''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Miras galan asyklar

Pederlerimiz gelin-gyzlaryny, ýaş aýratynlygyna görä, dürli şaý-sepler bilen bezäpdirler. Şonda bu bezegleriň ýerligi guýma kümüşden bolup, ýüzüne altyn çaýylypdyr. Kümüş asyklar zenanlaryň saçyna dakmagy üçin niýetlenip ýasalan «saçýüzi», «saçujy», «saçmonjuk» ýaly bezeglerdir. Asygyň ýokary başynda saçbagyny berkitmek üçin halka bolýar. Asyk şol halkadan geçirilen alaja bilen saça dakylýar. Asygy uly ýaşdaky aýallar dakynypdyrlar. Asygyň şekili peýkamyň başyna meňzeş bolup, onuň aşaky bölegi ýürege çalym edipdir. Zergärler onuň ýüzüni oýup, sim çekip nagyş salypdyrlar. Asyga köp gaş goýulmandyr.

At esbaby — eýer hakynda

Atlar seýislenende, çapylanda, atly sportda ulanylanda, atly gezelenje çykylanda, müngi ulagy hökmünde we hojalyk işlerinde dürli maksatlar üçin ulanylanda ata salynýan, dakylýan esbaplara, enjamlara «at esbaplary» diýilýär. At esbaplarynyň biri-de eýerdir.

Türkmen içmegi

Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Türkiýede geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy. Milli Liderimiz iş saparynyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany 70 ýaş toýy bilen gyzgyn gutlap, türkmen-türk halklarynyň mizemez dostlugynyň nyşany hökmünde türkmen içmegini sowgat berdi. Ol asyrlaryň jümmüşinde sungat derejesinde kämilleşdirilip gelnen ajaýyp milli lybaslarymyzyň bir görnüşidir. Medeniýeti milletimiziň mertebesine we kalbyna deňeýän Gahryman Arkadagymyz bu şatlykly pursatda içmek dony hem-de onuň nagyşlarynyň many-mazmuny barada gürrüň berdi. Mälim bolşy ýaly, biçüwinde we tikilişinde aňrybaş kämillige eýe bolan, iňňän nepis, deňsiz-taýsyz, owadan, köpöwüşginli bezeglerine özboluşly pelsepe, ruhy ynançlar siňdirilen milli egin-eşiklerimiz buýsanjymyzdyr, milli baýlygymyzdyr. Içmek hem halkymyzyň milli egin-eşik medeniýetiniň ajaýyp nusgalarynyň biridir. Içmek soltanlara, begzadadyr şazadalara uly hormatyň nyşany hökmünde sowgat berlipdir. Geçirilen ylmy gözleg işleri içmegiň döreýşiniň taryhynyň müňýyllyklara uzap gidýändigini subut edýär. Mysal üçin, XI asyrda ýaşap geçen belli dilçi alym Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň sözlügi» atly işinde «Içmek — guzy derisinden tikilýän erkek kişileri

Türkmeniň ruhy çyragy

Golaýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy — türkmeniň çyragy» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynyň akyldar şahyra bagyşlanyp döredilen eserleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen baglanyşykly kitaplaryň sergisi hem guraldy. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn sarpa goýulýandygy, şahyryň baý edebi mirasyny öwrenmekde we geljekki nesillere ýetirmekde uly işleriň amala aşyrylýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Bu ugurda amala aşyrýan beýik işleri üçin hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Oguz han — nesilbaşymyz (Biziň aslymyz)

«Oguz han, Duman Beýgi, Mete han, Mahmyt Gaznaly, Seljuk beg, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik Şa, Soltan Sanjar, Muhammet Şa, Jelaletdin Menguberdi, Ärtogrul gazy, Osman gazy... Bu beýik ärleriň ady müňýyllyklaryň jümmüşlerinden bäri, asyrlarboýy dünýä ýaň salyp gelendir. Olar döwlet gurmakdaky we halkyň agzybirligini gazanmakdaky, millete şan hem mertebe, ýol-ýörelge bermekdäki beýik işleri bilen, güýç-gaýratlylygy hem parasatlylygy bilen, ugurtapyjylygy hem adalatlylygy bilen adamzat taryhynda öçmez yz goýupdyrlar». Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan.

Taryhy we medeni miras

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamynyň esasy ugurlarynyň biri bolan muzeýlere uly ähmiýet berilýär. Çünki halkyň şöhratly taryhy, şu güni bilen bagly gymmatlyklar muzeýleriň esasy hazynasy hasaplanýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet muzeýinde türkmen halkynyň taryhynyň medeni mirasynyň ylmy esasda öwrenilmegi üçin uly mümkinçilik bar. Döredilen şeýle mümkinçilikleri nazarda tutup, milli medeni gymmatlyklary özünde jemleýän bu muzeýe gelýän myhmanlara türkmen halkynyň baý taryhyny gürrüň bermek örän buýsandyryjydyr.

Änew medeniýetiniň tapyndylary

2024-nji ýylda halkara TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bagtyýar halkymyzy buýsandyran waka boldy. Aşgabat şäherinden 12 kilometr gündogarda ýerleşýän gadymy Änewiň depeleri (günorta we demirgazyk) hemişe dünýäniň alymlarynyň üns merkezinde bolup geldi. Bu gadymy depeleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işleriniň ilkinjisi 1903 — 1904-nji ýyllarda amerikan alymy Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygynda amala aşyryldy.

Ýüwrük bedewler hakynda

«Aty baryň — ganaty bar» diýen pähimden ugur alýan  halkymyz bedew atyny özüniň wepaly dosty, iň ýakyn hemrasy hasaplaýar. Hut şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýelden ýüwrük bedewlerimiz hakyndaky käbir maglumatlary okyjylar bilen paýlaşmagy müwessa bildik. ✓ dünýäde Tugrasynda bedewiň şekili bolan ýeke-täk ýurt biziň Watanymyz  Türkmenistandyr;

Hakyda ýazgylary

Milli mirasyň janköýeri Ümür halypa (Begençmyrat Esenow) «Aýdylmadyk gep ýok-da, eşidilmedik gep bar» diýen jümläni köp gaýtalardy. Örän jaýdar aýdylan söz. Şol halka nepi degjek ruhy gymmatlyklary gözläp, toplap, soňky nesillere ýetirmek bolsa biziň mukaddes borjumyz. Bu hakda Gahryman Arkadagymyz hem: «Türkmen halkynyň taryhynyň gatlarynda galan milli gymmatlyklarymyzy tapyp, ony geljekki nesillere ýetirmek öz aslyňa bolan buýsançdyr, sogaply işdir» diýip nygtaýar. Şu mübärek sözlerden ugur alyp, biz hem öz «hazynaly horjunymyza» düşen käbir hikmetli jümleleri okyjylara ýetirmegi makul bildik. Pederlerimiz halka nepi degjek zatlary «sandygynda» saklaman, aýdyp giden adamlara «aryf» kişiler (sözüň zekadyny beren aryf kişiler) diýer ekenler.

Gadymy gymmatlyklarymyza belent sarpa

Düýn Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Milli Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary Lebap welaýat häkimligi bilen bilelikde gurady. Türkmen halkynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen dabaraly maslahata welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleri, medeniýet işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Nesilleriň paýhas mekdebi

Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ilkinji nobatda, köptaraplaýynlygy bilen tapawutlanýar. Hut şu esasdan hem durmuşyň islendik meselesinde ýa-da her bir türkmen maşgalasynda nesil terbiýesinde derrew Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan setirlerine ýüzlenilýär. Çünki islendik döwür üçin hem möhüm bolan bu mesele nusgawy şahyrymyzyň çuň manyly döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu bolsa Magtymguly Pyragynyň halkyň jebisligini, agzybirligini berkitmek, milli däplerimize eýermek dogrusyndaky öwüt-ündewleriniň üstünden ençeme ýyl geçse-de, kalplarda ýaşamagyna sebäp bolýar. Al-Faraby, Mahmyt Zamahşary, Muhammet al-Horezmi, Omar Haýýam ýaly Gündogaryň beýik danalarynyň mekdebini geçen Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirlerindäki edep-terbiýe bilen baglanyşykly garaýyşlaryň aglabasy adamkärçilik, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetlerden gözbaş alýar. Dana şahyrymyz şygyrlarynyň üsti bilen ynsanlara asylly, sabyrly, zähmetsöýer, sylaşykly, bir sözli, mert bolmaklygyň adamkärçiligiň beýik aýratynlygydygyny ündäpdir. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň hersi bular dogrusyndaky çuň manyly pikirlerden püre-pür. Muňa mysal hökmünde söz ussadynyň «Ýar eýlär» goşgusyna ýüzleneliň:

Tarypa mynasyp taryhymyz

Geçmiş taryhymyzy öwrenmek babatda häzirki wagtda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar ýaş nesliniň wekili hökmünde eziz Watanymyzyň, şol sanda welaýatymyzyň taryhy mende uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyzyň günbatar sebiti özüniň tebigy aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Onuň çäginde has gadymy adamlaryň galdyran yzlarynyň tapylmagy aýratyn bellärliklidir. Türkmenbaşy etrabynyň Goýmat obasynyň golaýynda ýerleşýän «Janak II» diýlip atlandyrylýan ýadygärlikden ownuk, ýiteldilip işlenen daşlaryň tapylmagy bu ýerde gadymy ussahananyň bolandygyndan habar berýär. Onda dürli görnüşli daşlary ýonup, döwüp, ýiteldipdirler. Işlenen daş böleklerini agaçlara daňyp, zähmet guraly, goranmak we aw etmek üçin ýarag hökmünde awçylykda, balykçylykda peýdalanylandygy çaklanylýar.

Kuşeýriniň risalasy

Abdylkerim KUŞEÝRI (Gör­nük­li so­pu­la­ryň hal­la­ry, he­re­ket­le­ri we aý­dan söz­le­ri)

Pentnama

Muhammet Ferideddin ATTAR (Soňy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).

2024-nji ýyl — Äne­wiň ähe­ňi bi­len

«7/24. tm» № 09 (196), 26.02.2024 Ga­dy­my si­wi­li­za­si­ýa­nyň oja­gy ha­sap­lan­ýan türk­men döw­le­ti dün­ýä halk­la­ry­nyň ara­syn­da ösen me­de­ni­ýe­ti bi­len ta­nal­ýar. Ýur­du­myz ga­dy­my me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­re baý. Di­ýa­ry­my­zyň is­len­dik kün­je­gin­de öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­ly­gy bi­len ja­han­keş­de­le­ri haý­ran gal­dyr­ýan şan­ly ta­ry­hy­my­za we mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ze de­giş­li aja­ýyp ýa­dy­gär­lik­le­ri gör­mek bol­ýar. Ola­ryň her bi­ri ha­kyn­da eý­ýäm ýyl ýaz­gy­la­ry­ny ýö­re­di­ji­ler ta­ra­pyn­dan bir­nä­çe mag­lu­mat­lar we açyş­lar edi­lip­dir. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, bi­ziň ta­ry­hy­myz — Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy dog­ru­syn­da ýe­ne küt-küt ki­tap ýa­zar­lyk açyl­ma­dyk syr­lar kän­dir.

Kinologiýa işiniň hukuk esaslary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň, däp-dessurlarymyzyň, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiziň ylmy esasda öwrenilmegi we kämilleşdirilip, halkymyza ýetirilmegi, maddy däl medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň halkara derejede ykrar edilmegi ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň hukuk ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirilip, milli kanunçylygymyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen utgaşdyrylýar. Şol sanda milli taryhy-medeni mirasy gorap saklamagyň kanunçylyk binýady berkidilýär. Munuň şeýledigini halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bolan itçilik pudagynyň kanunçylyk binýadyny berkitmekde, itçilik we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemekde hem-de tohum itleriň genofonduny gorap saklamakda, şeýle hem itler köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen we ulanylan mahalynda, ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolan «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem aýdyň tassyklaýar.

Änew — şöhratly geçmişiň ýaňy

TÜRKSOÝ-nyň Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmegi bu gadymy topragyň geçmiş taryhyna uly sarpadan nyşandyr. Örän irki döwürlerden bäri bu bol çeşme suwly, mes toprakly dag etekleri adamlaryň köpçülikleýin mesgen tutýan ýerleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde irki döwürlerden bäri ekerançylyk, maldarçylyk ösüpdir. Günorta Türkmenistanda eneolit döwri ylymda «Änew medeniýeti» adyny aldy. Ol şu medeniýete degişli ilkinji öwrenilen, Änew şäheriniň golaýyndaky ýadygärlikleriň ady bilen baglydyr. Türkmenistanda eneolit döwrüniň ýadygärlikleri ululy-kiçili, dürli depeleriň aşaky gatlaklarynda saklanypdyr. Köpetdagyň gerişlerinden demirgazyga, düzlüge inýän bol suwly çeşme-çaýlaryň boýunda amatly ýerlerde düýbi tutulan obalarda ençeme asyrlaryň dowamynda könelen toýundan we çig kerpiç jaýlaryň kesekleri tekizlenip, onuň üstünden täze jaýlar yzygiderli gurlupdyr. Ol depeler — ýadygärlikler ýurdumyzyň çäklerinde ýüze çykan gadymy medeniýetleri öwrenmek üçin möhüm taryhy çeşme bolup hyzmat edýär.

Magtymgulynyň parahatçylyk taglymaty we türkmen Bitaraplygy

18-nji fewralda ýurdumyzda Diplomatik işgärleriň güni giňden bellenildi. Şu mynasybetli, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat we institutyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli diplomatik gullugyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hünär baýramy mynasybetli diplomatik işgärlere iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Bir radiooýnuň döreýşi

Işden gelip, şol öňki endigime görä, radionyň nurbatyny towladym. Radioda mahmal owazly diktor Baýram Geldimyradowyň sesi ýaňlandy: «Hormatly radio diňleýjiler, biz size Mämmetnazar Hydyrowyň hem-de Tejen Nepesowyň «Gyratyň ogurlanyşy» atly radiooýnuny eşitdirýäris». Bu sesden soň tolgundyryjy, kalbyňy gozgalaňa salýan saz ýaňlanyp, seni başga dünýä — Göroglynyň zamanasynyň wakalarynyň yzyna düşürýär. Bu radiooýnuň alypbaryjysy belli ýazyjymyz Arap Gurbanowdy. Ol radiooýnuň gahrymanlary bolsa türkmen sungatynda yz goýan halypalardy. Göroglynyň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow ýerine ýetirýärdi.

Dünýä we Magtymguly

Gruziýada Golaýda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Ýazyjylar döredijilik birleşiginiň ýolbaşçysy M.Gonaşwili bilen geçiren duşuşygynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda işjeň ösdürilýändigini, iki ýurduň halklarynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň saklanýandygyny aýratyn nygtadylar.