«Goçak» nagşy

10 Fewral 2021
1669

Ajaýyp, milli nagyşlar arkama-arka, nesilme-nesil geçip, şu günki günlerimize gelip ýetipdir. Şol nagyşlaryň hersiniň özboluşly taryhy bar. Men hem gadymy türkmen nagyşlary, keşdeleri bilen çagalygymdan bäri gyzyklanýaryn. Mamamyň, ejemiň gadymy nagyşlar baradaky gürrüňlerini uly gyzyklanma bilen diňleýärdim.

Gadymy türkmen nagyşlaryna zenan ýüreginiň mähri, gözelligi, nepisligi, arzuw-hyýallary, söýgüsi, wepasy, halallygy siňipdir. Ene-mamalarymyzyň on barmagyň hünärinden dörän ol nagyşlar jadylaýjy gözellige öwrülipdir. Ajaýyp nagyşlar körpelerden başlap, ýaşululara çenli boýdan-başa bezeg beripdir. Diňe munuň bilenem çäklenmän, eýsem, nagyşlar öý goşlaryna, halylara, palaslara, keçelere, joraplara, elliklere we zergärçilik önümlerine-de salnypdyr. Şeýle nagyşlaryň biri-de goçak nagşydyr. Türkmenlerde tamdyrlaryň daşyna hem bu nagşy salmak irki döwürlerden adat bolup galypdyr.

Tawus GAÝYPNAZAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar