''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Guşlar haçan göçýärler?

Jandarlar bir ýerden başga ýere möwsümleýin göçýärler. Muňa olaryň ýaşaýan ýerlerinde iýmitiň ýetmezçiligi, gurakçylyk, suwuň derejesiniň üýtgäp durmagy: ýokary galmagy ýa-da çekilmegi, doňmagy, adam işewürligi... sebäp bolýar. Bu guşlar babatda-da şeýledir. Olar beýleki jandarlara garanyňda, gysga wagtyň içinde uzak aralygy geçýärler. Guşlar, köplenç, şol bir ugur boýunça uçup, kenarýakalarda aram-aram düşläp, iýmitlenenlerinden soň ýollaryny dowam etdirýärler. Guşlaryň göçüşleri biri-biriniňkä meňzemeýär. Sakarbaraklar, tersaýaklar, çuluklar (käbir görnüşleri), baýguşlar Gün ýaşandan soň uçsalar, serçeler, sarlar, torgaýlar, garlawaçlar, goýunguşlar, geçiguşlar gündiz göçýärler. Ördekler, çarlaklar, çärikler gije-gündiz uçýan guşlardyr. Uçup barýan guşlara howa şertleri hem täsir edýär, ýel öňünden bolsa pessaýlaýarlar, tersine, yzlaryndan bolsa ýokary galýarlar. Uçup barýan ördek, jüptün, çuluk ýaly suw guşlary gury ýere golaýlanlarynda, 50-100 metr ýokary galyp, suwy görenlerinde, aşak gaýdýarlar. Suw we batgalyk guşlarynyň ýüz müňlerçesi ýylda iki gezek (ýaz we güýz aýlary) Hazar deňziniň üstünden uçup geçýärler. Olaryň köp sanlysy goraghanamyzyň Türkmenbaşy, Balkan, Demirgazyk Çeleken aýlaglarynda, Esenguly, Çek

Çomujyň peýdasy

Türkmen topragy — melhemler mekany. Güneşli Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň ynsan saglygyny dikeltmekde, bejermekde ähmiýeti örän uludyr. Bereketli topragymyzda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan dürli melhemler özüniň şypa beriji häsiýeti bilen tapawutlanýar. Şeýle dermanlyk ösümlikleriň biri hem çomuçdyr. Çomujyň boýy 1-1,5 gulaja ýetýär. Onuň iň derde haýyrlysy Garagumuň jümmüşinde bitýän görnüşidir. Çomuç gyzgyn çägede ösüp, tyllaýy Günden we gyzgyn howadan dem alyp ulalýar. Şonuň üçin ata-babalarymyz: «Çomujy gumuň, dermany emiň» diýip nygtapdyrlar. Çomuç, esasan-da, iç kesellerini bejermekde ulanylýar. Çomuçdan taýýarlanylýan toşabyň adam saglygyna peýdasy örän uludyr. Ol gadym döwürlerden bäri halk lukmançylygynda dürli keselleri bejermekde giňden ulanylypdyr. Toşaby taýýarlamak üçin, köplenç, gum çomujy saýlanyp alnypdyr. Sebäbi gum çomujy özüniň süýjüligi bilen tapawutlanýar. Çomuç şiresi (toşaby) bal ýaly tagamly, goýy sargylt reňkde bolýar. Munuň üçin ene-mamalarymyz çomujy pes otda gaýnadyp, ajy, gara köpügini ýüzüne çykan badyna aýryp durupdyrlar. Ahyrynda toşap emele geliberende, sary köpük çykyp başlaýar. Edil gawun-garpyzdan taýýarlanylýan toşaplar ýaly, çomujyň toşabynam saryýaga garyp peýdalany

Gökpatlawuk

Her bir ýurduň syýahatçylyk ulgamynda onuň tebigy künjekleri we gadymy ýadygärlikleri uly ähmiýete eýedir. Olar özüne mahsus aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň çägindäki taryhy ýadygärlikler, tebigy täsinlikler dünýä jahankeşdeleriniň hem ünsüni çekýär. Şol täsin ýerleriň hatarynda günbatar Türkmenistanda ýerleşýän läbik wulkanlar-da bar. Diýarymyzyň günorta-günbatarynda ýerleşýän iň uly patlawuk «Gökpatlawukdyr». Ýylsaýyn ýokary galýan bu täsin läbik patlawugyň döreden konusa çalymdaş dagynyň esasy ýaýrawy 1,5 kilometre ýetýär. Patlawugyň beýikligi 70 metrden-de geçýär. Ol «Gaýnagdepe» läbik patlawugyndan 70 kilometre golaý demirgazykda, Hazar deňziniň kenaryndan 8 kilometr uzaklykdadyr. «Gökpatlawuk», Ekerem tarapdan seredeniňde, has täsin görünýär. Onuň hanasynyň içi bir görseň suwdan doldurylmadyk oýuk çukura meňzeýär, käte bolsa agzyna çenli läbikden dolup, ýokarsyndan çogup çykýan läbik patlawuga öwrülýär. Bu ýerdäki patlawuklaryň sanynyň ikidigi we olaryň iki gezek orunlaryny üýtgedendikleri geçirilen barlaglaryň netijesinde ýüze çykaryldy. Läbik patlawuga mahsus çökündi gatlaklaryň bardygy-da anyklanan ýagdaýdyr. Geçirilen barlaglar alymlara «Gökpatlawugyň» häzirki agzynyň golaýyndaky ilkinji gözbaş

Biler bolsaňyz!

Ýagyşdan soň reňksizlenýän gül

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +3... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +13... +18 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +9... +14 gradus maýyl bolar.

Repetegiň sazaklary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen tebigatynyň görküne görk goşýan Garagum sährasynyň özboluşly ösümlik dünýäsini öwrenmekde yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň hem özboluşly sähra meýdanyna mahsus ösümlikleri bar. «Repetek» döwlet biosfera goraghanasy 1927-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garagumuň jümmüşinde ösüp ýetişýän gara sazakly tokaý meýdanlaryny goramak, ylmy esasda öwrenmek, dikeltmek we geljek nesillere ýetirmek maksady bilen döredilen. Tutýan meýdany 34 müň 600 gektar bolup, deňiz derejesinden 180 — 220 metr beýiklikde ýerleşýär. Goraghananyň çäginde «Ýaman tokaý» gara sazakly jülgesi, Repetek Saharasy, «Demirgazyk jülge», «Günorta jülge», «Çarlak» tokaýlary ýaly birnäçe sazakly meýdanlar ýaýylyp ýatyr.

Köýtendag - täsin mekan

(Dowamy. Öňi elektron gazetimiziň 13.01.2024 sanynda) Köýtendag döwlet goraghanasy - Köýtendag döwlet goraghanasy 1986-njy ýylyň iýul aýynda döredilýär. Bu goraghana Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň iň gündogar künjünde ýerleşmek bilen 27 müň 139 gektar meýdany öz içine alýar. Onuň düzümine aýratyn çäkli goraghanalaryň 3-isi girýär. Olar Garlyk, Hojaýpil, Hojaburjy goraghanalarydyr. Goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady Köýtendagyň, Magdanly daglygynyň we olaryň daş-töweregindäki ýerleriň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakdan, tebigaty goramagyň ekologiki ulgamlaryny dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Şeýle hem onuň döredilmegi Tebigaty Goramagyň Halkara Birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen juda seýrek duşýan burma şahly dag tekesini goramak bilen baglydyr.

Burma şahly täsin jandar

Ýurdumyzyň gündogar-günortasynda ýerleşýän Köýtendag barada aýtsak, onuň ady relýefiniň özüne mahsus aýratynlygyny örän jaýdar häsiýetlendirýär. Ol «kuhi» (pars) we «teň» (türki) sözlerinden gelip çykyp, «geçmesi kyn dag» diýen manyny aňladýar. Hakykatdan-da, bu daglyk ýerler köp sanly jülgedir dereler bilen dilkawlanan. Olaryň iň uzyny Hojaçilgez babadyr (28 km). Has owadany Daraýydere bolup, onda grek hozundan, üzümden, kawkaz dagdanyndan, injirden, sütükli kerkawdan, zerewşan arçasyndan ybarat tokaýlyk ýerleşýär. Gün şöhlesi düşmeýän agaçlaryň aşagynda ýylyň bütin dowamynda sowuk suwly dury çeşme akyp ýatyr. Belentligi 27 metr bolan täsin şaglawukly, şeýle hem eňňitleri kert darajyk Umbardere jülgesi görenleri haýran galdyrýar. Şeýle dag gerişlerini synlaýarkaňyz, owadan şahly jandara gözüňiz düşüp biler. Bu üýtgeşik jandar dag tekesi, ýagny umga diýlip atlandyrylýar. Burma şahly umgalar goşatoýnaklylar toparyna, gyn şahlylar maşgalasyna degişlidir. «Düýbünden ýitip barýan görnüş» derejesi berlenligi sebäpli, olar Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawyna (TGHB) hem-de Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna, şeýle hem ýitip-ýok bolmak howpy abanýan ýabany ösümlik we haýwan görnüşleriniň halk

Suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem daşky gurşawy goramakdan, tebigata aýawly garamakdan, geljekki nesiller üçin onuň baýlyklaryny gorap saklamakdan, türkmen halkynyň durmuşynyň oňaýly şertlerini döretmek üçin ýer-suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmakdan, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekden ybaratdyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda»: «Suw serişdelerini tygşytly we netijeli ulanmak maksady bilen, ekinleri suwarmagyň döwrebap suw tygşytlaýjy usullary önümçilige yzygiderli ornaşdyrylar hem-de suwarmagyň öňden hereket edýän usullary kämilleşdiriler» diýlip kesgitlenen.

Alysdan gelen guşlar

Guşlar gabarasy, reňki, häsiýeti, mesgen tutýan ýerleri... boýunça dürli-dürli bolýarlar. Pasyllaryň üýtgemegi bilen guşlar uzak aralyklary geçip, özlerine howa we iýmit bilen bagly amatly ýerleri gözleýärler. Golaýda paýtagtymyz Aşgabadyň gündogaryndaky seýilgähleriň birinde ýapon sofora bagynda ellä golaý üýtgeşik guşy gördüm we ýuwaşlyk bilen olary sanly foto enjamymda surata düşürdim. Ýewraziýanyň we Amerikanyň demirgazyk tokaý zolaklaryndan gelip, gözel ülkämizde gyşlaýan guşlara sykylykçy diýýärler. Göwrümi sarlardan kiçiräk bolan bu owadan guşlaryň dünýäde dört görnüşi bar. Çalymtyk reňkli, guýrugynyň, ganatlarynyň ujy nagyşlanan dek owadan, hüpükli bu guşlaryň dyrnaklary egmek bolanlygy sebäpli, ýere seýrek gonýarlar. Şahalarda welin ussatlyk bilen sallanýarlar.

Tebigat — biziň öýümiz

HOWANYŇ HAPALANMAGYNYŇ ÝAŞAÝŞA TÄSIRI Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Tebigat

«Bereketli Garagum» — gözellik mekany Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty goramak, ekologiýany gowulandyrmak boýunça amala aşyrýan sebit we dünýä ähmiýetli işleri diňe bir ata Watanymyzda däl, eýsem halkara derejede-de giňden goldanylýar, ykrar edilmegine mynasyp bolýar. Geçen ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» hem-de Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalarynyň, ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň şeýledigini ýene-de bir gezek aýdyň subut etdi.

Milli senenama

«Gyşy gyşsyramadygyň...» Halkymyzyň milli senenamasy boýunça kiçi çille 20 gün dowam edip, 17-nji ýanwardan 7-nji fewrala çenli aralygy öz içine alýar. Bu döwürde ýagan gar ýerde uzak wagt ýatýar. «Ak iner çökmese, boz maýa gaýmaz» diýilýär. Gar ýerde köp ýatsa, şüdügärlenen ýeri bozukdyrýar. Ol ýuwaş-ýuwaşdan eräp, ýeriň süňňüne siňýär, ony yzgarlandyrýar. Bu bolsa geljekki hasyla bereket goşýar. Gar güýzlük bugdaýy aýazdan goraýar. Garyň aşagynda ýatmak güýzlük bugdaý üçin gorkuly däl. Bugdaýly meýdanda gar eränsoň, onuň irbaharda ösüşi üýtgeşik bolýar. Ol gollaryny gerip, gününi sanap pajarlap ösüp başlaýar. Sebäbi onuň düýbünde ýeterlik yzgary bar.

Köýtendagyň arçasy — gözelligiň parçasy

Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy döredilen gününden başlap, tokaýlarymyzyň esasyny düzýän arça agaçlary berk gözegçilik astyna alyndy. Bu möhüm işler häzirki günlerde-de giňden alnyp barylýar. Bu agaçlaryň tebigy ýagdaýda köpelmegi ugrunda degişli işler ýaýbaňlandyrylýar. Şonuň bilen birlikde goraghananyň we onuň çäkli goraghanalarynyň meýdanlarynda gorag işleri güýçlendirilýär. Bular bilen birlikde tokaý agaçlarynyň nahallaryny ösdürip ýetişdirmek we meýdanlara ekmek işlerini-de utgaşykly alyp barýarys. Geçen ýylda maksatnama laýyklykda nahalhanamyzda arça nahallarynyň 1 müň düýbi ösdürilip ýetişdirildi we goraghanamyzyň çäginde oturdyldy. Bulardan başga-da pissäniň 3 müň, badamyň 3 müň, arnabyň 2 müň, grek hozunyň 1 müň düýbi ekildi. Olaryň kadaly ösmegini gazanmak meselesini hem gündelik üns merkezinde saklaýarys. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda arçalaryň iki görnüşi duş gelýär. Olaryň biri türkmen arçasydyr. Ol, esasan, Köpetdagda, Uly we Kiçi Balkan daglarynda gabat gelýär. Köýtendagda bolsa zerewşan arçasy ösýär. Özi-de bu arçalaryň diňe ýabany görnüşde duş gelýändigi olary goramak we köpeltmek baradaky aladanyň artdyrylmagyny talap edýär. Köýtendagda arça agaçlary 1200 ― 2700 metr belentlikde ösýär. Olaryň boýy 16-20 metre, s

Sähra täsinlikleri

Alnymyzda ýaýylyp ýatan uç-gyraksyz Garagum... Onuň heniz açylmadyk sahypalary sanardan kän. Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy» romanynda: «Garagum — türkmeniň ýaşaýyş çeşmesi» diýip, oňa jaýdar häsiýetnama berýär. Halkymyzyň ýaşaýyş çeşmesi bolan Garagum bilen baglanyşykly bu gürrüňleri bize Bäherden etrabynyň Ýarajy obasynda ýaşan, il içinde Weli Arhiw ady bilen tanalan ýaşuly gürrüň beripdi. Bu gürrüňleriň hemmesi luw ýyly bilen bagly.

Garsak

Tebigatda meňzeş zatlaryň köp bolşy ýaly, ynsan häsiýeti, sypaty bilen bagly il arasynda aýdylýan meňzetmeler hem az däldir. Mysal üçin, «bürgüt gözli», «şir sypatly» diýen meňzetmeler bilen birlikde «garsak ýaly» diýen söz düzümlerine hem duş gelýäris. Şu ýerde, eýsem, garsak näme diýen sowal ýüze çykyp biler. Garsak tebigata özboluşly gözellik berýän kiçiräk ýabany haýwan. Ol itler maşgalasyna degişli bolsa-da, göwresi kiçi. Muňa garamazdan, ol örän işjeň we çydamly. Şonuň üçin boýunyň kiçiligine, gysgalygyna seretmezden, armazak-irmezek adama «garsak ýaly» diýilmegi ýöne ýere däl. Garsak (Vilpes Corsac) — aýaklary gysga, daşky sypaty boýunça örän özüne çekiji, tilkiniň çagasyna meňzeş bolup, ýyrtyjylar toparyna degişlidir. Onuň meýdan alamatlary barada aýtsak, tüýi inçe, ýumşak, solak sary-goňrumtyl reňklidir, bedeniniň uzynlygy 50 — 60 santimetr, beýikligi 25 — 35 santimetre deňdir. Bu janawaryň ilki bilen göze ilýän beden synasy onuň ullakan gulaklarydyr. Onuň daşky sypaty we tüýi gyş paslynda has-da göze ilginç bolýar. Garsak giňden ýaýran ýyrtyjylaryň biri bolup, olaryň ýaýran ýerleri tutuş Aziýa we Ýewropa döwletleridir. Biziň ýurdumyzda ýarymçöllükler, sähralar, dag etekleri, garsaklaryň ýaşaýan ýerleri bolup, köplenç ala

Hazaryň ösümlik we haýwanat dünýäsi öwrenilýär

Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak, onuň baý tebigy we biologiýa serişdelerini aýawly peýdalanmak ýurdumyzyň halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistanda deňziň ekologiýa taýdan abadan saklanmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Künjegiň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň ýüzlerçe görnüşleri dünýäniň biologik dürlüliginiň bahasyz genofonduny düzýär. Maglumatlara laýyklykda, indi köp wagtdan bäri Hazar deňzinde gabat gelýän ötegçi we ülkämiziň suwly-batgalyk ýerlerinde gyşlaýanlaryň iň köp sanlysy sakarbarak, derýaçyl we çümüji ördeklerdir. Ýöne adalaryň, gaýalaryň amatly ýerlerinde, çägesöw zolaklarda köpçülikleýin höwürtgeleýän jübtünlere, çarlaklara, deňiz kepderilerine, kiçi çiriklere tomus aýlarynda has hem köp gabat gelmek bolýar. Bu ýerde dünýäniň hiç bir ýerinde gabat gelmeýän ösümlikleriň görnüşleriniň bardygyny bellemek gerek.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +10... +15 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +5... +10 gradus maýyl bolar.

Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de te­bi­gat

«7/24. tm» № 05 (192), 29.01.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­my­zyň ru­hy ösü­şi­ne oňaý­ly tä­sir ed­ýän me­de­ni däp­le­ri­mi­zi di­kelt­mek, hal­ky­my­zyň bäş müňýyl­lyk şöh­rat­ly ta­ry­hyn­da ýa­şap ge­çen be­ýik akyl­dar­la­ry­my­zyň gel­je­gi na­zar­la­ýan pa­ra­sat­ly pi­kir­le­ri­ni, mil­li mi­ra­sy­my­zyň nus­ga­wy iş­le­ri­ni il-gü­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça asyr­la­ra ýaň sal­jak iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Konolliniň sözeni

Garagum sährasy özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Onda diňe bir ösümlikler däl, eýsem, agaçlar, gyrymsy agaçlar we ýarym gyrymsylar hem giňden ýaýrandyr. Garagumda ýaýran gymmatly ösümlikleriň biri bolan Konolliniň sözeni kösükliler maşgalasyna degişli bolup, ol ýaşaýyş formasy boýunça agaçlara we gyrymsy agaçlara degişlidir. Ol 0,5 metrden 8 metre çenli ösmäge ukyplydyr. Onuň uzalan görnüşli çalymtyl ýaşyl reňkli ýapraklary bolup, olaryň daşy ownujak kümüşsöw reňkli tüýjagazlar bilen örtülendir. Şol sebäpli hem ýapraklaryň daşky görnüşi ýüpegi ýada salýar. Ýapragynyň ujy ösüntgi bilen tamamlanýar. Konolliniň sözeniniň ýaprak sapajyklarynda ownuk tikenleri bardyr. Köküniň berkligi oňa sütünini dik saklamaga ýardam berýär. Kök ulgamy ösümligiň ösüp çykan ýerinden gapdallygyna 0,5 metre, aşaklygyna 30 metre çenli uzamaga ukyplydyr. Konolliniň sözeni aprel-maý aýlarynda gülleýär. Gülleri ownujak, garamtyl-melewşe reňkli bolup, hoşasy birleşendir we çotgajyga meňzeş keşbi emele getirýär. Agajyň kösükleri gysga, ýagny 2 santimetr töweregi ölçegdedir we iýun-iýul aýlarynda bişip ýetişýär.