''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Bag ekmek – parz iş

Şu gün ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekiliş dabarasy bolup geçdi. Topraga jany-teni bilen hyzmat eden ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda daýhançylykdyr ekerançylyk bilen meşgullanyp, gür saýaly bag-bakjalary ýetişdiripdirler. Pür-pudak ýaýradyp ösen daragtlar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Ata-babalarymyzyň ýola goýan bu işleri häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary bilen bag ekmek babatda alnyp barylýan işlere badalga berýär. Bu gün  sahawatly topragymyza ekilen bag nahallary ýurdumyzyň  tebigatyny ozalkylardan has hem baýlaşdyrar.Tebigat gözellikleri bize ata-babalarymyzdan galan miras, ony başky durkunda geljekki nesillerimize ýetirmek biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Türkmeniň güneşe baý topragy dünýä ýüzünde iň berk, sagdyn, uzak ömür pür-pudak ýaýradyp ösýän daragtlary ýetişdirmäge ukyplydyr. Şahyryň aýdyşy ýaly,  kim-de-kim bir agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar.

Daşky gurşawy goramagyň möhüm şerti

Häzirki wagtda her ýylda köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk dabaralary geçirilip, ol daşky gurşawy goramaga gönükdirilen netijeli möhüm çäreleriň birine öwrüldi. Bu asylly ýörelgä eýerip, her ýylky bag ekmek möwsüminde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde saýaly, pürli we miweli agaçlaryň we üzümiň millionlarça düýbi ekilýär. Olaryň ähmiýeti diňe bir owadanlykda bolman, eýsem, olar arassa daşky gurşawy emele getirmekde hem uly orna eýedir.

Bu gün türkmen düzi güle bürenýär

Şu gün — 5-nji noýabrda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň nobatdakysy bolan güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berler. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Serdarymyz adamlaryň oňaýly ýaşamagynyň we dynç almagynyň, sagdyn hem-de ruhubelent bolmagynyň möhüm şerti hökmünde bu asylly işe aýratyn üns berýär.

Bötendagyň täsinlikleri

Ekologiýa abadançylygy daşky gurşaw hakdaky aladalaryň miwesidir. Bagy-bossanlyk Zeminiň görki-gözelligidir. Bötendagda ynsan aň-paýhasy, zähmeti bilen dörän bagy-bossanlyk emeli hem tebigy barlygyň sazlaşmasydyr. Gadymy mekanda täze ýaşaýyş

Bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

Ekologik ýagdaýy has-da gowulandyrmagyň baş şertleriniň biri-de, ýaş nesilde ekologiýa medeniýetini kemala getirmekdir. Şunuň bilen bagly milli ýörelgelerimizi, däplerimizi bilmek ýaş nesliň mukaddes borjy. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz ösümlik hem haýwanat dünýäsini gorap saklamaga çalşypdyrlar. Gözel tebigatyň adamzada eçilen baýlyklary bolan suwdan, howadan, ýerasty we ýerüsti gymmatlyklardan ýerlikli peýdalanmak, olaryň ähmiýeti dogrusynda ýaş nesillere ündäpdirler. Ýaş nesiller hem ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramakda, onuň baýlyklaryna eýeçilik gözi bilen garamakda goşantlaryny goşýarlar. Şu gün bolsa ýurdumyzda ajaýyp tebigatymyzyň gözelliklerine gözellik goşjak bag nahallaryny oturtmak dabarasy geçirilýär. Munuň özi tebigatymyzyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, dem alýan howamyzyň has-da arassalanmagyna getirer.

Tebigata söýgi — durmuşa söýgi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly, bilimli, kämil dünýägaraýyşly, arassa ahlakly, öz hünärine ökde adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly alada edýär. Ýurdumyzda multimediýa tehnologiýalaryny, öňdebaryjy iş tejribelerini ulanmaga, sanly bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Orta mekdeplerde çagalara öwredilýän beýleki dersler bilen bir hatarda, biologiýa dersini hem häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk derejede okatmak üçin ähli şert-mümkinçilikler bar. Daşymyzy gurşap alan tebigaty gowy öwrenmegi talap edýän biologiýa dersiniň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr.

Ekologiýa abadançylygy umumy bähbidimizdir

Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawyň goraglylygyny, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda durmuşa geçirýän tutumlary ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremekde, tebigy tokaýlyklary gorap saklamakda we beýleki giň möçberli işlerde öz aýdyň beýanyny tapýar. Täze önümçilik we durmuş maksatly binalaryň daş-töwereginde agaç nahallaryny ekmek üçin ýörite ýerleriň bölünip berilmeginiň özem ekologiýany arassa saklamakda uly tagallalaryň edilýändiginiň güwäsidir. Umuman, biologik köpdürlüligi we tebigy aýratynlyklary gorap saklamak, çölleşmä garşy göreşmek, howa gurşawyny arassa saklamak Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Nebitgaz ulgamynyň işgärleri hem ýurdumyzda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Ýerasty baýlyklary özleşdirip, halka ýetirmekde jan aýaman zähmet çekýän merdana nebitçiler ene topragymyzy bagy-bossanlyga büremekde alnyp barylýan işlerde hem tagallalaryny gaýgyrmaýarlar.

Bag-bossanly Watanymyz — buýsanjymyz, bagtymyz

Güneşli Diýarymyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilýär. Şu jähetden, hormatly Prezidentimiziň berkarar döwletimizde daşky gurşawyň arassalygyny we tebigatdaky biodürlüligi gorap saklamak boýunça öňde goýýan belent wezipelerinden ugur alnyp, ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzyň «Suw — ýaşaýşyň gözbaşy», «Bag — durmuşyň bezegi», «Bag ekeniň ýaşy baky» diýen dürdäne pähimlerinden belli bolşy ýaly, daşky gurşawa aýawly garamak, tebigatyň baýlyklarynyň gadyr-gymmatyny bilmek, olary goramak, baýlaşdyrmak her bir ynsanyň borjudyr. Dünýämiziň ýaraşygy bolan bagy-bossanlyk, hormatly Prezidentimiziň yglan edýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň esasynda obalardyr şäherçelerimizde, şäherlerimizde bag nahallarynyň ekilmegi eziz Diýarymyzyň tebigatyny baýlaşdyrmak işleriniň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Ýurdumyzyň çar künjüniň bagy-bossanlyga beslenmegi, bir tarapdan, daş-töweregiň gözelligini artdyrsa, ikinji tarapdan, dem alýan howamyzyň arassalygyny üpjün edýär.

Tebigat baýlaşsa, göwün şat bolýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda tebigaty goramak boýunça uly möçberli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 5-nji noýabrynda başlanýan güýzki bag ekişligiň hem esasy maksady mähriban Watanymyzyň tebigatyny has gözelleşdirmekden, daragtlaryň, ösümlikleriň nahallaryny oturdyp, ekologik durnuklylygy gowulandyrmakdan ybarat bolup durýar. Biziň welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem bag ekişlik çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Şu ýylyň güýzki möwsüminde hem oba-şäherlerimizde ýene-de saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň millionlarça düýbüniň oturdylmagy ekologiýanyň has-da gowulanmagyny üpjün eder. Şu gezek geçirilýän bag ekişlige Türkmenabadyň halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda, täze gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryň toplumynyň töwereginde badalga berler.

Ekologiýa abadançylygyny nazarlap

Bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine

Bagy-bossan Watanym Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň biri hem ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky maksatnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegidir. Munuň özi ýaşaýşy gurşap alýan tebigaty, ekologiýany gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek bilen bagly bütindünýä işine bolan saldamly goşantdyr.

Bereket mekany

Ösüşiň täze taryhy tapgyrynda berkarar Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty barha arşa göterilip, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän tutumly işler giň seslenme tapýar. Bu gün güneşli Diýarymyzy bagy-bossanlyga, bereket mekanyna öwürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler hem buýsanja mynasypdyr. Şu ýylyň 28-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýeriniň golaýynda geçirilen «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işleri dabaralandyran aýratyn ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. Tebigatyň gözel künjeginde, açyk asmanyň astynda geçirilen okuw sapagyna oba hojalyk hünärmenleriniň 500-si gatnaşdy. Munuň özi bu okuw sapagynyň açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň göwrümlisidigini we Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilip bilinjekdigini aňladýar. Şol gün taryhy künjekde täze üzümçilik zolagynyň döredilmegi, ýagny bu ýerde üzümiň «gara kişmiş» görnüşiniň 500-den gowrak düýbüniň oturdylmagy bizi — geljekki oba hojalyk hünärmenlerini örän begendirdi.

Bag — zeminiň bezegi

Ýurdumyzda bag ekmek möwsümleri her ýyl giň gerimde geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz 31-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda şu ýylyň 5-nji noýabrynda tutuş ýurt boýunça geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleriniň görülmelidigini aýtdy. Bu möhüm çäräniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy jemgyýetde ýokary derejeli ekologiýa medeniýetiniň kemala gelmegini üpjün edýär. Tebigat, daşky gurşaw, ekologiýa abadançylygy baradaky alada geljek nesilleriň abadançylygy baradaky aladadan gözbaş alýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, her ýylda müňlerçe düýp bag nahallary ekilýär. Bu ekologiýa maksatnamasy adamlaryň durmuşyny tebigat bilen sazlaşykda utgaşdyrmaga, daşky gurşawyň sagdynlaşmagyna, ýurdumyzyň has-da gözelleşmegine gönükdirilendir. Oba-şäherlere, dag-sähralara bezeg berip, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän bagy-bossanlyk, ýaşyl zolaklar göreniň gözüni dokundyrýar, daş-töwerege gözellik çaýyp, sagdynlyk we ruhubelentlik bagyşlaýar.

Ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagy: Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär

28-nji oktýabrda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy geçirildi. OBA HOJALYKÇY HÜNÄRMENLERI JEMLEDI

Açyk asmanyň astynda geçirilen ekologiýa çäresi

28-nji oktýabrda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy geçirildi. Ol açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi boldy. Oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmenini bir ýere jemlän foruma ýurdumyza gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü hem gatnaşdy. Bu okuw sapagyna taýýarlyk meselesi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatyna 27-nji oktýabrda amala aşyran iş saparynyň barşynda içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi bilen söhbetdeş boldy. Ol hormatly Arkadagymyza bu çäräniň guramaçylyk meseleleri hem-de wezipeleri barada habar berdi.

Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň belent nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak ata Watanymyzda amala aşyrylýan ähli düzümleýin taslamalara bildirilýän esasy talaplaryň biri hökmünde kesgitlenilýär, ekologiýa howpsuzlygynyň hukuk esaslary berkidilýär. Diýarymyzyň tebigy-howa aýratynlyklarynyň netijeli ulanylmagy ata Watanymyz Türkmenistany sebitde we bütin dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekdäki başlangyçlarynda öňdäkileriň hataryna çykarýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 28-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmeniniň gatnaşmagynda «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagynyň guralmagy we bu okuw sapagynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmeginiň teklip edilmegi aýdanlarymyzy tassyklaýan hakykatdyr. Ýeri gelende, iň köp hünärmeniň gatnaşmagynda geçirilen ekologiýa boýunça bu okuw sapagynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmeginiň teklip edilmegi her bir türkmenistanlynyň belent başyny gök diredendigini buýsanç bilen bellemelidiris. Çünki bu hoş habar ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň belent nusgasy hökmünde halkara ykrarnama eýe bolýandygyny ýene bir ýola subut etdi.

Türkmenistanda geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär

Ahal welaýaty, 28-nji oktýabr (TDH). Şu gün gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy geçirildi. Ol açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi boldy. Oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmenini bir ýere jemlän foruma ýurdumyza gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü hem gatnaşdy. Ozal habar berlişi ýaly, bu okuw sapagyna taýýarlyk meselesi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatyna düýn amala aşyran iş saparynyň barşynda içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi bilen söhbetdeş boldy. Ol hormatly Arkadagymyza bu çäräniň guramaçylyk meseleleri hem-de wezipeleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, okuw sapagynyň geçiriljek ýeriniň täze gurulýan edara ediş merkeziniň golaýynda saýlanyp alynmagy tötänden däldir we onuň mazmuny bilen kesgitlenendir. Türkmen topragynyň ekerançylygyň işjeň ösýän bu ajaýyp künjeginiň tebigatynyň özboluşlylygy

Türkmenistanda geçirilen ekologiýa boýunça giň gerimli okuw sapagyny Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek teklip edilýär

Ahal welaýaty, 28-nji oktýabr (TDH). Şu gün gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy geçirildi. Ol açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi boldy. Oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmenini bir ýere jemlän foruma ýurdumyza gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü hem gatnaşdy. Ozal habar berlişi ýaly, bu okuw sapagyna taýýarlyk meselesi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatyna düýn amala aşyran iş saparynyň barşynda içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi bilen söhbetdeş boldy. Ol hormatly Arkadagymyza bu çäräniň guramaçylyk meseleleri hem-de wezipeleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, okuw sapagynyň geçiriljek ýeriniň täze gurulýan edara ediş merkeziniň golaýynda saýlanyp alynmagy tötänden däldir we onuň mazmuny bilen kesgitlenendir. Türkmen topragynyň ekerançylygyň işjeň ösýän bu ajaýyp künjeginiň tebigatynyň özboluşlylygy

Ekologiýanyň goraglylygy — ynsan saglygy

Garaşsyz Türkmenistan ekologiýa diplomatiýasyny özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürmek bilen, tebigaty goramakda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Milli Liderimiz tarapyndan anyk kesgitlenilen we üstünlikli çözülýän wezipeler Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň kabul eden, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy Gün tertibinde beýan edilen Durnukly ösüşiň maksatlary bilen berk baglydyr. Eziz Diýarymyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ekologiýa medeniýetiniň ösmegi bilen adamlarda «ýaşyl» gurluşyklara bolan gyzyklanma artýar we bu ugurdaky milli, halkara derejelerdäki taslamalar uly goldaw tapýar. «Ýaşyl» taslamalar işlenilip taýýarlanylanda, adamyň saglygyna peýdalylygy, düýbünden howpsuzlygy we daşky gurşawa zyýanly täsirleriň pes derejede bolmagy, hatda bolmazlygy bilen bir hatarda geljek nesilleriň gyzyklanmalary, başga-da birnäçe taslamalar bilen utgaşyklylygy göz öňünde tutulýar.

Arassa ekologiýa — gözel durmuş

Türkmenistan häzirki zamanyň möhüm ekologiýa meselelerini çözmekde, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, şonuň bilen birlikde-de, içerki mümkinçiliklerden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uly bolan taslamalara, maksatnamalara aýratyn üns berýär. Bu babatda ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde kabul edilen 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşandygyny bellemek ähmiýetlidir. Olarda howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyna zeper ýetirilmegi, çölleşmek howpy, agyz suwunyň ýetmezçiligi, ösümlikleriň, haýwanlaryň biodürlüliginiň kemelmegi we beýleki ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça wezipeler göz öňünde tutulýar.  «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Altyn asyr» Türkmeniň kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynda» hem ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm wezipeler bellenilýär. Olarda Garaşsyz ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti, şonda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň tutýan orny hakynda hem-de bu kölüň gurulmagynyň netijesinde Amyderýanyň suwunyň hiliniň, çölüň ekologiýasynyň, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň go