Türkmeniň ruhy çyragy

4 Mart 2024
509

Golaýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy — türkmeniň çyragy» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynyň akyldar şahyra bagyşlanyp döredilen eserleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen baglanyşykly kitaplaryň sergisi hem guraldy.

Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn sarpa goýulýandygy, şahyryň baý edebi mirasyny öwrenmekde we geljekki nesillere ýetirmekde uly işleriň amala aşyrylýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Bu ugurda amala aşyrýan beýik işleri üçin hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýazmuhammet ATAÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy, Merkezi döwlet arhiwiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar