Baýramçylyk dabaralary

24 Noýabr 2023
590

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygyny hem-de Halkara Bitaraplyk gününi giňden dabaralandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk dabaralaryna uly orun berilýär.

Şu gün, Şabat etrabynyň medeniýet merkezinde «Ýaňlandyryp Bitaraplyk mukamyn» ady bilen dabaraly konsert geçirildi. Etrap häkimliginiň guramagynda geçirilen dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, ýaşlar gatnaşdylar.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.
Beýleki habarlar