Bahar meýlisine çyksaň seýrana

19 Mart 2021
1705

Her paslyň öz häsiýetli aýratynlygy bar. Tomsuna miweli baglaryň berekedi, Güneşiň çogy, güýzüne agras we altynsow tebigat, gyşyň akja garynyň päkligi ynsan kalbyny täsin duýgulara gaplaýar. Ýöne, näme üçindir, ýaz pasly has üýtgeşik. Tebigatyň: daglaryň, baglaryň, derýadyr bulaklaryň, al-asmanyň, mymyk şemalyň täsiri başgaça. Güneşiň çoguna janlanan tebigat ynsanyň içki dünýäsine hem gaýtadan jan berýär. Göwün nähilidir bir üýtgeşik joşguna gelýär. Bu joşgun biygtyýar halda göwünleri ganatlandyrýar.

Göwünleriň şeýle täsin duýgulara gaplanan günlerinde toýlar-toýa ulaşýar. Ilki durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlaryň halkara baýramy, yzysüre hem Milli bahar baýramy. Uly şatlyk-şowhuna beslenýän bu baýramlar ýyllarboýy däp bolup gelýär. Bahar baýramynda taýýarlanýan datly tagamlar — bereketli saçaklaryň bezegi.

Ýolaman ÝOLAMANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar