Bag — zeminiň bezegi

1 Noýabr 2022
966

Ýurdumyzda bag ekmek möwsümleri her ýyl giň gerimde geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz 31-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda şu ýylyň 5-nji noýabrynda tutuş ýurt boýunça geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleriniň görülmelidigini aýtdy. Bu möhüm çäräniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy jemgyýetde ýokary derejeli ekologiýa medeniýetiniň kemala gelmegini üpjün edýär.

Tebigat, daşky gurşaw, ekologiýa abadançylygy baradaky alada geljek nesilleriň abadançylygy baradaky aladadan gözbaş alýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, her ýylda müňlerçe düýp bag nahallary ekilýär. Bu ekologiýa maksatnamasy adamlaryň durmuşyny tebigat bilen sazlaşykda utgaşdyrmaga, daşky gurşawyň sagdynlaşmagyna, ýurdumyzyň has-da gözelleşmegine gönükdirilendir. Oba-şäherlere, dag-sähralara bezeg berip, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän bagy-bossanlyk, ýaşyl zolaklar göreniň gözüni dokundyrýar, daş-töwerege gözellik çaýyp, sagdynlyk we ruhubelentlik bagyşlaýar.

Orazgül GURBANOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar