Kinologiýa işiniň hukuk esaslary

22 Fewral 2024
424

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň, däp-dessurlarymyzyň, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiziň ylmy esasda öwrenilmegi we kämilleşdirilip, halkymyza ýetirilmegi, maddy däl medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň halkara derejede ykrar edilmegi ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Bu ugurda ýurdumyzyň hukuk ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirilip, milli kanunçylygymyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen utgaşdyrylýar. Şol sanda milli taryhy-medeni mirasy gorap saklamagyň kanunçylyk binýady berkidilýär. Munuň şeýledigini halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bolan itçilik pudagynyň kanunçylyk binýadyny berkitmekde, itçilik we kinologiýa işini ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemekde hem-de tohum itleriň genofonduny gorap saklamakda, şeýle hem itler köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen we ulanylan mahalynda, ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolan «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem aýdyň tassyklaýar.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar