''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Milli edep mekdebi

Halkymyzyň gözbaşyny iňňän irki döwürden alyp gaýdýan toý däp-dessurlary ata-babalarymyzdan we ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli edep mekdebidir. Bu ýörgünli däp-dessurlarda, esasan, il-günüň agzybirligini, birek-birege sylag-hormatyny berkitmek, maşgala abadançylygyny gazanmak ýaly mukaddes ýörelgeler öňe sürlüp, ýagşydan-ýagşy niýet-arzuwlar edilýär. Häzirki döwrümizde hem giň gerimde dowam etdirilýän bu milli ýörelgelerimiz şahandaz halkymyzyň asyrlarboýy owadanlyga, gözellige we ruhubelent ýaşaýşa bolan gatnaşygyny äşgär edýär. Gadymy döwürden bäri dowam edip gelýän milli toý däplerimize laýyklykda gyz durmuşa çykarylanda atasy ak pata berýär. Gyza pata berlende, köplenç, arzuw-islegler şahyrana, çeper söz bilen şeýle beýan edilýär:

Ömür-örküm aýdym bilen sazymdyr

Tanymal bagşy-sazandalaryň haýsy biriniň ömür ýoluna ser salsaň, olaryň köpüsiniň döredijiliginiň mekdep ýyllarynda hereket eden aýdym-saz gurnagyndan baş alyp gaýdýandygyna göz ýetirýärsiň. Lebaply onlarça bagşy-sazandalaryň sungatdaky ilkinji ädimleri hem mekdep ýyllaryndan gözbaş alýar. Mekdep gurnagyndan aýdym-saza imrigen sazandalaryň biri-de Allanazar Hudaýnazarow bolmaly. Ol ilkinji halypasy hökmünde mekdebiň aýdym-saz gurnagynyň ýolbaşçysy, mugallym Juma Annamämmedowy hormat bilen ýatlaýar. Medeni-köpçülik çärelerinde eden çykyşlary, bagşy Haýytly Mämmetdurdyýew bilen ýakyndan tanyş bolmagy onuň ykbalyny aýdym-saza baglaýar. Mandolina, skripka saz gurallarynda saz çalyp başlamagy onuň sungata bolan höwesini has-da artdyrýar. Skripkanyň gyjaga ýakynlygy Allanazarda şu milli saz guralyny çalmaga söýgi döredýär. Skripkanyň käbir basuwlarynyň, saz öwüşginleriniň gyjakda ulanylmagy sazyň labyzlylygyny artdyrýar.

Kak suwuny durlajak bolsaň...

Baharyň hoştap howaly günleriniň birinde, Garagum ýaýlasyna üç-dört bolup, ýeňil ulagda gezelenje çykdyk. Täzelikde çabga ýagyp, sährany suw-sil eden ekeni. Kaklar suwdan dolup, töweregindäki takyrlar köl bolup ýatyrdy. Birden uzakdan salgym göründi. Ýöne bizi gözümiz aldaman ekeni. Golaý barsak, salgymdyr öýdenimiz suw basan takyr bolup çykdy. Giň giden takyr köl bolup çaýkanyp ýatyrdy. Onuň ortasynda bolsa, bir süri ördekdir gaz ýüzüp ýördi.

Milli ýörelge — ömre görelde

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent ruhly, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek wajyp wezipe hökmünde kesgitlendi. Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüji, halkymyza wepaly, ylymly-bilimli şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda aladalar edýär. Munuň üçin ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de bu işi amal etmekde şöhratly taryhymyzy öwrenmegiň hem tutýan ornuna uly baha berilýär. Çünki halkymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň durmuş ýoly, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri ýaş nesli Watana, il-halka wepaly, tutanýerli, maksada okgunly, arassa ahlakly, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk görelde bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň taryhy giňişleýin öwrenilip, ata Watanymyzyň at-abraýyny beýgelden görnükli şahsyýetlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Maddy gymmatlyklarymyz gaýtadan dikeldilip, olar ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny öwrenmekde ýaşlar üçin esasy çeşmeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän taryhy ýadygärliklerimize gezelençler guralyp, ol ýeriň taryhy aýratynlygy, häzirki döwürdäki ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berilýär. Bu bolsa biz — ýaşlaryň ata-babalarymyzyň edim-gylymlaryny öwrenmegimiz, ol

Gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar

Serdar şäheriniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan dokmaçy gelin-gyzlar hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň zenan ykbalyna ýetirýän täsirini, durmuşdaky ähmiýetini wasp etdiler. Wideoşekilleriň üsti bilen welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde el işlerinde ulanylýan gadymy we häzirki zaman nagyşlaryny görkezdiler. Şol nagyşlaryň döreýşi, gelip çykyşy hakynda gürrüň berdiler. Çeper elli zenanlar eminler tarapyndan tabşyrylan el işlerini ökdelik bilen ýerine ýetirdiler. Nagyşlaryň gadymy nusgalary bilen baglanyşykly yrymlary, däp-dessurlary, rowaýatlary, aýdyşyklary, gazallary aýdyp berdiler. Zenan zehininden döreýän keşde-nagyşlarymyzyň gadymy nusgalaryny kämilleşdirmäge, arkama-arka dowam edip gelýän ýol-ýörelgelerimizi ýaş nesillere ýetirmäge giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Köneürgenç — rowaýatlar şäheri

Ýakynda biz «Köneürgenç» taryhy-medeni goraghanasynda bolup, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen özboluşly taryhy-binagärlik ýadygärliklerimiz, olary öwrenmek, adamlaryň arasynda wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyk. Şonda Köneürgenç baradaky rowaýatlary toplamak bilen uzak ýyllardan bäri meşgullanyp gelýän mirasgär, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Şöhrat Abdyýew bilen duşuşyp, söhbetdeş bolduk. — Şöhrat aga, sizi okyjylarymyz mirasgär hökmünde gowy tanaýarlar. Köneürgenç rowaýatlary bilen gyzyklanyp ýöreniňize köp wagt boldumy?

“Gelin ýöreýşi ýa-da Myrat haýran” sazy

2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda halypa žurnalist Allaberdi Sapargeldiýew bilen salamlaşaly hem-de saglygyny soraly diýip barypdyk. Zanny ýumşak häsiýetli Allaberdi aga bizi güler ýüz bilen garşy aldy. Çaý-nahardan soňra köne tanyşlar — Mary etrabynyň Mülkburkaz geňeşliginiň ýaşaýjysy Togtagül Kaka gyzy bilen Allaberdi aganyň gürrüňleri alşyp gitdi. Şonda Allaberdi aga: —Togtagül, sen ýaşlykdan türkmeniň edep-ekramyna, däp-dessuryna degişli rowaýatlar bilen gyzyklanyp ýörsüň. Hany, şolardan birini gürrüň bersene — diýip, gürrüňdeşligi ugrukdyryp goýberdi. Öňdenem ýumşak häsiýetli, türkmeniň inçe sungatyna ýüregi bilen berlen, ata-babalarymyzyň döreden medeni mirasy bilen gyzyklanyp ýören Togtagül Kaka gyzy:

Yz çalmagyň inçe syrlary

Ýodalary yzlap, ýola ýetmegi nesillere pent edip ýaşaýan halkymyzyň arasynda yzçylyk sungaty aýratyn orny tutupdyr. Türkmen dessanlarynda we ertekilerinde bir kişiniň aýak yzyny yzarlap, onuň ýoldan haçan geçendigini, näme iýip-içendigini bilýän adamlaryň ugurtapyjylygy beýan edilýär. «Görogly» şadessanyndaky: «Öten kim bar, geçen kim bar, yz çalaly!» diýlen setirler türkmeniň yzçylyk sungatynyň has irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýanlygyna güwä geçýär. Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» eseri esasynda surata düşürilen çeper film tomaşaçylara hödürlenilenden soň, köpler yzçynyň keşbini döreden Akmyrat Bäşimowyň hakyky adyny tutman, oňa «yzçy» diýip ýüzlenipdirler. Sebäbi belli artist bu keşbi döretmek üçin olaryň hereketlerini, özlerini alyp baryşlaryny içgin öwrenipdir.

Mirasymyzyň nepis nusgasy

Türkmeniň ak öýüniň duluny bezän gadymy horjunlar häzirki wagtda muzeý gymmatlyklarynyň hataryna girýär. Şol gymmatlyklary bir ýere jemlemek, aýawly saklap, nesilden-nesle geçirmek üçin adamzat muzeý diýilýän täsin dünýäni döredipdir. Ine, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp, bu ýerdäki gymmatlyklary synlasak, geçen müňýyllyklara syýahat eden ýaly bolýarys. Şeýdip asyrlaryň ýaňyna gulak asyp ýörşümize, etnografiýa bölüminde has üýtgeşik ýakymly duýgular kalbymyza dolýar. Sebäbi bu ýerdäki gymmatlyklaryň hersi — giden bir hazyna. Şolaryň hatarynda gadymy horjunlar hem ünsümizi özüne çekýär. Bu medeniýet ojagynda horjunlaryň öýdüme görnüşi hem bar. Öýdüme horjunlar «gylyç» diýlip atlandyrylan gural bilen dokalypdyr. Olaryň nagşy, ýüpi beýleki horjunlaryňkydan ýogynrak bolýar.

Timar berse saçlaryna

Ene-mamalarymyz öz gyzlaryna şamar saçlaryna timar bermek bilen bagly asylly ýörelgeleri we däp-dessurlary miras galdyrypdyrlar. Daralanda düşen saçlaryny salyp goýar ýaly «saçbukja» tikip beripdirler. Gyzlar akja mata ýazyp, saçlaryny darapdyrlar. Sähetli gün saçlaryny tuduň düýbüne gömüpdirler. Saçlar çem gelen ýere zyňlyp goýberilmändir. Şonuň üçinem nusgawy şahyrlarymyzyň wasp edişi ýaly, şana degende zülpleriň her tary başga-başga bolupdyr. Gyzlara saçbagy bilen saçlaryny örmek öwredilipdir. Saçbag saçyň tozman, ykjam saklanmagyna oňaýly täsir edipdir we gyzlaryň görküne görk goşupdyr.

Gopuzyň owazy şirin

Köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halky geçmiş taryhynda 70-den gowrak dürli saz gurallaryny döredipdir. Şeýle saz gurallarynyň biri bolan gopuzy örän arassa, saýlama demirden ýasapdyrlar. Etrabymyzyň Esgi geňeşliginiň ýaşaýjysy demirçi ussa Nurgeldi Joraýewiň aýtmagyna görä, eger gopuzy ýasap, onuň dilini gije daksaň, owazsyz, gündiz daksaň, goh-galmagally, daňdan — guşlaryň saýraýan säher çaglarynda daksaň, saýrak guş ýaly owazly bolarmyş. Gopuz belli bir ölçege eýe bolman, onuň ululy-kiçili görnüşleri bar. Möçberlerine görä, olaryň sesleri belentli-pesli bolýar. Bu saz guraly eliň bilen iki dişiň arasynda çalaja gysylyp saklanylýar. Soňra sag eliň süýem barmagy bilen onuň diljagazyna kakylýar. Dutarda sese ýaň berýän onuň kädisi bolsa, gopuzda agyz boşlugynyň, dodagyň, diliň hem-de howa sorup çykarmagyň netijesinde owaz alynýar. Gopuzda her kim öz ussatlygyna, ýerine ýetiriş ukybyna baglylykda ýüzugra 5-6 ses bilen dürli sazlary çalmagyň hötdesinden gelip bilýär.

«Goçak» nagşy

Ajaýyp, milli nagyşlar arkama-arka, nesilme-nesil geçip, şu günki günlerimize gelip ýetipdir. Şol nagyşlaryň hersiniň özboluşly taryhy bar. Men hem gadymy türkmen nagyşlary, keşdeleri bilen çagalygymdan bäri gyzyklanýaryn. Mamamyň, ejemiň gadymy nagyşlar baradaky gürrüňlerini uly gyzyklanma bilen diňleýärdim. Gadymy türkmen nagyşlaryna zenan ýüreginiň mähri, gözelligi, nepisligi, arzuw-hyýallary, söýgüsi, wepasy, halallygy siňipdir. Ene-mamalarymyzyň on barmagyň hünärinden dörän ol nagyşlar jadylaýjy gözellige öwrülipdir. Ajaýyp nagyşlar körpelerden başlap, ýaşululara çenli boýdan-başa bezeg beripdir. Diňe munuň bilenem çäklenmän, eýsem, nagyşlar öý goşlaryna, halylara, palaslara, keçelere, joraplara, elliklere we zergärçilik önümlerine-de salnypdyr. Şeýle nagyşlaryň biri-de goçak nagşydyr. Türkmenlerde tamdyrlaryň daşyna hem bu nagşy salmak irki döwürlerden adat bolup galypdyr.

Beýik ýoluň mirasy

Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda dünýä medeniýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşan türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda dünýä nusgalyk milli gymmatlyklary, asylly ýörelgeleri döredendigini, halkymyzyň ruhy we medeni mirasyny öwrenip, ony wagyz etmek we geljek nesillere geçirmek işleriniň, arheologiýa we etnografiýa barlaglarynyň işjeň alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň barşynda taryhy öwreniji W.Masson, W.Sarianidi ýaly dünýä belli alymlaryň Türkmenistanda işläp, halkymyzyň taryhy bilen içgin gyzyklanyp, geçmişiň açylmadyk syrlaryny dikeltmek boýunça bitiren işleriniň biziň üçin nusga bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň arhelogiýa we etnografiýa baýlyklaryna, şan-şöhrata beslenen taryhly ata Watanymyza, yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň galdyran ymgyr mirasyna goýýan beýik hormat-sarpasynyň nyşany hökmünde kalbymyzda buýsanç duýgusyny döretdi. Çünki biziň taryhymyzyň syrly sahypalary, esasan-da, Beýik Ýüpek ýolunyň şahalarynyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleriň goýnunda jemlenendir. W.Masson, W.Sariani

Türkmen hoşniýetliliginiň şöhlelenmesi

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Bularyň arasyndaky dawa soltanyň gulagyna baryp ýetýär. Soltan olaryň ikisini hem öz huzuryna çagyrýar. Soňra ol wezire garap: «Galam eýeleri hemişe gylyç eýeleriniň hyzmatkärleri bolýandyrlar. Sen ne sebäpden galam eýelerini beýle mahabatlandyrýarsyň we öwüp arşa çykarýarsyň? Sen muny subut edip biljekmi?» diýýär. Wezir: «Beýik hökümdarym, gylyç dostlary däl-de, duşmanlary öjükdirip, aýaga galdyrar. Galamdan hem dost peýda görer, hem duşman dep bolar. Gylyç eýeleriniň hemişe patyşalyga meýli bolýandyr, şeýle-de olar mülke göz gyzdyrýandyrlar. Olar nygmat eýelerine garşy baş göterýändirler, emma galam eýelerinden munuň ýaly haýyn hereket çykmaz. Gylyç eýeleri soltanyň hazynasyny boşadýandyrlar, galam eýeleri bolsa hemişe hazynanyň üstüni doldurýandyrlar. Girdejili zat çykdajyly zatdan has haýyrlydyr we gadyrlydyr» diýip, akylly-paýhasly sözleri bilen öz garaýşyny delillendirmegi başarýar.

Gündogaryň beýik danasy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) «Beýleki planeta hem biziňki ýaly tebigy häsiýetli bolup biler» diýip, ynam bilen ýazan Abu Reýhan Biruny älemde Ýere meňzeş başga-da planetalaryň bolmagynyň mümkindigi hakda kesgitli gürrüň edipdir. Onuň pikirine görä, beýleki dünýä haýsydyr bir böwet zerarly bizden arany açypdyr. Biruny tebigatda boşluk ýok diýen düşünjäni goldap, «beýleki dünýäler» hakyndaky düşünjäni öňe sürüpdir. Bu meselede ol özünden ozalky pikirdeşlerinden öňe gidipdir.

Tagtyrowan

Orta asyr türkmen döwletlerinde hökümdarlaryň tagta oturmagy bilen olaryň häkimiýetleri başlanypdyr. Ýagny soltanlaryň hökümdarlyk ýolundaky ilkinji ädimleriniň biri tagta oturmak bolupdyr. Hökümdarlaryň oturýan makamyna «tagt» ady berlipdir. Tagt — häkimiýet we hökümdarlyk diýmekdir. Orta asyr türkmen taryhyndaky möhüm eserleriň biri XI asyrda ýaşan Ýusup Has Hajyp Balasagunlynyň «Kutadgu Bilig» atly eseridir. Bu eser türki halklaryň yslamy kabul etmeginden soňra, türki dilde ýazylan ilkinji eserdir. Ýusup Balasagunlynyň bu eserinde tagt bilen baglanyşykly şeýle setirler beýan edilipdir:

Sallançak

Gadymy mirasa baý halkymyzyň arasynda maşgala, durmuş bilen baglanyşykly däp-dessurlar, edim-gylymlar häzirki döwürde-de ýörgünlidir. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz öz perzentlerini päk kalply, ynsaply, ygrarly, lebzinde durýan, mert, edermen, arassa ahlakly edip, terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen ençeme gymmatlyklary döredip, bize miras galdyrypdyrlar. Şol gymmatlyklaryň biri-de sallançakdyr. Sallançak diýlende türkmen öýüniň töründe içi bäbekli mukaddeslik göz öňüne gelýär. Bäbek üçin ene gujagynyň dowamy sallançakdyr. Akja bäbekli sallançak üwrelip duran öý döwletlidir. Ata-babalarymyz öýüň dulundan sallançak gurupdyrlar. Özi-de ol çaganyň başy günbatara goýlar ýaly ýagdaýda gurlupdyr. Öňki döwürlerde sallançagyň ýüpi ak öýüň tärimlerinden daňylypdyr. Pagsa jaýlarda jaýyň burçundan teble kakyp, şol tebleden halka asyp, halkadan sallançagyň ala ýüpüni dakypdyrlar. Öýüň dulundan 2-3 metr aralykda iki sany dagdan agajyny dikip, sallançak ýüpleri üçin ýörite pagta süýüminden, geçi çöpürinden ýa-da goýun ýüňünden egrilen ýüpden sallançak ýasapdyrlar. Iki gat ýüpüň iki ujunyň hersini bir agaja birikdiripdirler.

Hörele, düýäm, hörele!

Düýe maly gadym döwürlerden bäri halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeläp gelýär. Ata-babalarymyz düýeleri ýük daşamakda, kerwene goşup, argyşa gitmekde, ýer sürmekde ulanypdyrlar. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda has anyk söhbet edilýär. Beýik Ýüpek ýolunda uzak-uzak ýollary, uç-gyraksyz sähralyklary, çägeli çölleri, gözýetmez giňişlikleri geçmekde düýeler esasy hyzmaty ýerine ýetiripdirler. Paýhasly pederlerimiziň aýdyşy ýaly, menziline garan düýeler ählitaraplaýyn peýdalydyr. Halkymyzyň düýe malyna bolan yhlasy, söýgüsi medeni mirasymyzyň dürli ugurlarynda, esasan hem, amaly-haşam sungatynda, senetçilikde, halk döredijiliginde giň beýanyny tapýar. «Düýäm bar — dünýäm bar», «Düýäni yzyndan tanarlar, adamy — lakamyndan», «Düýe garrasa, botasyna eýerer», «Düýäniň haýsy tarapa gidenini gumalagy aýdar», «Düýede howut bolmasa, Soltan Weýis neýlesin?» ýaly nakyllar hem munuň aýdyň güwäsidir.

Al-ýaşyl bürenip çykar perisi

Türkmeniň milli lybaslarynyň özboluşly gözelligi göreni haýran edýär. Şeýle nepisligi döredýän türkmen zenany kalbyndaky söýgüsini, arzuw-islegini nagyşlaryna siňdirýär. Sungat derejesine ýetirilen bu ajaýyplyklar gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri. Yhlas bilen ýapyşylan işiň tarypy bolsa, asyrlardan-asyrlara ýetipdir. Gelin-gyzlarymyz ähli döwürlerde hem gowy lybaslary geýip, iň nepis şaý-sepleri dakynypdyrlar. Bu gözellige haýran galmak bilen seredipdirler. Milli lybaslaryň owadanlygy şahyrlary hem özüne çekipdir. Muňa türkmen edebiýatynyň şamçyragy Magtymguly Pyragynyň:

Watan waspy dillerde

Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän kitaplaryň her biri biziň üçin nusgalyk ýol-ýörelge, durmuşyň ruhy binýady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň kitaplary bagtyýar nesilleri agzybirlik, watançylyk, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde, watandaşlarymyzy berkarar döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda beýik işlere ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti, berkarar döwletimiziň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, türkmen halkynyň gadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten döwletlilik, ynsanperwerlik, agzybirlik, parahatçylyk ýörelgeleri hakynda çuň manyly gürrüň berýär. Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda döreden durmuş mekdebiniň binýadynda kemala gelendigini nygtamak bilen, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň goşgularyna ýüzlenip, bu barada anyk mysallary getirýär.