''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Halkara Bitaraplyk gününe

Hoşniýetlilige, dost-doganlyga gönükdirilen taglymat Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan halkara borçnamalaryna hem-de halkara hukugyň ýörelgelerine berk we gyşarnyksyz eýerýän döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň doly ykrarnamasyna eýe boldy. Baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçilikleri parahat durmuşy pugtalandyrmaga, döredijilikli ösüşi üpjün etmäge gönükdirilýär. Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen ähli ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Umumadamzat gymmatlygy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly rezolýusiýasyna laýyklykda, Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 1995-nji ýylda dünýäniň 185  döwleti tarapyndan, 2015-nji ýylda dünýäniň 193 döwleti tarapyndan goldanyldy. Dünýäde ilkinji gezek döwlete bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iki gezek tassyklap bermek Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy özüniň ähli agzalaryny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga, goldamaga çagyrýar. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen halky üçin buýsanjyň, bagtyň gözbaşy. Hemişelik Bitaraplygymyz hem, edil Garaşsyzlygymyz ýaly, ýakymly, dabaraly baýram. Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk bu türkmen halkynyň goşa ganaty. Şol goşa ganata daýanyp, halkymyz ösüşleriň belentlig

Tagallalar — halkyň bähbidine

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda Watanymyzyň ösüşleriniň binýady barha pugtalandyrylýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, Watanymyzyň halkara abraýynyň we şan-şöhratynyň artmagyna giň ýol açdy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini ykrar edýän «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ýöredýän parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň halkara bileleşigi tarapyndan giňden oňlanylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Merjen paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan döwletlilik ýörelgesiniň we parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasat ugrunyň uly üstünligidir. 2015-nji ýylyň 3-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde dünýä döwletleriniň 193-si tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ikilenji gezek biragyzdan kabul edilmegi, daşary ýurtlaryň 47-siniň bu resminam

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyna

Rrowaçlygyň ýoly bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy barha beýgelýär. Dünýäniň halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýän, Gahryman Arkadagymyzyň kesbine eýerýän döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyz parahatçylyksöýüjilikli döwlet hökmünde giňden tanalýar. Ýurdumyz dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, halkara guramalarynyň birnäçesiniň agzasy boldy. Munuň özi ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine öwrülen hoşmeýilli gatnaşyklaryň dowam edip gelýändigini subut edýär.

Zeminiň asudalygy, asmanyň päkizeligi

Berkarar döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly toýuny uly dabaralara besleýär. Türkmen bitaraplygynyň asyrlardan aşyp gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzdan, asylly däp-dessurlarymyzdan gözbaş alýandygyny uly buýsanç bilen bellemek gerek. Taryhymyza ser salanymyzda, merdana halkymyzyň hoşniýetli goňşuçylyga ygrarly bolandygyna, beýleki halklar bilen dostluk gatnaşyklaryny alyp barandygyna şaýat bolýarsyň. Türkmenistanyň üstünden Gündogary we Günbatary birleşdirip, halklaryň ýaşaýyş-durmuşynda, döwletleriň ösüşinde möhüm orny eýelän Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň has-da gülläp ösmegine şert döredipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Ata-babalarymyz ýakyn-u-alys halklar bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny saklamaga, ähli ugurlarda çuň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga nesil terbiýesiniň aýrylmaz ugry hökmünde garap, oňa ruhy dünýäsinde orun beripdir. Açyk asmanyň astynda, parahatçylygyň eşretini görüp ýaşamagy ündäpdir» diýip belläp geçmegi şol durmuş hakykatyndan ugur alýar. Bitaraplyk we parahatçylyk barada gürrüň edilende, Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dost

Dostlukly gatnaşyklaryň ýoly

Ata Watanymyz Türkmenistanyň 28 ýyl mundan öň saýlap alan bitaraplyk ýoluna esaslanýan daşary syýasaty sebitiň we dünýä halklarynyň asudalygyny, parahatlygyny we bagtyýarlygyny özünde jemleýär. Munuň özi ata-babalarymyzyň nesilden-nesle miras bolup gelýän ynsanperwerlik ýörelgesidir. Bu köňülleriň, ýürekleriň, maksatlaryň birligidir. Özeninde päklige, ýagşylyga giň orun beren Türkmenistanyň baky Bitaraplygydyr. Bu biziň dünýä halklaryny parahatçylyga çagyrýan we ynsanperwerlik ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatymyzdyr. Bitaraplyk taglymaty eziz Diýarymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga uly güýç berýär hem-de dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýola goýulmagyna oňyn täsir edýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Kararnamanyň kabul edilmegi taryhy waka bolupdy. Şu güne çenli berkarar döwletimiz saýlap alan ýoluna ygrarlydygyny doly subut etdi. Baky Bitarap ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga giň orun bermegi, sebit we dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda asudalyga, par

Hemişelik buýsanjymyz

Berkarar döwletimiz geçen ýyllarda öz saýlap alan syýasy ýoluna doly ygrarlydygyny, Bitaraplygyň ähli borçlaryny we talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigini dünýä ýüzünde subut etdi. Hemişelik Bitaraplygymyz sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen öňe barýandygyny, bu ýoluň parahatçylyga, dostluga, birek-birege hormat goýmagyň hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini berjaý etmäge esaslanýandygyny nygtaýar. Hemişelik Bitarap Diýarymyza söýgi-buýsanjymyz egsilmeýär. Hormatly Prezidentimiziň bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatynyň miwelerini gündelik durmuşymyzda görýäris. Parahat, agzybir halkymyzyň, durnukly we çalt depginler bilen ösýän döwletimiziň bitaraplyk ýörelgesi ygtybarly, geljegi bolsa has-da nuranadyr.

Abadançylyk we parahatçylyk

Täze taryhy eýýamda eziz Watanymyz saýlap alan döredijilikli daşary syýasy ugry bilen ýagty geljege barýar. Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman sebiti, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlary, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Türkmenistan taryh üçin gysga döwrüň içinde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, halkara bileleşigiň tagallalaryny utgaşdyrmakda gymmatly tejribe toplady. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilip, 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden bellenilýär. Garaşsyz döwletimiziň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ekologiýa abadançylygyny goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek ugrundaky başlangyçlary dünýäde giň goldaw tapýar.

Baýramçylyk dabaralary

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygyny hem-de Halkara Bitaraplyk gününi giňden dabaralandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk dabaralaryna uly orun berilýär. Şu gün, Şabat etrabynyň medeniýet merkezinde «Ýaňlandyryp Bitaraplyk mukamyn» ady bilen dabaraly konsert geçirildi. Etrap häkimliginiň guramagynda geçirilen dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, ýaşlar gatnaşdylar.

Parahatçylyk söýüjilik taglymaty

Golaýda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasaty — parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik» atly buýsançly şygar astynda maslahat geçirildi. Baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk şanly senesini dabaralandyrmak maksady bilen, TDP-niň welaýat hem-de şäher komitetleriniň, Daşoguz şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda häkimligiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.

Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Bitarap Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp düzmekde işjeň we başlangyçly orny eýelemek bilen, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirýär. Şu ýylyň dowamynda guralan halkara derejeli möhüm wakalar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan bu öňdengörüjilikli strategiýanyň netijeliliginiň aýdyň güwäsidir. Şol wakalaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrandygyny bellemek gerek. Ýurdumyz öz parahatçylyk söýüjilik we döredijilik kuwwatyny ählumumy abadançylygyň bähbidine gönükdirmäge taýýardygyny iş ýüzünde görkezýär hem-de bu ugurda başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Munuň şeýledigine 18-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden beýan eden anyk teklipleri we Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary hem şaýatlyk edýär.

Baýramçylyga bagyşlanan dabara

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. «Bitarap Watanyň bagtyýar ýaşlary» atly şygar astynda geçirilen maslahaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde gurady. Oňa şu okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary, ýaşlar guramasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Bitaraplyk bagtyýarlyk buýsanjym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy eýýamynyň eşretli günlerinde bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna bu gün 28 ýyl dolýar. Bu döwrüň içinde parahatçylygy söýüjilik syýasatyny amala aşyryp, Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň, gepleşikleriň geçirilýän, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ygtybarly hereket edýän ýerine öwrüldi. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň we türkmen goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ähmiýeti uludyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen Bitaraplygy sebitleýin durnuklylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň möhüm faktory bolup çykyş edýändiginiň hem-de ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistan diňe bir öz sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen şeýle syýasaty durmuşa geçirýär hem-de diňe bir bähbitleriň gabat gelmegini gözlemän, öz hyzmatdaşlaryny ählumumy abadançylygyň bähbidine bilelikde netijeli işlemäge gönükdirilen pikirdeşlerine öwürýär. Munuň özi ýurdumyzyň häzirki wagtdaky we gelj

Bitaraplygyň mizemez binýady

Hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň bütin dünýä we sebit döwletleri bilen dostlukly, ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge, jemgyýetde durnuklylygy, ylalaşygy berkitmäge gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň düýp esasy bolup durýar. Türkmenistan hoşniýetli daşary syýasaty alyp barmak bilen, döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk we olary hormatlamak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda özara gatnaşygy ýola goýýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň möhüm wezipesi we aýrylmaz bölegi öňüni alyş diplomatiýasydyr. Ony gözel paýtagtymyzda 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy doly tassyklaýar.

Baky belent dereje

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 18-nji noýabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde ýurdumyzyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanandygy baradaky hoş habaryň aýdylmagy bizi örän begendirdi. Munuň özi güneşli Diýarymyzyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýän ajaýyp wakadyr. Döwlet Baştutanymyzyň ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan bu hoş habara ünsi çekip: «Biz muňa ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde baha berýäris» diýip bellemegi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň gadyr-gymmatynyň örän ýokarydygyny, halkymyzyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhy geçmişinden gözbaş alýan ynsanperwerlik ýörelgelerine baky ygrarlydygyny aýdyň subut edýär. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde bolup geçýän şanly wakalar, gazanylýan üstünlikler ýagty geljegimize röwşen şuglasyny saçýar.

Bitaraplyk — geljege ynamyň sarsmaz sütüni

Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň gözbaşy, belent maksatlary, hoşgylaw meýilleri agzybirlige, asudalyga, parahatçylyga, lebzihalallyga, dost-doganlyga, sylag-hormata esaslanýar. Baky Bitarap ata Watanymyz dünýä bileleşigi tarapyndan agzybirligi we parahatçylygy, dost-doganlygy döretmegiň, ösdürmegiň ýurdy hökmünde ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «Bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramakdyr». Ýurdumyzda alnyp barylýan daşary hem içeri syýasat halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly mümkinçilikleri döredýär. Eziz Diýarymyz dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyny orta goýýar. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar, giňeldýär, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýär. Berkarar döwletimiziň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda, ählumumy howpsuzlygy berkitmekde we durnukly ösüşi üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlary bitaraplyk ýörelgämiziň bütin dün

Asuda durmuşyň we ösüşiň sakasy

Biziň Garaşsyz döwletimiz umumadamzat gymmatlyklaryna, demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, raýat asudalygyny kepillendirmek, BMG we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek bilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň borçlaryny doly berjaý edýär. Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady, medeni, gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda döwletimiz uly üstünliklere eýe bolup, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň belentliklerine, aýdyň ertirlerine sary barýar. Häzirki döwürde ata Watanymyz sebit we bütin dünýä döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekip, hoşniýetli, dostlukly gatnaşygy ýola goýýar.

Bitaraplyk bagty

Döwletimiziň taryhynyň şöhratly sahypalary şanly Garaşsyzlyk, şöhratly Bitaraplyk döwri bilen baglanyşykly. Çünki ýurdumyz özbaşdak ösüşiň milli ýolunda ähli ugurlarda görlüp-eşidilmedik ösüşleri gazanýar. Hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň köp ugurlardaky ösüşleriniň gözbaşy bolup, halkara giňişliginde abraýyny artdyrýar we Türkmenistan dünýäniň gülläp ösýän ýurtlarynyň hatarynda öz mynasyp ornuny tapýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan makullanmagy ähli ýurtlar we iri halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmekde mäkäm binýat bolup durýar. Hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň öz ykbalyny we geljegini özüniň gülledip ösdürmegine, dünýädäki beýleki döwletler bilen bir hatarda, goňşy ýurtlarymyzyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyna mümkinçilik berýär.

Umumadamzat bähbitli başlangyçlar giň goldaw tapýar

Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşyp, ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny öz içine alýan çuň manyly çykyş etmegi Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, uzak möhletleýinlik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ilerletmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň golaýda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleriniň Bişkek sammitinde ählumumy ösüş we howpsuzlyk bilen bagly öňe süren teklipleri hem Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda beýan edilen başlangyçlaryň logiki dowamy bolup, ýurdumyzyň halkara giňişlikde ileri tutýan ugurlarynyň BMG-niň Tertipnamasynda görkezilen ýörelgelere doly laýyk gelýändigini nobatdaky gezek subut etdi.

Ählumumy başlangyçlar uly goldawa eýe bolýar

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan edilen 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy hem-de hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýändigine ünsi çekmek bilen, bu guramanyň işini kämilleşdirmek boýunça möhüm başlangyçlaryny beýan etdi. Hususan-da, dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamak teklip edildi. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelerde bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, täze wehimlere hem-de howplara garşy bilelikde göreşmek wezipelerini durmuşa geçirmek babatda öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan BMG-niň Merkezi