Konolliniň sözeni

27 Ýanwar 2024
434

Garagum sährasy özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Onda diňe bir ösümlikler däl, eýsem, agaçlar, gyrymsy agaçlar we ýarym gyrymsylar hem giňden ýaýrandyr.

Garagumda ýaýran gymmatly ösümlikleriň biri bolan Konolliniň sözeni kösükliler maşgalasyna degişli bolup, ol ýaşaýyş formasy boýunça agaçlara we gyrymsy agaçlara degişlidir. Ol 0,5 metrden 8 metre çenli ösmäge ukyplydyr. Onuň uzalan görnüşli çalymtyl ýaşyl reňkli ýapraklary bolup, olaryň daşy ownujak kümüşsöw reňkli tüýjagazlar bilen örtülendir. Şol sebäpli hem ýapraklaryň daşky görnüşi ýüpegi ýada salýar. Ýapragynyň ujy ösüntgi bilen tamamlanýar. Konolliniň sözeniniň ýaprak sapajyklarynda ownuk tikenleri bardyr. Köküniň berkligi oňa sütünini dik saklamaga ýardam berýär. Kök ulgamy ösümligiň ösüp çykan ýerinden gapdallygyna 0,5 metre, aşaklygyna 30 metre çenli uzamaga ukyplydyr. Konolliniň sözeni aprel-maý aýlarynda gülleýär. Gülleri ownujak, garamtyl-melewşe reňkli bolup, hoşasy birleşendir we çotgajyga meňzeş keşbi emele getirýär. Agajyň kösükleri gysga, ýagny 2 santimetr töweregi ölçegdedir we iýun-iýul aýlarynda bişip ýetişýär.

Aziza FURKATŽANOWA,
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar