Arassa ekologiýa — gözel durmuş

26 Oktýabr 2022
1060

Türkmenistan häzirki zamanyň möhüm ekologiýa meselelerini çözmekde, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, şonuň bilen birlikde-de, içerki mümkinçiliklerden peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uly bolan taslamalara, maksatnamalara aýratyn üns berýär. Bu babatda ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde kabul edilen 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşandygyny bellemek ähmiýetlidir. Olarda howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyna zeper ýetirilmegi, çölleşmek howpy, agyz suwunyň ýetmezçiligi, ösümlikleriň, haýwanlaryň biodürlüliginiň kemelmegi we beýleki ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça wezipeler göz öňünde tutulýar.

 «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Altyn asyr» Türkmeniň kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynda» hem ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm wezipeler bellenilýär. Olarda Garaşsyz ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti, şonda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň tutýan orny hakynda hem-de bu kölüň gurulmagynyň netijesinde Amyderýanyň suwunyň hiliniň, çölüň ekologiýasynyň, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna mümkinçiligiň dörändigi bellenilýär.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar