Beýik ýoluň mirasy

9 Fewral 2021
1035

Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda dünýä medeniýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşan türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda dünýä nusgalyk milli gymmatlyklary, asylly ýörelgeleri döredendigini, halkymyzyň ruhy we medeni mirasyny öwrenip, ony wagyz etmek we geljek nesillere geçirmek işleriniň, arheologiýa we etnografiýa barlaglarynyň işjeň alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň barşynda taryhy öwreniji W.Masson, W.Sarianidi ýaly dünýä belli alymlaryň Türkmenistanda işläp, halkymyzyň taryhy bilen içgin gyzyklanyp, geçmişiň açylmadyk syrlaryny dikeltmek boýunça bitiren işleriniň biziň üçin nusga bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň arhelogiýa we etnografiýa baýlyklaryna, şan-şöhrata beslenen taryhly ata Watanymyza, yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň galdyran ymgyr mirasyna goýýan beýik hormat-sarpasynyň nyşany hökmünde kalbymyzda buýsanç duýgusyny döretdi. Çünki biziň taryhymyzyň syrly sahypalary, esasan-da, Beýik Ýüpek ýolunyň şahalarynyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleriň goýnunda jemlenendir. W.Masson, W.Sarianidi ýaly belli alymlaryň dünýä ähmiýetli ylmy açyşlary hem gönüden-göni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärliklerde amala aşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Hytaýdan gaýdan kerwenler Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen müňlerçe kilometr aralygy aşyp, ata Watanymyzyň çäklerine aralaşypdyr. Gojaman Jeýhundan geçip, Amul şäherine gelipdir. Amulda Beýik Ýüpek ýolunyň Hytaýdan we Hindistandan, Horezmden we Horasandan gelýän esasy şahalary birleşipdir. Amul Beýik Ýüpek ýolunyň Gündogardan Samarkant, Buhara şäherleriniň üsti bilen gelýän merkezi şahasynyň Amyderýadan geçilýän güzeriniň ýanynda örän ähmiýetli ýerde ýerleşipdir.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, mirasgär.
Beýleki habarlar