Jümleýi-älem gülüstandyr bu gün

19 Mart 2021
1201

Merkezi Aziýadan Balkana hem-de ýakyn Gündogara çenli aralykda ýaşaýan halklar tarapyndan üç müň ýyldan gowrak wagt bäri giňden bellenilip gelinýän Nowruz baýramy many-mazmun taýdan baýlygy, jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm ähmiýeti bilen hemmelerde uly gyzyklanma döredip gelýän baýramlaryň biridir. Bu baýram, ilkinji nobatda, tebigatyň gyş ukusyndan oýanyp, täzeden janlanyşyň — bahar paslynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Nowruzyň gelmegi bilen maldaryňam, daýhanyňam aladasy artýar. Çar ýanda joşgunly durmuş möwç urup başlaýar. Gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän pursady hem bu baýrama gabat gelýär.

Tapbiler pederlerimiz mal-garanyň, ekin-dikiniň ýagdaýyny Nowruzyň gelşinden çaklamagy inçelik bilen başarypdyrlar. Ata-babalarymyzyň dana paýhasynyň uşakgöz eleginde elenip, akyl pyýalasynda kümüş suwy çaýylan «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli, ýaryň gelşi — sowgadyndan», «Nowruz gelse, buz durmaz, halady geçen — gyz», «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň — ýaz» ýaly häzire çenli gadyr-gymmaty egsilmeýän çuň mazmunly aýtgylar muňa doly güwä geçýär.

Guwanç ÇENDIROW,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar