Köýtendag - täsin mekan

2 Fewral 2024
314

(Dowamy. Öňi elektron gazetimiziň 13.01.2024 sanynda)

Köýtendag döwlet goraghanasy - Köýtendag döwlet goraghanasy 1986-njy ýylyň iýul aýynda döredilýär. Bu goraghana Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň iň gündogar künjünde ýerleşmek bilen 27 müň 139 gektar meýdany öz içine alýar. Onuň düzümine aýratyn çäkli goraghanalaryň 3-isi girýär. Olar Garlyk, Hojaýpil, Hojaburjy goraghanalarydyr. Goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady Köýtendagyň, Magdanly daglygynyň we olaryň daş-töweregindäki ýerleriň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakdan, tebigaty goramagyň ekologiki ulgamlaryny dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Şeýle hem onuň döredilmegi Tebigaty Goramagyň Halkara Birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen juda seýrek duşýan burma şahly dag tekesini goramak bilen baglydyr.

Jangeldi IŞANKULYÝEW
žurnalist
Beýleki habarlar