Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyna

29 Noýabr 2023
391

Rrowaçlygyň ýoly bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň hem-de rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy barha beýgelýär. Dünýäniň halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýän, Gahryman Arkadagymyzyň kesbine eýerýän döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyz parahatçylyksöýüjilikli döwlet hökmünde giňden tanalýar. Ýurdumyz dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, halkara guramalarynyň birnäçesiniň agzasy boldy. Munuň özi ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine öwrülen hoşmeýilli gatnaşyklaryň dowam edip gelýändigini subut edýär.

Beýleki habarlar