaş nesilde milli gymmatlyklarymyza bolan höwesi ýokarlandyrmakda gujur-gaýratlaryny gaýgyranoklar. Şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edilen çäräniň dowamynda milli çäşewimiziň nagşy salnan, tebigy reňklerde boýalyp dokalan bukja daşyny taýýarlamagyň ýollary, halkymyzyň halyçylyk sungaty hakynda söhbede uly orun berildi. Zenanlaryň on barmagynyň hünäri bolan halylarymyzy dünýä ýaýmakda, bu ugurda halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmekde ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolup, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň has-da rowaç almagy arzuw edildi.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar