''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Jümleýi-älem gülüstandyr bu gün

Merkezi Aziýadan Balkana hem-de ýakyn Gündogara çenli aralykda ýaşaýan halklar tarapyndan üç müň ýyldan gowrak wagt bäri giňden bellenilip gelinýän Nowruz baýramy many-mazmun taýdan baýlygy, jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm ähmiýeti bilen hemmelerde uly gyzyklanma döredip gelýän baýramlaryň biridir. Bu baýram, ilkinji nobatda, tebigatyň gyş ukusyndan oýanyp, täzeden janlanyşyň — bahar paslynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Nowruzyň gelmegi bilen maldaryňam, daýhanyňam aladasy artýar. Çar ýanda joşgunly durmuş möwç urup başlaýar. Gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän pursady hem bu baýrama gabat gelýär. Tapbiler pederlerimiz mal-garanyň, ekin-dikiniň ýagdaýyny Nowruzyň gelşinden çaklamagy inçelik bilen başarypdyrlar. Ata-babalarymyzyň dana paýhasynyň uşakgöz eleginde elenip, akyl pyýalasynda kümüş suwy çaýylan «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli, ýaryň gelşi — sowgadyndan», «Nowruz gelse, buz durmaz, halady geçen — gyz», «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň — ýaz» ýaly häzire çenli gadyr-gymmaty egsilmeýän çuň mazmunly aýtgylar muňa doly güwä geçýär.

Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda toýlarymyzyň toýlara, baýramlarymyzyň baýramlara ulaşmagy asuda, parahat durmuşyň hözirini görüp, guwanyp ýaşaýan halkymyzyň bagtyýarlygyndan nyşandyr. Gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan milli medeniýetimiz häzirki döwürde täze röwşe eýe bolýar. Agzybir halkymyz Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz gününi uly dabaralar bilen giňden belläp geçýär. Milli bahar baýramy halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan baýramlaryň biridir. Ol ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsinden kemala gelip, täzelenişiň müň bir öwüşginine beslenýär. Nowruz adamzadyň kalbyna ruhubelentligi, şatlyk-şowhuny we mähir-muhabbeti bagyş edýän baýram. Milli bahar baýramy halkymyzyň özboluşlylygyny, ajaýyp däp-dessurlaryny özünde jemleýär.

Bahar meýlisine çyksaň seýrana

Her paslyň öz häsiýetli aýratynlygy bar. Tomsuna miweli baglaryň berekedi, Güneşiň çogy, güýzüne agras we altynsow tebigat, gyşyň akja garynyň päkligi ynsan kalbyny täsin duýgulara gaplaýar. Ýöne, näme üçindir, ýaz pasly has üýtgeşik. Tebigatyň: daglaryň, baglaryň, derýadyr bulaklaryň, al-asmanyň, mymyk şemalyň täsiri başgaça. Güneşiň çoguna janlanan tebigat ynsanyň içki dünýäsine hem gaýtadan jan berýär. Göwün nähilidir bir üýtgeşik joşguna gelýär. Bu joşgun biygtyýar halda göwünleri ganatlandyrýar. Göwünleriň şeýle täsin duýgulara gaplanan günlerinde toýlar-toýa ulaşýar. Ilki durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlaryň halkara baýramy, yzysüre hem Milli bahar baýramy. Uly şatlyk-şowhuna beslenýän bu baýramlar ýyllarboýy däp bolup gelýär. Bahar baýramynda taýýarlanýan datly tagamlar — bereketli saçaklaryň bezegi.

Şu gün ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berilýär

BAGY BARYŇ — BARY BAR Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda däp bolup gelşi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bahar paslynyň ilkinji aýy hem baýramçylyklara, ajaýyp wakalara beslenýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreleriň gerimini giňeltmek hem-de Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň sanyny has-da köpeltmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, alma, erik ýaly miweli baglaryň, üzüm, tut nahallarynyň 30 million düýbüni ekmek baradaky Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýyl welaýatymyzda 4 million düýp agaç, şol sanda 2 million düýp tut nahallary, 400 müň miweli, 1 million 600 müň düýp saýaly we pürli baglar ekiler.

Täze günüň buşlukçysy

Älem-jahany ala-ýaza beslän gadymy türkmen topragyna Nowruz geldi, bahar-ýaz geldi. Adyndan belli bolşy ýaly, Nowruz täze durmuşy alyp gelýär. Taryhda-da, häzirki wagtda-da Nowruz adamzat ýaşaýşynyň gyzgalaňly döwrüdir. Bu döwür babadaýhanlar geljekki hasylyň düýbüni tutup, ekerançylyk işlerine hemmetaraplaýyn girişýärler. Gadymy däp-dessurlary, baý medeni mirasy özünde jemleýän bu baýramçylyk türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Nowruz pars dilinden sözme-söz terjime edilende «Täze gün» diýmegi aňladýar. Milletiň ruhuna siňen mukaddeslikleriň bakylyga öwrülişi ýaly, Nowruz hem dürli halklaryň durmuşynda ymykly orun tutupdyr. Nowruzda şaman oduny ýakyp, onuň üstünden bökseň, bar günäleriň dökülermiş diýlip yrym edilipdir. Bu baýramçylygy täze egin-eşikler bilen garşylamak indi däbe öwrüldi. Hatda gadymy döwürlerde hem Nowruz baýramynda daýhanlar hiç hili ekin işlerini ýerine ýetirmändirler. Olar öz wagtlaryny diňe dost-ýarlary, dogan-garyndaşlary bilen duşuşmaga sarp edipdirler. Baýramçylyk günleri adamlar biri-birine gowudan-gowy arzuwlary aýdýarlar.

Ýazyň ilkinji güli

Derman hem bezeg ähmiýetli Nowruzgülüň dünýäde 500-den gowrak görnüşi bar. Güneşli Diýarymyzda onuň diňe bir görnüşi duş gelýär. Nowruzgül türkmen topragynda ýazyň buşlukçysy bolup, ilkinji gülleýän otjumak ösümlikdir. Hoşboý ysly owadan gül ynsan kalbyny heýjana getirýär. Nowruzgül Nowruzgüller maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 15-30 santimetre ýetýän, köpýyllyk otjumak wekilidir. Ösümligiň düýbünden ýokarlygyna gül saklaýan baldak ösüp çykýar. Depesinde açyk sary gül getirýär. Ol mart, aprel aýlarynda gülleýär, gozajyk şekilli miwesi aprel-maý aýlarynda ýetişýär.

Te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gi — sag­dyn­ly­gyň sa­ka­sy

Ja­na te­ne­kar ho­wa­sy, al-ýa­şyl öwüs­ýän säh­ra­sy, dag­lar­dan akyp gaýd­ýan çeş­me-çaý­la­ry, ýy­lyň çar pas­lyn­da gök öw­süp otu­ran ar­ça­ly de­re­le­ri bi­len kal­by­ňa aram, köň­lü­ňe yl­ham ber­ýän türk­men te­bi­ga­ty bi­ziň umu­my öýü­miz­dir, sag­dyn we bag­ty­ýar dur­mu­şy­my­zyň sa­ka­sy­dyr. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da gö­zel te­bi­ga­ty­my­zy go­ra­ma­ga, onuň baý­lyk­la­ryn­dan aýaw­ly peý­da­lan­ma­ga, ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň şu ýy­lyň 12-nji few­ra­lyn­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri has-da ýaý­baň­lan­dyr­mak hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ekil­ýän bag na­hal­la­ry­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­ne we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­n

Tokaýlaryň ykdysady ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýazky ählihalk bag ekmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Geçen sanlyja ýyllarda köpugurly tokaýlaşdyrmak işleriniň toplumlaýyn geçirilmegi, oba hojalyk ekin meýdanlarynda gorag tokaý zolaklarynyň ulgamynyň döredilmegi suwarymly ýerleriň, öri meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna, topragyň gurplanmagyna, ekinleriň hasyllylygynyň we ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlanmagyna hem-de toprak bozulmalarynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Tokaýlaryň meýdanynyň artmagy agaç, miwe, ir-iýmiş, bal, dermanlyk çig malyny ýygnamagyň goşmaça çeşmesi bolup hyzmat edýär. Şeýle hem, gurulýan, durky täzelenýän demir we awtomobil ýollary, beýleki durmuş ähmiýetli desgalary çäge syramagyndan goramak boýunça süýşýän çägeleri berkitmek hem-de tokaýlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Belli bolşy ýaly, tokaýlar gözellik, dynç alyş we beýleki durmuş wezipelerini hem ýerine ýetirýär. Tokaýlaşdyrylan ýerlerde ilatyň arassaçylyk ýagdaýy, ýaşaýyş we iş şertleri düýpli gowulanýar, adamlaryň saglygyny berkitmäge, ruhuny galkyndyrmaga, şeýle hem dem alyş, gan aýlanyş we iýmit siňdiriş ýollarynyň kesellemeginiň derejesiniň peselmegine oňyn täsirini ýe

Bahar ýüreklere ylham paýlaýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sährasyna bahar gelende, ajaýyp tebigatymyz ýaşyl begrese geýinýär. Türkmeniň bahary Nowruz baýramynda has-da joşa gelýär. Bu baýramçylyk Merkezi Aziýada ýaşaýan halklaryň milli baýramydyr. Gadymy siwilizasiýanyň ojagy bolan ata Watanymyzda her ýyl bellenilýän Halkara Nowruz baýramy Arkadagly eýýamymyzda mynasyp öwüşginler bilen baýlaşýar.

Söýýäs tebigatyň gözelligini

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatyndaky amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde, mähriban Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyny, abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde ýetilen sepgitleri eziz Watanymyzyň täze we beýik ösüşleri nazarlaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Çünki adam üçin uly bagt — Watanyň Garaşsyzlygy, topragyň asudalygy, halkyň bagtyýar durmuşy bolup durýar. Şunlukda, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem adamyň bagtyýar durmuşy hakyndaky esasy aladalaryň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň tebigata aýawly çemeleşmek ýörelgesi has kämilleşip, her bir ynsanyň bu babatdaky oňyn hereketleri rowaçlyklara beslenýär. Häzirki döwürde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde daşky gurşawy goramak, ýurduň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigaty aýawly peýdalanmak üçin zerur bolan şertleri döretmek we daşky gurşawa ýetirilýän zyýany mümkin boldugyça azaltmak, ekologiýa deňagramlylygy gaýtadan dikeltmek ýaly ugurlar ileri tutulýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda: «Şäherleşme hadysasynyň — şäherlere we şäherçelere göçmekligiň barha ösýändigi bilen baglylykda, daşky gurşawy

Bagty buşlan baharym

Howlymyzyň içinde hatar gurap ösüp oturan miweli agaçlarymyz ak patrak deýin gülledi. Olardan gözümi aýryp bilmän, seredip durşuma Halyl Kulyýewiň şu goşgy setirleri ýadyma düşdi: «Gaýalaryň gary eräp bireýýämPyntyklady pisse bilen badamlar.Bahar gelip aýnalary kakyp ýör,Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!»

Türkmenistan — bagy-bossan

DIÝAR GÖZELLIGI — GÖWÜN GUWANJY Tebigat bilen adamzadyň arasyndaky gatnaşyk edil älem-jahan ýaly örän gadymydyr. Bu sazlaşykly gatnaşyk halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, onuň maddy, ruhy üpjünçiliginiň, bütin jemgyýetiň baýlygynyň artmagyna getirýär. Şol sebäpli hem iň bir gazaply sowugyň höküm sürýän ýeri bolan demirgazyk ýurtlarda-da, jöwzaly yssylaryň dowam edýän çöllüklerinde-de halklar ençeme asyrlaryň dowamynda tebigata sarpa goýmak, onuň baýlyklaryny aýawly saklamak, paýhasly ulanmak endiklerini nesilden-nesle geçiripdirler. Halkymyzyň uzak taryhy geçmişine göz aýlasak, pederlerimiz üçin ene topraga, onuň genji-hazynalaryna eýeçilik gözi bilen garap, olary rejeli peýdalanmak, aýap saklamak, baýlaşdyrmak ýaly asylly däpleriň ata-babalarymyza mahsus häsiýetler bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Şunuň ýaly umumadamzat bähbitli asylly ýörelgeleriň netijesinde tebigatyň baýlyklary biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Bag — durmuşyň bezegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hоrmatly Prеzidеntimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bоssanlyga öwürmеkdе nеtijеli işlеr alnyp barylýar. Has takygy, milli Lidеrimiz muňa döwlеt syýasatynyň esasy ugry hökmündе garaýar. Ýurdumyzyň ähli künjеgindе agaç nahallaryny оturtmak çärеsiniň ýylyň-ýylyna yzygidеrli gеçirilmеgi-dе, bu hakykata aýdyň subutnamadyr. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewraldaky çykaran «Türkmenistanda 2021-nji ýylda bag ekmek hakyndaky» Karary esasynda şu ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler hem aýdanlarymyzy aňryýany bilen tassyklaýar. Bu bolsa ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek bilen bagly alnyp barylýan işleri has-da işjeňleşdirer. Adamyň durmuşyny janly tеbigatdan üzňеlikdе göz öňünе gеtirmеk asla mümkin däl. Köňlümizi durmuş aladalary gaplap alanda, jоşgunly tеbigata çykyp, birsеllеm gеzim edеrsiň wеlin, göwnüňе tеsеlli aralaşar. Tеbigatyň dörеdýän sazlaşykly gözеlliginе maýyl bоlanyňda bolsa pikiriň durlanyp, göwnüň götеrilýär. Bu ýagdaý, gözеlligе baý tеbigatda adamyň duýgularyny, pikirlеrini, garaýyşlaryny ganatlandyryp, içki dünýäsin

Bagym bar — bossanym bar

Zähmetsöýer pederlerimizden miras galan iň oňat däpleriň biri-de, ýere yhlas bilen ideg edip, bag ýetişdirmekdir. Durmuşyň ähli ugurlarynda kämil tejribe toplan ata-babalarymyz nahal ekmekde, bag hem-de ir-iýmiş ýetişdirmekde, obalary bagy-bossanlyga öwürmekde hem nusgalyk işleri amala aşyrypdyrlar. Bu asylly häsiýet arkama-arka, nesilme-nesil geçip, biziň döwrümize çenli öz kämilligini gorap gelipdir. Elbetde, bu döwletli we sogaply işleri nesilleriň aňyna guýmakda, wagyz etmekde atalar sözleridir nakyllar örän ähmiýetlidir. Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsinden syzylyp çykan atalar sözleridir pentleri ýaş nesilleriň tebigata we bagy-bossanlyga bolan söýgülerini artdyrmakda hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Pederlerimiz nahal hakda «Dünýä görki täze nahal», bag ýetişdirmek barada «Zähmet çekseň bag bolar, çekmeseň dag», «Bagym bar — bossanym bar», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», salkyn saýa edinmek dogrusynda «Agaç ekmedik saýada ýatmaz», «Saýasy serginli, ojagy alawly», küren obalary bagy-bossana öwürmek babatda «Agaçsyz obany tozan gömer», «Bir agaç ýetmiş ýyllyk ýoldan görner», «Agaç iýmişinden belli, adam kylmyşyndan», «Agaç gatysy soky bolar» ýaly onlarça parasatly pähimleri döredipdirler. Asly daýhan halkymyzyň «Miweli

Bag — durmuşyň bezegi

Yhlasymyzy gaýgyrmarys Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň ýadawsyz aladasy bilen güneşli Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, indi bag ekmek çäresi giň gerime eýe bolup, zähmet baýramçylygyna öwrülýär. Ýylyň--ýylyna müňlerçe düýp miweli, saýalyk we pürli agaç nahallary oturdylyp, olara ideg ýola goýulýar. Milli Liderimiziň başlangyjyndan gözbaş alyp, durmuşa geçirilýän şeýle sogaply işleriň netijesinde Garaşsyz döwletimiziň çar künjeginde tokaý zolaklary kemala gelýär. Gözel ülkämiz bagy-bossanlyga öwrülýär.

Gaýtarma dek bezenipdir garagum...

Her bir ynsan ýüregine üýtgeşik duýgulary bagyşlap, döredijilik adamlarynyň kalbyny joşduryp heýjana salýan bahar pasly geldi. Säher bilen penjiräni açanyňda, baharyň hoştap howasy näziklik bilen içeri girýär. Gündizler gyş gijeleri ýaly uzaldy. Şatlyk-şagalaňa berlen tebigatyň goýnunda gülden-güle gonup ýören kebeleklerdir balarylary gizlenpeçek oýnaýana meňzeýär. Gün mazaly ýokary göterilenden soň şäheriň şowhuny artyp başlady. Köçeleriň gyrasyndaky ýaňy pyntyk ýaran baglar alabaharyň gelenini aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Adamlar eýýam pasla görä al-ýaşyl reňkli ýeňiljek geýimleri geýinipdirler. Günüň ýiti şöhlesinden heder edip gaşlaryny çytsalar-da, olaryň kalbynda baharyň joşguny bar.

Baharyň tarypy

Älemi beýik sungaty bilen bezeýji hem-de ähli barlyga öz täsirini ýetirip, köňüllere şatlyk paýlaýjy, pasyllaryň soltany bolan ýaz paslyny biziň nusgawy şahyrlarymyz şeýle taryplapdyrlar: Hak sylamyş, bardyr onuň saýasy,

Tebigatyň täsin dünýäsi

Biziň daş-töweregimizi gurşap alan tebigat täsinliklere örän baý. Şonuň üçin kämahal oýuňa-küýüňe gelmeýän maglumatlara hem gabat gelýärsiň. Men kärim boýunça biologiýa mugallymy bolamsoň, dürli ösümlikler, olaryň täsin, özboluşly häsiýetli görnüşleri bilen gyzyklanýaryn. Şolaryň hatarynda mör-möjekler bilen iýmitlenýän ýyrtyjy ösümlikler hem bar. Guraýan sapaklarymda okuwçylara şolar dogrusynda gürrüň berip, olaryň tebigatyň köpdürlüligi baradaky düşünjelerini, dünýägaraýşyny giňeltmäge çalyşýaryn. Häzirki döwürde dünýäde ýyrtyjy ösümlikleriň 450-den gowrak görnüşi mälimdir. Olar kadaly ýaşaýşyny üpjün etmek üçin gerek bolan ýokumly maddalaryň ählisini toprakdan alýar. Ýöne iýmite garyp bolan toprakda ösýändigi sebäpli olar özlerine gerek bolan fosforyň, azodyň, natriý, kaliý, magniý duzlarynyň öwezini dolmak üçin mör-möjekleriň belogyndan peýdalanýar. Şol ösümlikler öz janly awlaryny tutmak üçin küýze görnüşindäki ýapylýan ýapraklaryny, şepbeşik ýapraklaryny, sorujy we konus şekilli duzaklaryny ulanýarlar.

Jümle-jahan habarlary

Tebigy gözellige baý

Ülkäme toý bolup, gelen ýazlarym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her bir güni uly dabaralara, bitirilýän beýik işlere beslenýär. Şunda milli mirasymyzyň goralyp saklanmagy, täze röwüşde gaýtadan dikeldilmegi we ýaş nesillerimiziň milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Taryhda ata-babalarymyzyň döreden, şu günlere çenli ähmiýetini ýitirmän gelýän birnäçe şanly senelerimiz, baýramçylyklarymyz täze mazmuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Nowruz baýramçylygy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.